Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

27.07.2018 Demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatlar kämilleşdirilýär

Demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatna

09.12.2017 TDHÇB-nyň söwdalarynda nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenilen önümleri uly orun tutdy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 158-si hasaba alyndy.

 

08.12.2017 Senagat pudagy 11 aýyň jemleri boýunça ýokary önümçilik ösüşini görkezýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýewyň habar bermegine görä senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberleri, öndürilen önümler hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça meýilnamanyň 107,8 göterime b

08.12.2017 Jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy

2017-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda-10,9 göterim, söwdada-9,6 göterim, oba hojalygynda-5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda-8,9 göterim ýokarlandy.

08.12.2017 Annaniýaz Jepbarowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” ady berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary nazara alnyp, Ahal welkatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň baş hünärmeni Annaniýaz Jepbarowiç Jepbarowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakyldy.

06.12.2017 Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň konserti bilen döredijilik forumy tamamlandy

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.

06.12.2017 Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi.


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

2021-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiňedarabinasynda, "Döwlet dolandyryşyň degişli usulyýetiniň esaslaryny berkitmek" atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe we ykdysadyMaliýe gözegçiligi gullugy tarapyndan 2018-2019-njy ýyllar we 2020-nji ýylyň 6 aýy aralygyndaky döwri üçin Töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça tassyklanan hasabaty we hasabatda beýan edilen töwekgelçilikleri aradan aýyrmak ýa-da peseltmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.

 

2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamyarkaly Maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşigi bolan Egmont toparynyň «Ýewraziýa»boýunça sebitleýin toparynyň ýygnagy geçirildi. Ýygnaga gatnaşyjylar Egmont toparynyň agzalarynyň özara maliýe maglumatlaryny alyşanlarynda iberýän ýüz tutmalary belli bir görnüşde (formada) doldurar ýaly XML görnüşe geçmek boýunça toparyň sekretariaty tarapyndan alnyp barylýan işler barada, sebitleýin toparynyň başlygynyň saýlawlarynyň geçirilişiniň tertibi barada, şeýle hem Egmont toparyna agzalygyň talaplarynyň laýyklygyny barlamagyň tertibini we olaryň ýerine ýetirilişini, hem-de talaplaryň ýerine ýetirilmedik halatynda görülýän çäreler barada özara maslahatlaşma geçirdiler.Bu ýygnaga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 28-29-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamyarkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş baradaky Ýewraziýa topary tarapyndan Halkara komplaýens geňeşiniň ýygnagy geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Ýewraziýa sebitinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiliklerine baha bermegiň çäklerinde, Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň maliýe guramalarynyň we hususy böleginiň wekilleri tarapyndan doldurylyp taslama toparyna iberilen soragnamada beýan edilen maglumatlary, hem-de taslamanyň çäklerinde geljekde ýerine ýetirilmeli işleri we bu çäräni netijeli tamamlamakda hususy bölegiň tutýan orny barada maslahatlaşdylar. Halkara komplaýens geňeşiniň ýygnagyna degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda wideo aragatnaşygy arkaly Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan hem-de global çözgütleri talap edýän adam söwdasy bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu okuw maslahatyna degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamyarkaly FATF toparynyň guramagynda Wirtual aktiwler bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat forumy geçirildi.Maslahat forumynyň dowamynda, maslahata gatnaşyjylar FATF toparyna agza döwletleriň bu toparyň 15-nji maslahatynyň ýerine ýetirilişini, wirtual aktiwler we wirtual aktiwleri üpjün edijiler bilen baglanşykly bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiliklerini, şol sanda geçen ýylyň dowamynda bu babatda dünýäde bolan üýtgeşmeleri, ýakyn ýyllarda töwekgelçilikleriň nähili derejede ösüp biljekdigi, ýüze çykýan kynçylyklary boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşdylar.Bu maslahat forumyna degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylygynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzmeklik boýunça toparyň (FATF) ýörite Umumy mejlisi geçirildi. Ýygnakda FATF topary tarapyndan taýýarlanylan taslamada özara baha bermek hasabatlarynyň hilini we netijeliligini gorap saklamak üçin teklip edilýän çäreler, bu toparyň Umumy mejlisinde taslama boýunça ýerine ýetirilen işler barada maslahatlaşyldy. Umumy mejlise degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 8-9-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Tehniki ýardam bermek boýunça işçi toparynyň ýygnagygeçirildi. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin EAG býudjetiniň parametrlerini gözden geçirdiler we ara alyp maslahatlaşdylar. EAG-nyň 2022-nji ýyl üçin býudjeti, 2019-2023-nji ýyllar üçin EAG strategiýasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Bu ýygnaga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasyndaMigrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda wideo aragatnaşygy arkaly “Täjigistanda we Russiýa Federasiýasynda halkara pul geçirmeleriň öňdebaryjy tejribesi” boýunça maslahaty geçirildi. Bu seminar, pandemiýanyň migrantlara ýetirýän täsiri, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň halkara pul geçirimleri ulgamyny dolandyrmagyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegi ara alnyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Bu maslahata degişli ministrlikleriň, edaralaryň we hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde Ýewropa Birleşiginiň (Brýussel şäheri) guramagynda wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýada kanunyň hökmürowanlygy» atly Maksatnamanyň çäklerinde Merkezi Aziýada ykdysady jenaýatçylyklary bilen göreşmek boýunça taslamanyň maslahatlaşma duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Merkezi Aziýada kanunyň hökmürowanlygy» atly Maksatnamanyň çäklerinde Merkezi Aziýada ykdysady jenaýatçylyklary bilen göreşmek boýunça taslamanyň prezentasiýasyna seredildi. Bu duşuşyga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 5-16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara      okuw-usulyýet Merkeziniň (MUMSFM) guramagynda «Terrorçylyk we ekstremizm hereketleriniň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda maliýe däl kärler we kärhanalaryň ygtyýarlylandyrmak işiniň alnyp barylyşynyň tertibi, gözegçiligiň amala aşyrylyşy we hereket edýän barlag ulgamynyň düzgün bozulmalary ýüze çykarmakda netijeliligi barada, terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly jenaýatlaryň we bikanun ýaragly toparlary maliýeleşdirmegiň kwalifikasiýasy barada hem-de maksatlaýyn maliýe çärelerini (sanksiýalaryny) ýerine ýetirmegiň, şahslary terroristleriň sanawyna goşmagyň, terroristleriň we ekstremistleriň sanawyny düzmegiň we terrorçylyk emläklerini doňdurmagyň tertibi barada gürrüň berildi. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar.

 

2021-nji ýylyň 5-7-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda wideo aragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugynyň Halkara        okuw-usulyýet merkeziniň (MUMSFM) bilermenleriniň gatnaşmagynda «Parallel maliýe derňewleri we emlägi yzarlamagy guramak: halkara tejribe we iň oňat mysallar» atly okuw maslahaty geçirildi. Duşuşykda parallel maliýe gözleglerini guramagyň amaly aýratynlyklary, halkara tejribesi we öňde baryjy tejribä esaslanýan emlägi yzarlamak, strategiki derňewiň esasy usullaryny we gurallaryny öwrenmek we operatiw seljerme arkaly jenaýatlaryň shemalaryny anyklamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu okuw maslahatyna degişli ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk we kazyýet edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bildiriş TM

 

 
Copyright 2010-2021 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy