20.07.2022 Türkmenistanda Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli portalyň işe girizmeginiň meseleleri ara alyp maslahatlaşylýar

Discussing the implementation of the Trade Facilitation Portal in Turkmenistan

 

2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Halkara Söwda Merkeziniň (ITC) Ženewadaky maksatnama hünärmeni, jenap Timoti Bruntonyň we bu maksatnamanyň Täjigistandaky tehniki geňeşçi jenap Abuali Turabekowyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça Milli Portal boýunça okuw maslahatyny geçirdiler. Paýtagtymyzyň Ýyldyz myhmanhanasynda geçirilen bu çärä, serhetüsti söwda gatnaşýan ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri hem gatnaşdy.

Çäräni maksady, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça Milli Portalyň maksatlaryna we wezipelerine has gowy düşünmäge gönükdirilen. Okuw maslahatynyň dowamynda Portaly işe girizmek we taslamanyň soňraky ulanylyşy, ony durmuşa geçirmek üçin zerur amallar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistana saparynyň dowamynda Halkara Söwda Merkeziniň bilermenleri Milli Portaly işläp taýýarlamaga gatnaşýan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda döredilen işçi toparyň agzalary bilen hem duşuşdylar. Duşuşyk 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda geçirildi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64929

Esasy