20.09.2021 Telekeçilik-maslahatçylar üçin ÝAÖB-nyň onlaýn-kursy başlandy

 

Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň telekeçilik-maslahatçylar üçin «Öz konsalting telekeçiligiňe nähili başlamaly» atly okuw kursy başlandy. «Öz konsalting telekeçiligiňi ösdür» tapgyryndan onlaýn-trening Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Oňa bazarda 1-2 ýyl bäri işläp gelýän şahsy maslahatçylaryň we konsalting kompaniýalaryň wekillerinden 20-den gowragy gatnaşdy. Dolandyryş boýunça sertifikatly maslahatçy, Menejment boýunça malsahatçylaryň Gazagystan Palatasynyň agzasy, Gazagystanyň Trenerler ligasynyň agzasy Aýžan Duýsebaýewanyň geçirjek kursunyň birinji bölümi 22-nji sentýabra çenli dowam eder. Ol konsalting telekeçilige başlamak üçin şertler we talaplar, netijeli maslahat bermegiň esasy usulýetleri, şeýle hem konsalting önümleri taýýarlamak işiniň gidişi bilen tanyşdyrar.

28-30-njy sentýabr aralygynda geçiriljek ikinji bölümine gatnaşýanlar kiçi we orta telekeçilige konsalting hyzmatlary nähili satmalydygy, täze müşderileri çekmek barada jikme-jik düşünje berer.

Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky Türkmenistanda telekeçilik-maslahatlary üçin güýçli hem-de bäsleşige ukyply bazary döretmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, ol kiçi we orta kärhanalara üstünlik gazanmak üçin zerur telekeçilik maslahatlaryny teklip edýär.

Telekeçilik maslahatlary üçin bäsleşige ukyply bazaryň döredilmegi we ösdürilmegi kärine ussat hem-de başarjaň maslahatçylary talap edýär. Her ýyl ÝAÖB Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda ýerli maslahatçylaryň başarnygyny ýokarlandyrmak, olara serişdeler, netijeli maslahatlar usulýetini bermek üçin «Öz konsalting telekeçiligiňi ösdür» treningler tapgyryndan bilim berýän kurslary geçirýär. Häzirki wagta çenli ÝAÖB Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda «Öz konsalting telekeçiligiňi ösdür» treningler tapgyryndan ýerli maslahatçylaryň 130-dan gowragyny okatdy.

 

Esasy