FATF toparynyň maslahatlary, her bir ýurtda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň netijeli ulgamyny döretmek boýunça ähli mümkinçilikleri öz içine alýar we jemleýji guramaçylyk-hukuk çärelerinden ybaratdyr hem-de onuň toplumlylygy we köp taraplylygy şu aşakdaky ýagdaýlarda subut bolýar:
· jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegi guramak bilen bagly meseleleri milli we halkara derejesinde iň ýokary möçberde öz içine almak;
· jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň meselelerine bagyşlanan halkara konwensiýalary, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalary, ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň ykrarnamalary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak;
· milli aýratynlygy we hukuk ulgamynyň aýratynlygyny göz öňünde tutup FATF toparynyň maslahatlaryny durmuşa geçirmekde ýurtlara käbir özboluşlylyga mümkinçilikleri açmak;
FATF toparynyň resminamalary başga halkara ykrarnamalaryň degişli kada-kanunlaryny gaýtalamaýar we olaryň ýerini çalyşmaýar. Zerur halatlarda, olaryň üstüni ýetirip, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatynda ölçegleriň we düzgünleriň häsiýetlendirilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, olary guramaçylyk ýörelgeleriň we hukuk kadalaryň bitewi ulgamyna jemleýär.