17.08.2021 Türkmenistan, Azerbaýjan we Täjigistan Russiýa miwe we gök önüm ibermegini artdyrdy

«2021-nji ýylda GDA ýurtlary Russiýa Federasiýasyna iberýän miwe we gök önüminiň mukdaryny artdyrdy” diýip, Finmarket «Rosselhoznadzora» we «Argus-Fito» maglumat ulgamynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berýär.

Mysal üçin, 10-njy awgusta çenli, esasan, Azerbaýjandan, Türkmenistandan we Täjigistandan iberilýän önümleriň möçberi köpelipdir. Şu döwürde Azerbaýjan 338,2 müň tonna miwe we gök ekin önümini iberipdir, bu bolsa geçen ýylyňky (323,3 müň tonna) bilen deňeşdirilende 4,6% köpdür. Türkmenistanyň iberen önümleriniň möçberi geçen ýylka garanyňda 93%, Täjigistanyňky bolsa 38% (degişlilkde 16,9 müň tonnadan 32,7 müň tonna we 4,8 müň tonnadan 6,7 müň tonna çenli) artypdyr.

Habar berlişine görä, Türkmenistan pomidor ibermegini ep-esli – 16,4 müň tonnadan 31,9 müň tonna, käşiri bolsa 40 tonnadan 302 tonna çenli artdyrypdyr.

Ondan öň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hökümete azyk harytlarynyň bahalaryny durnuklaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň gidişinde GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň getirilmegini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrandygy habar berlipdi. Bu barada hasabat 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli berilmeli, ondan soň bolsa her çärýekde bir gezek taýýarlanmalydyr.

 

Esasy