16.11.2021 Türkmenistan «Hazar nebit-gaz memorandumynyň» täze sanynda

Туркменистан в новом выпуске Каспийского нефтегазового меморандума

 

Hazarýaka ýurtlaryň nebit-gaz pudagyndaky möhüm ähmiýetli wakalary barada gürrüň berýän «Hazar nebit-gaz memorandumynyň» 14-njy noýabrdaky sanynda türkmen tematikasyna saldamly ýer berlipdir. 2021-nji ýylyň oktýabryna berlen synda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşygy barada habar berilýär, onda Hazaryň türkmen ýalpagyny işlemekde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Telekeçiniň döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri berip, olary durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň ummasuz mümkinçiligine we ýurtdaky oňaýly maýa goýum ýagdaýyna gyzyklnamasy bellenilýär. Öz tarapyndan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow potratçy kompaniýalara Türkmenistanyň çäginde, ilkinji nobatda, iň täze tehnologik çözgütleri ulanmalydygyny, şeýle hem ekologiýa ýagdaýynyň kadalarynyň bozulmagyna ýol bermeli däldigini ýatlatdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 19-njy oktýabrda Russiýanyň «Лукойл» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşiklerinde nebit-gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. «Лукойл» kompainýasynyň Türkmenistandaky işi, şol sanda Hazar deňziniň akwatoriýasyndaky taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berip, russiýaly telekeçi türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirdi.

Nebit-gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýerasty baýlyklary gazyp çykarýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklary güýçlendirmek, türkmen energiýa geçirijilerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlarynyň diwersifikasiýasy özara gatnaşykalryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Duşuşykda şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda gol çekilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek barada özara düşünişmek barada ähtnamanyň özara peýdaly hzymatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler açýandygy bellenildi.

«Hazar nebit-gaz memorandumy» 27-28-nji oktýabrda Türkmenistanda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2021» atly (OGT-2021) XXVI Halkara maslahatyny geçen aýyň iri wakasy hökmünde belleýär. Synda maslahata halkara kompaniýalarynyň 150-den gowragynyň, şol sanda CNPC, PETRONAS, ЛУКОЙЛ, DRAGON OIL, SOCAR, ARETI International Group, Yug-Neftegaz Private Limited ýaly energetika läheňleriniň, şeýle hem energetika guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, iri halkara maliýe edaralarynyň wekilleriniň gatnaşandygy aýdylýar.

 

Esasy