29.07.2022 Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Nguen Suan Fuka hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nguen Suan Fuka tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65154/turkmenistanyn-prezidenti-wyetnam-sosialistik-respublikasynyn-prezidentini-gutlady

Esasy