18.01.2022 Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy

The visit of the Government delegation of Turkmenistan to Uzbekistan

 

2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň başynda S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Özbegistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Öz gezeginde, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy.

Gepleşiklerde söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredip geçdiler. Halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki Iki ýurduň ýakyn özara hereketleri barada nygtaldy.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Daşkent şäherine amala aşyrylan saparynyň dowamynda ylalaşylan türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmeginiň ähmiýeti babatynda bellenildi. Şeýle-de, ulag we energetika pudaklarynyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy barada nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar esasynda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk hem uly depgin bilen ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem saparyň dowamynda, Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministrliginde duşuşyk geçirdi. Duşuşykda saglygy goraýyş ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokanç keselleriniň öňüni almak ugrunda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.

Daşkentde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Onuň netijeleri boýunça iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

 

Esasy