04.03.2021 Daşary ýurtlarda Türkmenistanda öndürilen joraplara isleg artýar

 

«Akar Tekstil» hojalyk jemgyýetiniň ýakyn wagtda jorap önümlerini iri eksport ediji bolmagy mümkin. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň arassa pagtadan we laýkra bilen garyşyk ýüplükden öndürýän erkek adamlaryň, zenan we çagalar joraplarynyň on bäş görnüşine ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da isleg uly.

Geçen ýyl kärhana «AKAR» söwda belgisi bilen bir milliona golaý, şu ýylyň iki aýynda – ýene-de 450 müň jübüt jorap eksport etdi. Olary esasan Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy, Angliýa we beýleki Ýewropa döwletleri satyn alýarlar.

Italiýanyň MATEС SILVER we LONATI kompaniýalarynyň örüji enjamlary bilen üpjün edilen kärhana her aýda ýarym milliona golaý önüm çykarýar we önümçiligi iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýar.

 

Esasy