17.01.2020 Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aşgabat tapgyryny geçirmek barada ylalaşyga gol çekildi

 

Türkmenistanyň wekilýeti iş sapary bilen Şweýsariýada boldy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habaryna görä, Lozannada Sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýewi Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Haggerti kabul etdi.



Duşuşykda türkmen tarapy Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 2020-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçriljek tapgyryna (Aziýa we Okeaniýa bölegi, IV topar) taýýarlyk barada habar berdi.



Öz gezeginde, Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň derejesine kanagatlanma we gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.



Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryna, hususan-da, Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Halkara tennis federasiýasynyň arasynda Ähtnama gol çekmek, şol sanda Tennis akademiýasyny döretmek meselesine garadylar.



Şeýle hem sport düzümleri we ýurtda tennisi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy üçin Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Prezidenti Dewid Haggertiniň Türkmenistana saparyny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.



Duşuşygyň ahyrynda taraplar Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aşgabat tapgyryny (Aziýa we Okeaniýa bölegi, IV topar) geçirmek barada Ylalaşyga gol çekdiler.



Şeýle hem türkmen wekilýeti Lozanna iş saparynyň çäklerinde Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidenti Robin Mitçell we Halkara Olimpiýa komitetiniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdiler.

 

 

Esasy