10.05.2021 Gaz tematikasy: pes uglerodly ykdysadyýet we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy

Gas: low-carbon economy and Turkmen-Chinese partnership

 

Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy iki ýurduň ynamly öňe ilerýän strategik hyzmatdaşlygynyň wajyp bölegidir. Onuň esasy ugurlary 6-njy maýda iki ýurduň liderleri – Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow bilen Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň duşuşygynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçrimek ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaz tematikasy – türkmen wekilýetiniň Sianda geçiren gepleşikleriniň gün tertibiniň meseleleriniň biri boldy.

Hytaýyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň saýtynda habar berlişine görä, häzirrki wagtda ýurdumyzda Hytaýyň nebit-gaz kärhanalarynyň 10-dan gowragy iş alyp barýar. Hytaý Türkmenistandan 300 milliard kub metrden gowrak gaz aldy we türkmen «mawy ýangyjyny» iri import ediji bolmagynda galýar.

2021-nji ýylyň ýanwarynda Hytaýa iberilen 4 milliard 685 million kub metr gazyň 2,786 milliard kubometri türkmen gazydyr. Şuý ylyň başynda «Malaý» ýatagynda ulanylmaga berlen gazkompressor bekedi türkmen gazynyň Hytaýa durnukly iberilmegini üpjün eder.

HHR gaz ulgamynda Türkmensitan bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi göz öňünde tutýar, munuň özi ýurduň çalt depginli ykdysady ösüşi bilenem, howa babatda borçnamalary bilen-de baglanşyklydyr. 2021-nji ýylda COVID-19 pandemiýasyny üstünlikli ýeňip geçmegi, şeýle hem senagatyň, önümçiligiň we sarp edijiligiň artmagy netijesinde Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösmegine garaşylýar.

HWG Hytaýyň IUÖ-niň 2020-nji ýylda 1,9% bolanlygyndan 2021-nji ýylda 8,2% çenli ösüp, dünýä we Aziýa ykdysadyýetiniň ösüş depgininden degişlilikde 5,2% we 6,9% öňe geçjekdigini çaklaýar.

Bilermenler 2030-njy ýylda ilkinji energiýadan ählumumy peýdalanmakda tebigy gazyň paýy has-da artýar diýip çaklaýarlar. Hytaýda tebigy gazy ulanylyşy barha artýar. S&P Global Platts Analytics 2021-nji ýylda HHR-da tebigy gaza isleg 360 milliard kub metre ýeter diýip hasaplaýar.

Platts Analytics-yň çaklamasyna görä, Hytaý 2021-nji ýylda 163 millard kub metr gazy import eder, munuň özi geçen ýyldakydan 18% köpdür.

 

Esasy