logotype

Türkmenistanyň maliýe we

ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

maliýe gözegçiligi gullugy

header background image

Halkara hyzmatdaşlar

Halkara hyzmatdaşlar

Türkmenistan Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýär.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda Türkmenistan halkara terrorçylygy hakyndaky Ähliumumy Konwensiýanyň taslamasy babatdaky işleri has-da  güýçlendirmegi we BMG-nyň çägindäki hyzmatdaşlygyň täze ölçeglerini döretmegi, şol sanda, dünýäniň dürli sebitlerinde BMG-nyň terrorçylyga garşy maglumatlary utgaşdyryş merkezini  döretmegiň mümkinçililigine seretmegi teklip etdi.

Türkmenistan 2011-nji ýylyň noýabrynda Hytaýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaýyň Milli bankynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň ulgamynda hyzmatdaşlyk  we maglumatlary alyşmak hakynda ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň MGG-nyň bilermenleri FATF-yň we ÝAT-nyň dürli işçi toparlaryna  işjeň gatnaşýarlar.

Şulardan ugur alyp, Türkmenistan BMG-nyň, GDA-nyň, FATF-yň we ÝAT-nyň gurluşlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamynda ileri tutulýan ugur hasaplaýar.  Şeýle hem, bu maksatlar üçin FATF-yň maslahatlaryna laýyklykda, Şweýsariýa Konfederasiýasy, ABŞ we GDA ýurtlary ýaly strategiki hyzmatdaş ýurtlaryň maliýe aňtawçylyk gulluklarynyň bölümleriniň toplan tejribesini ulanmagy ileri tutulýan iş hasaplaýarys.  Olar bilen degişlilikde,  tehniki kömek taslamasynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk saklanýar we ýola goýulýar. MGG halkara hyzmatdaşlygyndaky alyp barýan işi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlarynda we MGG hakyndaky Düzgünnamada bellenendir.

Halkara hyzmatdaşlar

  • Latwiýa Respublikasy
    01/02/2024 Gol çekilen ýeri: Sent-Julians
  • Azerbaýjan Respublikasy
    31/01/2024 Gol çekilen ýeri: Sent-Julians
  • Malta Respublikasy
    05/07/2023 Gol çekilen ýeri: Abu Dabi
  • Russiýa Federasiýasy
    09/06/2022 Gol çekilen ýeri: Moskwa
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7