Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

09.04.2022 Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň ba

03.02.2022 Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasyna ugrady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaýyň paýtagty Pekin şäherine ugrady.


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

 

Maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara Olimpiadasynyň 2-nji jemleýji tapgyry türkmen talyplary üçin iki baýrakly orunlar bilen tamamlandy.

 

2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan “Egmont” topary tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan “Egmont” toparynyň 28-nji umumy mejlisinde serediljek esasy soraglary ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin toparynyň mejlisi geçirildi. Geçirilen mejlisine degişli ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 23-24-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Korrupsiýanyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde öňdebaryjy tejribeleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna degişli ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara okuw-usulyýet Merkezi (MUMSFM) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Täjirçilik däl guramalar pudagynda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly töwekgelçiliklere baha bermek» atly okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onuň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň,  Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ygtyýarly edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara okuw-usulyýet Merkezi (MUMSFM) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda elektron hyzmatynyň ösüşi» atly okuw maslahaty we tegelek stoly geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna we tegelek stolyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onuň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň  hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara okuw-usulyýet Merkezi (MUMSFM) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Gözegçilik edaralary we mobil aragatnaşyk operatorlary tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça talaplarynyň berjaý edilişi. Mobil aragatnaşyk operatorlary ulgamynda içerki gözegçilik ulgamyny emele getirmek we bu derejedäki guramalary dolandyrmak» atly okuw maslahaty we tegelek stoly geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna we tegelek stolyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Bildiriş TM

2023-nji ýyly

"Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly"

 
Copyright 2010-2023 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy