Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ulgamynyň netijeli işlemeginiň esasy şertleriniň biri, bu ugurda öz işini amala aşyrýan döwlet edaralarynyň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak bolup durýar.
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ugrunda işleriniň hilini has ýokarlandyrmak üçin, Gulluk öz işinde bu ugurda hereket edýän beýleki döwlet edaralary bilen özara hyzmatdaşlyk barada pudagara ylalaşyklary baglaşýar.
Gulluk, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ugry boýunça hereket edýän döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar we bu ulgamda ýurduň içinde we halkara derejesinde ylalaşylan çözgütleri kabul etmek boýunça gurallaryň işläp düzülmegine uly üns berilýär.
Bu maksatlar bilen, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryş pudagara iş topary döredilen we onuň düzümine ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri girýär.
Utgaşdyryş pudagara iş toparynyň mejlislerinde bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça milli ulgamyny, kanunçylyk kadalaşdyrylyş binýadyny, şeýle hem milli konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň toplumyny kämilleşdirmek babatynda meselelere seredilýär.