22.08.2022 Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde Gyrgyz Respublikasynyň köp sanly raýatynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

 

Esasy