Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

02.08.2019 Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tassyklan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bu pudaga möhüm ähmiýet berilýär.

31.07.2019 Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýy artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlanýar.&nb

27.06.2019 Türkmenistan dünýäniň intellektual ykdysady kartasynda

Türkmenistan dünýäniň intellektual ykdysady kartasynda

 

26.06.2019 Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi barada hasabat

Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi barada hasabat

25.06.2019 Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

 
 

22.06.2019 Däne oragy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany artýar

Däne oragy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany artýar

 
 

TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

2021-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiňedarabinasynda, "Döwlet dolandyryşyň degişli usulyýetiniň esaslaryny berkitmek" atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe we ykdysadyMaliýe gözegçiligi gullugy tarapyndan 2018-2019-njy ýyllar we 2020-nji ýylyň 6 aýy aralygyndaky döwri üçin Töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça tassyklanan hasabaty we hasabatda beýan edilen töwekgelçilikleri aradan aýyrmak ýa-da peseltmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.

 

2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamyarkaly Maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşigi bolan Egmont toparynyň «Ýewraziýa»boýunça sebitleýin toparynyň ýygnagy geçirildi. Ýygnaga gatnaşyjylar Egmont toparynyň agzalarynyň özara maliýe maglumatlaryny alyşanlarynda iberýän ýüz tutmalary belli bir görnüşde (formada) doldurar ýaly XML görnüşe geçmek boýunça toparyň sekretariaty tarapyndan alnyp barylýan işler barada, sebitleýin toparynyň başlygynyň saýlawlarynyň geçirilişiniň tertibi barada, şeýle hem Egmont toparyna agzalygyň talaplarynyň laýyklygyny barlamagyň tertibini we olaryň ýerine ýetirilişini, hem-de talaplaryň ýerine ýetirilmedik halatynda görülýän çäreler barada özara maslahatlaşma geçirdiler.Bu ýygnaga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 28-29-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamyarkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş baradaky Ýewraziýa topary tarapyndan Halkara komplaýens geňeşiniň ýygnagy geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Ýewraziýa sebitinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiliklerine baha bermegiň çäklerinde, Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň maliýe guramalarynyň we hususy böleginiň wekilleri tarapyndan doldurylyp taslama toparyna iberilen soragnamada beýan edilen maglumatlary, hem-de taslamanyň çäklerinde geljekde ýerine ýetirilmeli işleri we bu çäräni netijeli tamamlamakda hususy bölegiň tutýan orny barada maslahatlaşdylar. Halkara komplaýens geňeşiniň ýygnagyna degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda wideo aragatnaşygy arkaly Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan hem-de global çözgütleri talap edýän adam söwdasy bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu okuw maslahatyna degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamyarkaly FATF toparynyň guramagynda Wirtual aktiwler bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat forumy geçirildi.Maslahat forumynyň dowamynda, maslahata gatnaşyjylar FATF toparyna agza döwletleriň bu toparyň 15-nji maslahatynyň ýerine ýetirilişini, wirtual aktiwler we wirtual aktiwleri üpjün edijiler bilen baglanşykly bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiliklerini, şol sanda geçen ýylyň dowamynda bu babatda dünýäde bolan üýtgeşmeleri, ýakyn ýyllarda töwekgelçilikleriň nähili derejede ösüp biljekdigi, ýüze çykýan kynçylyklary boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşdylar.Bu maslahat forumyna degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylygynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzmeklik boýunça toparyň (FATF) ýörite Umumy mejlisi geçirildi. Ýygnakda FATF topary tarapyndan taýýarlanylan taslamada özara baha bermek hasabatlarynyň hilini we netijeliligini gorap saklamak üçin teklip edilýän çäreler, bu toparyň Umumy mejlisinde taslama boýunça ýerine ýetirilen işler barada maslahatlaşyldy. Umumy mejlise degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 8-9-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Tehniki ýardam bermek boýunça işçi toparynyň ýygnagygeçirildi. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin EAG býudjetiniň parametrlerini gözden geçirdiler we ara alyp maslahatlaşdylar. EAG-nyň 2022-nji ýyl üçin býudjeti, 2019-2023-nji ýyllar üçin EAG strategiýasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Bu ýygnaga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasyndaMigrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda wideo aragatnaşygy arkaly “Täjigistanda we Russiýa Federasiýasynda halkara pul geçirmeleriň öňdebaryjy tejribesi” boýunça maslahaty geçirildi. Bu seminar, pandemiýanyň migrantlara ýetirýän täsiri, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň halkara pul geçirimleri ulgamyny dolandyrmagyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegi ara alnyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Bu maslahata degişli ministrlikleriň, edaralaryň we hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde Ýewropa Birleşiginiň (Brýussel şäheri) guramagynda wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýada kanunyň hökmürowanlygy» atly Maksatnamanyň çäklerinde Merkezi Aziýada ykdysady jenaýatçylyklary bilen göreşmek boýunça taslamanyň maslahatlaşma duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Merkezi Aziýada kanunyň hökmürowanlygy» atly Maksatnamanyň çäklerinde Merkezi Aziýada ykdysady jenaýatçylyklary bilen göreşmek boýunça taslamanyň prezentasiýasyna seredildi. Bu duşuşyga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 5-16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara      okuw-usulyýet Merkeziniň (MUMSFM) guramagynda «Terrorçylyk we ekstremizm hereketleriniň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda maliýe däl kärler we kärhanalaryň ygtyýarlylandyrmak işiniň alnyp barylyşynyň tertibi, gözegçiligiň amala aşyrylyşy we hereket edýän barlag ulgamynyň düzgün bozulmalary ýüze çykarmakda netijeliligi barada, terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly jenaýatlaryň we bikanun ýaragly toparlary maliýeleşdirmegiň kwalifikasiýasy barada hem-de maksatlaýyn maliýe çärelerini (sanksiýalaryny) ýerine ýetirmegiň, şahslary terroristleriň sanawyna goşmagyň, terroristleriň we ekstremistleriň sanawyny düzmegiň we terrorçylyk emläklerini doňdurmagyň tertibi barada gürrüň berildi. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 5-7-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara        okuw-usulyýet merkeziniň (MUMSFM) bilermenleriniň gatnaşmagynda «Parallel maliýe derňewleri we emlägi yzarlamagy guramak: halkara tejribe we iň oňat mysallar» atly okuw maslahaty geçirildi. Duşuşykda parallel maliýe gözleglerini guramagyň amaly aýratynlyklary, halkara tejribesi we öňde baryjy tejribä esaslanýan emlägi yzarlamak, strategiki derňewiň esasy usullaryny we gurallaryny öwrenmek we operatiw seljerme arkaly jenaýatlaryň shemalaryny anyklamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu okuw maslahatyna degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk we kazyýet edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bildiriş TM

 

 
Copyright 2010-2021 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy