Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

21.04.2019 Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

 

21.04.2019 Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti jenap Maýtripala Sirisene bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarl

20.04.2019 Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.

 

07.04.2019 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli köpsanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy.

 

05.05.2019 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

04.04.2019 Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

04.04.2019 Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarl

03.04.2019 Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi, onda saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen sa&ya


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan “Egmont” topary tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan “Egmont” toparynyň 28-nji umumy mejlisinde serediljek esasy soraglary ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin toparynyň mejlisi geçirildi. Geçirilen mejlisine degişli ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 23-24-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Korrupsiýanyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde öňdebaryjy tejribeleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna degişli ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara okuw-usulyýet Merkezi (MUMSFM) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Täjirçilik däl guramalar pudagynda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly töwekgelçiliklere baha bermek» atly okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onuň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň,  Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ygtyýarly edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara okuw-usulyýet Merkezi (MUMSFM) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda elektron hyzmatynyň ösüşi» atly okuw maslahaty we tegelek stoly geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna we tegelek stolyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onuň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň  hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

 

2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara okuw-usulyýet Merkezi (MUMSFM) tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly «Gözegçilik edaralary we mobil aragatnaşyk operatorlary tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça talaplarynyň berjaý edilişi. Mobil aragatnaşyk operatorlary ulgamynda içerki gözegçilik ulgamyny emele getirmek we bu derejedäki guramalary dolandyrmak» atly okuw maslahaty we tegelek stoly geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna we tegelek stolyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Bildiriş TM

2022-nji ýyly "Halkyň Arkadagly zamanasy"

 
Copyright 2010-2022 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy