21.01.2022 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýlan maksatnamalaýyn wezipeleri amala aşyrmak hem-de milli kanunçylygy döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap getirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme berildi. Mejlisiň deputatlary ýerlerdäki duşuşyklarda wagyz işlerini geçirýärler.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakynda” Karara laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumymilli forumy guramak boýunça işler dowam etdirilýär.

Hukuk esaslary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri pugtalandyrmak hem-de ösdürmek üçin hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly täze kanun taslamalary taýýarlanylýar.

Halk Maslahatynyň agzalary Watanymyzyň gazanan uly üstünlikleriniň, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýetini düşündirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Geňeşiň alyp barýan kanunçylyk işiniň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy ykrar edilen halkara hukuk resminamalary içgin seljermegiň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, olary milli kanunçylyk tejribesinde nazara almagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, Türkmenistanyň demokratik, hukuk döwleti hökmünde ösüş ýolunda toplan taryhy tejribesi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmaga ýardam berýän hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu möhüm çäräni hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň ähli meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek hem-de 2021-nji ýylyň jemlerini jemlemek bilen bagly işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy geljekki 30 ýylyň dowamynda ösdürmek maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde görkezijileri hem-de çaklanylýan maglumatlary taýýarlamak boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar.

Wise-premýer pudaklaryň 2021-nji ýyl üçin önümçilik görkezijileriniň ýerine ýetirilişine hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna seljerme bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, “Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” işlenip düzüldi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmak bilen baglanyşykly çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany geljek 30 ýyllyk döwürde ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Resminamada Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy täze taryhy eýýamda syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni ugurlarda ösdürmegi üpjün etmäge gönükdirilen ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işi degişli düzümler bilen utgaşykly alyp barmak, şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer şu ýylda Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine nebit önümlerini paýlamagyň möçberlerine gaýtadan seredilendigini habar berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetde ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän uly ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberini, ýurdumyzyň içerki we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän köpdürli nebithimiýa önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Milli Liderimiz pudaga häzirki zamanyň serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmaga, energetika pudagynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň düzgünleriniň degişli derejede berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň alnyp barlyşy hem-de sebitlerde möwsümleýin meýdan işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda gök maýsalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleri üçin bölünip berlen meýdanlarda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri amala aşyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý hem-de gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi, önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan önümler üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi barada hasabat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüdiň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny hem-de suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň azyk üpjünçiligini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, ilatyň özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ekerançylar üçin jogapkärli ýazky ekiş möwsümine ýokary derejede hem-de toplumlaýyn taýýarlyk görmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen kuwwatly, döwrebap zawodlar gurulýar, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň, “Marykarbamid” zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler geçirildi. Zawodlaryň ygtybarly işledilmegi we önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde ulanylmagy 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak boýunça pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň geljekde hem önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin zerur bolan enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatlyklaryna çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek, dokma pudagynda hem-de telekeçilik ulgamynda kesgitlenen möhüm wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçmek şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň gazanýan üstünliklerini görkezýän esasy pudaklaryň hatarynda durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, haryt bolçulygyny üpjün etmek we içerki bazary zerur bolan önümlerden doldurmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän dürli duşuşyklar, maslahatlar, bäsleşikler we sergiler, wagyz-nesihat işleri milli senenamamyzyň şanly wakalaryna hem-de senelerine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň özenini düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny hem-de döwrüň talabyny nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny netijeli ulanmak, medeniýet ulgamynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz halkymyzyň medeni-ruhy mirasyny giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek boýunça işleri ýaýbaňlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Watanymyzyň bu ulgamda gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmek, türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinde gazanýan uly üstünliklerini has-da artdyrmak, bu ugurda döredilýän mümkinçilikleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtady hem-de täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek bilen birlikde, Garaşsyz Watanymyzyň beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge hem gönüden-göni ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna durmuş desgalaryny, hususan-da, lukmançylyk we hyzmat ediş edaralaryny bildirilýän talaplara laýyklykda hem-de arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi arkaly ýerleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmek barada tabşyryk berildi. Milli Liderimiz alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatymyzyň baş ýörelgesiniň, ilkinji nobatda, adamlar we olaryň abadançylygy babatdaky aladadan ybaratdygyny belläp, bu ugurda degişli düzümler, şol sanda häkimlikler bilen utgaşykly işleri ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň energetika diplomatiýasy bilen baglanyşyklydygy bellenildi. Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän energetika diplomatiýasy abraýly halkara guramalaryň derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Bu babatda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde öňe süren BMG-niň pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» düzmek baradaky teklipleri energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýlip garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip düzüldi.

Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar.

Bu ugurda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de onda beýan edilen teklipler hödürlenildi.

Hususan-da, munuň özi Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA), Halkara Energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik we beýleki halkara guramalar bilen geljekde hem hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek we bu işleriň çäklerinde IRENA-nyň Türkmenistanda wodorod energiýasy boýunça merkezini açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklibi bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly işleri durmuşa geçirmek, hususan-da, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de bu işe halkara bilermenleri çekmek teklip edilýär.

Ýurdumyzda wodorod energetika pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu babatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek teklip edilýär. Bu merkeziň esasy maksatlarynyň biri wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamakdan ybarat bolar.

Energiýa serişdeleriniň bu görnüşini öndürmek, saklamak we ony daşamak üçin degişli düzümleriň döredilmegi hem-de oňa uly möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi bilen bagly işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.

Mundan başga-da, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak babatda Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň degişli edaralary bilen geňeşmeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Alternatiw energetika bu ugurda milli strategiýany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Ýurdumyzda onuň çeşmelerinden netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegiň ýangyjy hökmünde wodorod şol çeşmeleriň biri bolup durýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda wodorody öndürmek we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek aýratyn möhümdir.

Bu ulgamda ýurdumyz işjeň orny eýeleýär. Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Wodorod energiýasy barada aýdylanda bolsa, ýokary ulanyş, tehnologik we ekologik häsiýetnamalary onuň artykmaçlyklarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň özi ylmy barlaglaryň barşynda tassyklanyldy. Bu energiýa serişdesini senagatda hem-de binalary ýylatmak üçin netijeli ulanmak bolar. Mundan başga-da, wodorod daşky gurşaw üçin howpsuzdyr. Ony ulanmagyň ägirt uly geljegi hut şular bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri görjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhet zolaklarynda, gümrük nokatlarynda berk gözegçiligiň üpjün edilýändigi, degişli zyýansyzlandyryş işleriniň yzygiderli geçirilýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda ähli gulluklaryň işini utgaşykly guramak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak möhümdir. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleriň geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen ulag ulgamynda özara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan netijeli başlangyçlary bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu ugurda kabul eden birnäçe Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin şertler döredilýär.

Häzirki wagtda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgelerine Gazagystan, Katar we Hindistan ýaly ýurtlaryň goşulmagy bilen, bu ugurlary işjeňleşdirmek babatda synag ýüküni ugratmak, ýükleriň geçmeginde bökdençlikleriň döremezligini üpjün etmekde bar bolan meseleleri çözmek boýunça milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtoulag we otly ýük kerwenlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi boýunça hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesi arkaly Ýewropa çykmak bilen, konteýner ýük daşalyşyny artdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Logistika wekilleriniň işini ýola goýmaga, daşarky bazarlary öwrenmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini mahabatlandyrmaga hem-de iri ulag kompaniýalaryny çekmäge aýratyn üns berilýär.

Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga, şonuň ýaly-da, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýner ýük daşalyşyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ulag kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky mümkinçiliklerini peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Agentligiň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, ýurdumyzyň söwda flotunyň ulag serişdelerini daşamak we ýolagçy gatnatmak üçin döwrebap gämiler, şol sanda “RO-PAX” görnüşli ýük daşaýjy gämiler bilen üstüniň ýetirilýändigini aýtdy. Şol gämiler Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda dolanyşygynyň akymyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dürli kysymly gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Şol gämileriň hatarynda demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany “Ro-Ro” hem-de bir gury ýük daşaýjy gämi bar.

Dünýä tejribesinde “Ro-Ro” görnüşli gämileriň, esasan, açyk, ýarym açyk we ýapyk palubaly görnüşleriniň ulanylýandygy barada habar berildi. Ýükleme-düşürme işlerini ýeňilleşdirýändigi hem-de howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi nazara alnyp, bu gämileri açyk palubaly görnüşde gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa howply ýükleriň käbir görnüşlerini gäminiň diňe açyk palubasynda daşamak barada Halkara Deňiz Guramasynyň talaplaryna kybap gelýär. Şol bir wagtda gäminiň aşaky böleginde azyk, gurluşyk, oba hojalyk we beýleki önümler ýüklenen ýükli wagonlary daşamak bolar. Gury ýük daşaýjy gämileriň häsiýetnamalary barada aýdylyp, gäminiň ýük göterijiliginiň 5 müň 100 tonna barabardygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, gämileriň şekil taslamalary hem-de olaryň häsiýetnamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine netijeli çemeleşýändigini görkezip, dürli ugurlarda, şol sanda ulag ulgamy ýaly ileri tutulýan ugurda möhüm düzümleýin taslamalary öňe sürýändigini belledi.

Soňky ýyllarda çäk taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistan sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag halkasy we logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny ynamly pugtalandyryp, özüniň ägirt uly mümkinçiligini umumadamzat bähbidine peýdalanmaga çalyşýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, şu ulgamda ýurdumyzyň kuwwatyny doly peýdalanmak maksady bilen, multimodal logistika we üstaşyr gatnawlar, sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin oňaýly şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi.

Döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny artdyrmak, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara ugratmagyň hem-de daşary ýurtlaryň önümlerini ýurdumyza gysga we amatly ýollar bilen getirmegiň mümkinçiliklerini peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýük daşalyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň bolmagynyň ägirt uly ähmiýetini göz öňünde tutup, ýükleriň ugradylýan hem-de kabul edilýän ýerlerini — deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini we awtomenzilleri mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň ulag ulgamynda möhüm halka bolup durýandygy nygtaldy.

Milli Liderimiz “Ro-Ro” görnüşli demir ýol wagonlaryny daşaýjy ýük gämileriniň meýilleşdirilen gurluşygyna ünsi çekip, munuň uzak aralyga daşamak üçin ulaglaryň örän uly isleg bildirilýän görnüşidigini belledi. Bu bolsa üstaşyr daşamalara-da uly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin binýat bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda degişli işgärleri, operatorlary, işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda mundan beýläk-de ähli tagallalary etmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary makullap hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna tabşyryklary berip, gämileriň görnüşlerini gurmagy özleşdirmek bilen, milli deňiz flotuny giňeltmegiň zerurdygyny, munuň bolsa suw ulaglary ulgamynda ýük dolanyşygynyň artmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Esasy