|
|||||
![]() |
21.07.2022 Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar. Şeýle hem ýokary derejeli duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar. Nobatdaky Konsultatiw duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebitiň ýurtlarynyň özara gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşylar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça ileri tutulýan birnäçe ugurlara degişli sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64967 |
||||