17.01.2022 TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy

На торгах ГТСБТ зарегистрировано 54 сделки

 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyňwekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümlerinde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Şeýle-de, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna demriňýüzüni posdan we ýagdan arassalamak üçin niýetlenen serişde hem-de float list aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriňbahasy ABŞ-nyň104 million 248 müňdollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumuny, el halylaryny we plastik poddonlary satyn aldylar. Geleşikleriňbahasy 26 million 707 müňmanatlykdan gowrak boldy.

 

Esasy