Maliýe gözegçiligi gullugynyň işiniň maksady - jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine hem-de şular bilen bagly jenaýatçylyga garşy hereket etmegiň syýasatyny işläp düzýär we durmuşa geçirýär.
Gullugyň wezipeleri:
1) Döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
2) Döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak;
3) Bir bitewi maglumatlar ulgamyny döretmek we maglumatlar binýadyny alyp barmak;
4) Daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen bilelikde hereket etmegi we maglumatlary alyşmagy amala aşyrmak;
5) Halkara guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek bolup durýar.
Gullugyň üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:
1) «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna (mundan beýläk - Kanun) laýyklykda, pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen bagly hökmany gözegçilige degişli amallar barada maglumatlary toplamagy we gaýtadan işlemegi amala aşyrýar;
2) alnan maglumatlary bellenilen tertipde seljermegi amala aşyrýar;
3) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
4) amallar ýa-da geleşikler barada maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli döwlet edaralarynyň resmi sowallary boýunça berýär;
5) pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly diýip çak etmäge esas bar bolanda maglumatlary Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we zerur bolanda Türkmenistanyň gaýry degişli döwlet edaralaryna geçirýär;
6) ýöriteleşdirilen kanallar arkaly daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen maglumat alşygyny alyp barýar;
7) halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaiy işlenip taýýarlananda we amala aşyrylanda gatnaşýar;
8) maglumatlar binýadyny döretmegi we alyp barmagy guraýar, şeýle hem maglumatlar ulgamynyň usulyýet taýdan bir bitewiligini we ylalaşykly hereket etmegini üpjün edýär;
9) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny duýdurmak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar we geçirýär;
10) döwlet edaralaryndan, fiziki we ýuridik şahslardan alynýan maglumatlaryň esasynda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulanylmagynyň tejribesini umumylaşdyrýar, şeýle hem ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar we hödürleýär;
11) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna,
terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygryndaky we olar bilen bagly gaýry jenaýatlara garşy hereket etmekde halkara tejribesini öwrenýär;
12) işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirýär;
13) halkara guramalary we gaýry halkara düzümleri bilen özara arkalaşykly hereket etmek boýunça işi guraýar we gatnaşýar;
14) Kanunyň maksatlaryny amala aşyrmak üçin offşor zolaklaryň sanawyny kesgitlemek işine gatnaşýar;
15) maglumatlar binýadynyň, maglumatlaryň, şeýle hem olar bilen işleýän adamlaryň gizlinligi babatda howpsuzlyk çärelerini işläp taýýarlaýar we omaşdyrýar;
16) gizlinlik häsiýeti bolan maglumatlar binýady we resminamalar bilen işlemegiň içerki ülňülerini girizýär;
17) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry işleri amala aşyrýar.