logotype

Türkmenistanyň maliýe we

ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

maliýe gözegçiligi gullugy

header background image

Habarlar

Ählisi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler

Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda amal edilýän sogap işleriň üstüni ýetirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyz mukaddes Oraza aýynyň keramatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, dili senaly eneleriň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz bilelikde agzaçar sadakasyny berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna agzaçar sadakasynyň berilýän ýerine geldiler. Bu agzaçar sadakasynyň berilmegi keramatly aýyň sogabyny artdyryp, keremli günleriň ýagşy dessurlara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halky Oraza aýyna aýratyn hormat-sarpa bilen garap, gadymy döwürlerden bäri ony mukaddes saýyp gelýär. Asylly işler hem-de ynsanperwer ýörelgeler amal edilýän mukaddes aýyň her bir güni sogap işlere beslenýär. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara laýyklykda, şäherlerde we obalarda agzaçar sadakalary berilýär. Onda milli tagamlar taýýarlanyp, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada doga-dileg edilýär.

Paýhasly pederlerimiz taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk baý medeni mirasy, milli gymmatlyklary, ajaýyp däp-dessurlary kemala getirdiler. Oraza aýyna we haýyr-sahawatyň mübärek gijesi hökmünde ykrar edilen Gadyr gijesine aýratyn hormat goýulýar. Ol gün kerem-keramatyň gijesi hasaplanypdyr. Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beren agzaçar sadakasy asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi.

Mukaddes Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde, aýratyn-da, mübärek Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda durmuşa geçirilýän asylly işler halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem sogap işler amal edilýär. Oraza aýynda agzaçar sadakalarynyň berilmegi asylly däpdir.

Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini, raýatlarymyzyň mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, doga-dilegleri edýändiklerini nygtady we şu gün hem halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerilip, Remezan aýynda agzaçar sadakasyna jemlenilendigini belledi. “Bilşiňiz ýaly, ertir — mukaddes Gadyr gijesi. Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Mukaddes Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermek hem asylly, sogap işleriň biridir” diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy hem-de mübärek Oraza aýynda tutulýan orazalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Ol hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Munuň özi gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrýan milli däp-dessurlaryň häzirki döwürde dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny pugtalandyrmak, ahlak kämilligine ymtylmak, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däplerini häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Pederlerimiz Oraza aýyny aýlaryň ýagşysy, Gadyr gijesini bolsa gijeleriň serweri hasaplapdyrlar. Ony agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşy alypdyrlar. Häzirki döwürde bu ýörelgeleriň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryň esasynda sazlaşykly ösdürilmeginde aýratyn orna eýedir.

Häzirki wagtda jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň berkidilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Agzaçar sadakasynda dürli tagamlardan dadylandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýtdy we halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegleriň, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasy pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine nesilleriň mizemez arabaglanyşygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Çeşme

3/14/2026
24
...

Gulluk tarapyndan okuw maslahaty geçirildi

12/19/2025
7
...

ÝHHG-sy tarapyndan gurnalan okuw maslahaty geçirildi

12/15/2025
7
...

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde okuw maslahaty geçirildi

12/9/2025
3

Resminamalar

Ählisi

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalary

Ählisi

Töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça hasabatlar

Ählisi

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň 2018-2019-njy ýyllar we 2020-nji ýylyň 6 aýy aralygyndaky döwri üçin Töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça köpçülikleýin hasabaty

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň 2015-2017-nji ýyllar aralygyndaky döwri üçin Töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça köpçülikleýin hasabaty


Ýewraziýa toparyň ýyllyk hasabatlary

Ählisi

Ýewraziýa toparyň ýyllyk hasabaty 2024-2025

Ýewraziýa toparyň ýyllyk hasabaty 2023-2024

Ýewraziýa toparyň ýyllyk hasabaty 2022

Ýewraziýa toparyň ýyllyk hasabaty 2021

Ýewraziýa toparyň ýyllyk hasabaty 2020

Ýewraziýa toparyň ýyllyk hasabaty 2019


Guramalar

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatynda çärelere baha bermek boýunça Bilermenler Komiteti

Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara okuw-usulyýet Merkezi

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi

Maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont topary

Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan FATF topary

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa topary

JEMI: 1685847

Your browser does not support the canvas element.

ÝURTLAR BOÝUNÇA