26.06.2021 Energiýa geçişligi we uglewodorod bazarynyň geljegi

Энергопереход и перспективы рынка углеводородов

 

2015-nji ýylda baglaşylan Pariž klimat ylalaşygy energiýa geçişligine şert döretdi. Energiýa geçişligi (Energy transition) – özünde 4 elementi: energiýa netijeliligini, karbonsyzlaşdyrmagy, merkezsizleşdirmegi we sanlaşdyrmany jemleýän energiýa ulgamlarynyň bütin dünýä boýunça başga görnüşe geçmegidir. Energetik geçiş energiýanyň dikeldip bolýan “ýaşyl” çeşmesini ulanmagyň hasabyna gazylyp alynýan ýangyçdan (kömürden, nebitden we tebigy gazdan) ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmek ýoly bilen howa meselesini çözmäge gönükdirilendir.

KOWID-19 pandemiýasy we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky okgunly sanlaşdyrma adaty energiýa çeşmelerinden alternanatiw çeşmelere geçişi tizleşdirýär. Öňdebaryjy nebit-gazly döwletler “nebitiň ornuny başga zadyň tutmagynyň gutulgysyzlygyny we energetika bazaryndaky üýtgeşmeleri ykrar etmek bilen, bir tarapdan, dikeldip bolýan energetikany we wodorod taslamalaryny ösdürmäge, ikinji tarapdan bolsa, uglewodorod gorlaryny şu galan wagtyň dowamynda mümkingadar köp pula öwürmäge çalyşýarlar.

Abraýly bilermenler öňümizdäki 20 ýylyň dowamynda nebite bolan isleg iň ýokary derejesine ýeter, eýsem-de bolsa, bu öňümizdäki 20 ýyllykda “nebit eýýamynyň” tamamlanandygyny aňlatmaýar diýip hasap edýärler. Ýene uzak ýyllaryň dowamynda nebite bolan isleg dünýädäki ägirt uly adaty ýangyçda işleýän awtomobil parky we eýýäm bar bolan nebit önümlerini sarp edýän äpet infrastruktura zerarly aradan aýrylmaz. Bu islegi uçarçylykdaky barha artýan ýolagçy akymy we nebit ýangyjy esasynda işleýän iri nebit himiýa önümçilikleri-de goldar. Nebit we gaz dünýä enegetikasynyň esasy bolmagyna galar, çünki bu, ösüp barýan ykdysadyýete çalt, kepilli we elýeterli bahadan energiýa berip biljek zatdyr. Üstesine-de, gaz dünýä energetikasynyň geljegi bolan ugry hasaplanýan wodorod ýangyjy üçin-de çig maldyr.

Uglewodorod gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji ýere eýe bolan Türkmenistan öz energetik strategiýasynda täze hakykatlary göz öňünde tutýar. Uglewodorod çig malyny çykarmak we eksporty biln bir hatarda, nebitdir gaz täzeden işlenip alynýan ýokary goşmaça bahaly önüm öndürilişi-de artdyrylýar. Öten ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Dikeldip bolýan energetikany 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň milli strategiýasy tassyklandy. Altyn asyr kölüniň ýakasynda kuwwaty 10 MWt bolan gün-ýel elkrostansiýasynyň gurluşygynyň taslamasy bu strategiýany amala aşyrmak ugrundaky bir ädimdir.

Ogulgözel Rejebowa

 

Esasy