Töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça çäresi

2021-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda, "Döwlet dolandyryşyň degişli usulyýetiniň esaslaryny berkitmek" atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy tarapyndan  2018-2019-njy ýyllar we 2020-nji ýylyň 6 aýy aralygyndaky döwri üçin Töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça tassyklanan hasabaty we hasabatda beýan edilen töwekgelçilikleri aradan aýyrmak ýa-da peseltmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.

 

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tanyşdyryş çäresine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onuň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň,Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň, Türkmenistanyň täjirçilik banklarynyň, Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş guramalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň,Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky döwlet gullugynyň, Aşgabat şäher Döwlet notarial edarasynyň, Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň, hukuk kömegini amala aşyrýan ygtyýarnamalylaryň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň söwdasyny amala aşyrýan edaralarynyň, riýeltorçylyk we auditorçylyk kompaniýalaryň we täjirçilik däl guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda, agzalan hasabatyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylamagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyndaky gowşak taraplary we howplary ýüze çykarmaga we bu ugurdaky töwekgelçilikleri ýok etmek we öňüni almak üçin zerur çäreleri kesgitlemäge ýardam berýändigi bellendi.

 

Şeýle hem, bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylamagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyna degişli edaralaryň ýokary derejedäki taýýarlygy hem-de işjeň gatnaşygy bellendi.

 

Bu çäre, hasabatyň gurluşyna has hem gowy düşünmäge, milli ulgamyň ähli pudaklarynyň gowşak taraplaryny, hem-de 2021-2022-nji ýyllar üçin hasabatda beýan edilen töwekgelçilikleri aradan aýyrmak ýa-da peseltmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ädimleri kesgitlemäge ýardam etdi.

 

 

 

 

 

Esasy