09.04.2021 Täze dokma toplumy üçin innowasiýa enjamy

Innovative development for new textile complex

 

Kaka etrabynda «Cotam Enterprises Ltd.» türk kompaniýasy tarapyndan gurulýan dokma toplumy häzirkizaman täze tehnologiki  enjamlar bilen abzallaşdyrylýar. Egriji bölümde hünärmenler K 46 Rieter kysymly egriji maşynlaryň 13-sini gurnadylar. 

Ady belli şweýsar kompaniýasynyň täze enjamlary biziň ýurdumyzyň dokma pudagynda ilkinji gezek oturdylýar. Täze enjamlar ýokary hilli we berk ýüplükleri çykarmaga niýetlenýär. Mundan başga-da, şeýle kysymly maşynlarda  örän peýdaly artykmaçlyklaryň tutuş toplumy bar. Bu artykmaçlyklar nou-hau – süzgüç guraly we Detect howa üfleýji serişdäni ulanmagyň hasabyna gazanyldy. Şularyň netijesinde ýüplükleri egirmegiň çykdajylary azalýar, hili bolsa ýokarlanýar, şeýle-de, energiýa az harçlanýar. Aýratynam K 46 Rieter kysymly maşyn üçin elektrik togy az talap edilýär: ol şeýle kysmy egriji maşynlaryň elektrik ünjünçiliginiň bary-ýogy 20%-ne deňdir.  

K 46 Rieter maşynda egrilen compact-ýüplük hili boýunça adatylardan ep-esli ýokarydyr. Ýüplügiň täze görnüşi erkek kişileriň köýneklerini, ýokary hilli trikotažlary, düşek we ýassykdaşylary, erkek we aýal joraplaryny  taýýarlamakda ulanylar. 

Kaka etrabynda gurulýan  dokma toplumy 5 müň tonna inçesüýüýmli pagtany işläp çykarar. Kärhananyň taslamasy: pagta süýüminden başlap, tä taýýar önümi çykarmaga çenli: egriji, dokaýjy, boýag we tikin bölümlerini öz içine alýan doly tehnologiki tapgyry göz öňünde tutýar. 

Kärhana bir ýylda 3650 tonna ýüplügi, 12 million kwadrat metrlik (şolaryň 10 million kwadrat metri reňkli) matany hem-de 1,2 million tikinçilik önümlerini öndürer.

 

Esasy