14.06.2021 Türkmenistanyň demirgazygynda bagçylyk ösdürilýär

На севере Туркменистана развивается садоводство

 

Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän almanyň we beýleki miweli ekinleriň täze hasylyndan ilkinji tapgyryny bazarlara ugratdy. Onuň baglary Ruhubelent etrabyndaky 35 gektar tarp ýerde ýerleşýär. Bagyň on gektarynda ülje, şonça meýdanda erik, ýene on gektar meýdanda almadyr armyt ýetişdirilýär. Bäş gektar meýdanda ýetişdrilýän üzüm agaçlardan hem gowy hasyl alynýar. Telekeçi ekin ýetişdirmegiň döwrebap ususllaryny ulanmagyň, ekinleriň ýerli howa şertlerine has uýgunlaşan ýokary hasylly we dürli kesellere durnukly görnüşleriniň saýlanyp alynmagynyň hasabyna öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga çalyşýar. Ol bagçylykdan başga-da, oba hojalyk ekinleriniň beýleki görnüşlerini, şol sanda bakja ekinlerini hem ýetişdirýär.

Ýurduň demirgazygynda bagçylygyň girdejili we geljegi uly pudak hökmünde hususy düzümleri barha köp gyzyklandyrýandygyny bellemek gerek. Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerli agzalarynyň onlarçasy ony saýlap alyp, ýurduň alyjylar bazaryny ýokary hilli gök-miwe önümleri bilen doldurmaga işjeň gatnaşýaralr.

Ýurduň sebitlerinde döredilen oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gorlary oba hojalyk pudagyna hususy pudagyň giňden çekilmegine ýardam etdi. Umuman, Daşoguz welaýatynda soňky ýyllarda oba hojalyk önümçiligi, şol sanda bagçylyk we üzümdarçylyk bilen meşgullanmaga höwes bildirenleriň iki müňden gowragyna ýer gorundan ýerler bölünip berildi.

Batyr Öräýew

 

 

Esasy