20.10.2014 Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi

Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi geçirildi. Ol türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Şanly baýramçylygymyz bolan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän umumymilli maslahatyň gün tertibine durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan we bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmegiň ilkinji nobatdaky meseleleri girizildi. 

 

Eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetip gelýän şanly senä gabatlanan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhyny alamatlandyrýan binagärlik açylyşlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Olaryň hatarynda geçen hepdäniň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary we Lebap welaýatlarynda ykdysady we durmuş maksatly täze desgalaryň açylyş dabaralary bar. Olar ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumydyr, kiçi gazturbinaly elektrik bekedi, Mary şäherinde bina edilen köpugurly bazar we myhmanhanadyr, Türkmenabat şäherindäki welaýat kitaphanasy we döwrebap bazardyr. 

 

Ýaşulularyň maslahaty – türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň esasy institutlarynyň biri bolmak bilen onuň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Türkmen halky hemişe dili senaly ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, olaryň pikirini diňläp, baý durmuş tejribesine bil baglap geldiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny dikeltmek babatda alyp barýan ýadawsyz işleri netijesinde häzir bu hakyky demokratik ýörelge ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Ine, bu gün hem, täze taryhy döwürde Ýaşulularyň maslahaty döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Maslahatyň her bir mejlisi umumymilli möçberdäki foruma öwrülip, onda açyk görnüşde ara alyp maslahatlaşmak arkaly eziz Watanymyz üçin möhüm wezipelere garalýar we güneşli Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösmegi, ähli türkmenistanlylaryň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin uly ähmiýete eýe bolan anyk çözgütler kabul edilýär. 

 

Hormatly Prezidentimiz irden Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgüne geldi. 

 

 

 

 



Ruhyýet köşgüniň girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar, şol sanda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň häkimleri garşylaýarlar. Şu ýerde Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hormatly Prezidentimize sebitiň pagtaçylarynyň “ak altyn” hasylyny tabşyrmak baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hoş habary aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary kanagatlanmak bilen kabul edip, Ahal welaýatynyň pagtaçylaryna tutanýerli zähmeti üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. döwlet Başuttanymyz beýleki welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýetip gelýän baýramçylygy – ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

 

Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan wekilleriň ýygnanan ajaýyp Ruhyýet köşgünde aýratyn dabaralylyk, ählumumy bitewilik we joşgunlylyk ýagdaýy höküm sürýär. Wekilleriň arasynda hormatly ýaşulular, hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ylym we medeniýet işgärleri, ýaşlar bar. Maslahata şeýle hem ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurt işewür toparlarynyň, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. 

 

Köşgüň zalyna ýygnananlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyny şertlendiren oňyn özgertmeler syýasatynyň awtory bolup durýar. 

 

Döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüniň sahnasyna çykýar hem-de türkmen jemgyýetinde onuň gadymdan gelýän demokratik däplerini, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini gyşarnyksyz berkitmegiň aýdyň alamaty bolup durýan maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary bilen salamlaşýar. 

 

Dabaraly pursat gelip ýetýär: Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär. 

 

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň sözlerini ählihalk maslahatyna gatnaşyjylar agzybirlik bilen alyp göterýärler. 

 

Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň prezidiumynyň agzalaryny öz orunlaryna geçmäge çagyrýar. 

 

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň eýýäm mejlisiň gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçiliginiň bolandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň biragyzdan goldamagy we makullamagy bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini öz içine alýan Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanandygyny yglan edýär. 

 

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň öňünde uly maksatnamalaýyn söz sözledi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylary mübärekläp, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly asylly däbimize eýerip, nobatdaky maslahatda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna, 2015-nji ýylda eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine degişli meselelere serediljekdigini aýtdy. Maslahatyň gün tertibine şeýle hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Prezident Maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan özgertmeleri mundan beýläk-de giň gerim bilen durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

 

Ýurdumyzyň Ýaşulularynyň şu maslahaty şanly senäniň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Merdana halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen, beýik akyldar, nusgawy şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda belent hyjuw bilen beýan eden özbaşdak döwlet gurmak hakyndaky beýik arzuwy soňky iki asyryň sepgidinde hasyl boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

 

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda biz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny yglan etdik. Bu şanly waka ata Watanymyzyň taryhynda, mähriban halkymyzyň durmuşynda täze bir eýýamyň başlanandygyny aýan etdi. Berkarar döwletimiziň sarsmaz binýadynyň düýbüni tutmaga bize mümkinçilik berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

 

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy. Bitarap Watanymyz ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Berkarar döwletimiz öz saýlap alan, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan, gurmak we döretmek ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýolumyza nazar aýlap, bu aýdylanlaryň durmuş hakykatyna öwrülendigini biz ynam bilen aýdyp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzy we maslahata gatnaşýanlaryň ählisini beýik baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmenistanlylara we ýygnananlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, «Çekseň zähmet – ýagar rehnet!» – diýen pähimden ugur alyp, öz geljegine ynamly garaýan merdana halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yhlasly we tutanýerli zähmet çekýär diýip nygtady. Halkymyzyň netijeli zähmet çekmegi üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler döredildi. Şoňa görä-de, şu ýyl öňümizde duran möhüm wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

 

 

 

 



Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, makroykdysady görkezijiler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň güýçli depginler bilen durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary bolmagynda galýar. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artýar. Maýa goýumlary, esasan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, şeýle hem durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýär. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýy barha artýar. 

 

Öň agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Biziň ýurdumyz innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýär. 

 

Ýurdumyzda innowasion önümçilikler döredilýär. Telekeçilige giňden goldaw berilýär, täze iş orunlary açylýar. Ylym-bilim, aragatnaşyk, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlary giň gerim bilen ösdürilýär. 

 

Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyzda 419 sany desganyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar we bu desgalaryň umumy bahasy 9 milliard amerikan dollaryndan hem köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň esasy böleginiň eýýäm ulanmaga berilendigini belledi. 

 

Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzda jemi bahasy 48 milliard amerikan dollaryna golaý bolan dürli desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny nygtap, geljek ýylda gurluşyk pudagyna goýberiljek serişdeleriň möçberini has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän syýasy ugruň manysynyň «Döwlet adam üçindir!» – diýen şygarda öz aýdyň beýanyny tapýandygyny belläp, bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyzyň gülläp ösýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýan, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändigini nygtady. 

 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adam hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr we şeýle bolmagynda hem galýar. Her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri yzygiderli köpeldilýär. Bu bolsa, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda edilen sargytlaryň durmuşa geçirilişi barada durup geçip, şu ýylyň başynda ýurdumyzyň ilaty üçin ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak boýunça täze, giň gerimli, durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmaga girişilendigini belledi. Şu maksatlar üçin eýýäm 25 müň gektardan hem gowrak ýer bölünip berildi. Bu ýer böleklerinde, ilatyň islegine görä, häzirki döwrüň binagärlik talaplaryna laýyk gelýän bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. 

 

Şeýle hem, her welaýatyň bir etrabynda nusgalyk häzirki zaman şäherçesini gurmak hakynda Hökümetiň karary kabul edildi. Bu obalarda we şäherçelerde multimedia enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, döwrebap Saglyk öýleri we Medeniýet öýleri gurulýar. Bu ilatly ýerlerde häzirki zaman söwda ulgamy, aragatnaşyk desgalary we medeni-durmuş maksatly beýleki desgalar toplumy bina edilýär. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna we häkimlere ýüzlenip, olara ýurdumyzyň raýatlaryna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin goýberilýän ýeňillikli karzlary almakda yzygiderli goldaw bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu ilatly ýerlerde esasy we üpjünçilik desgalarynyň öz wagtynda hem-de ýokary hilli gurulmagyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň dünýäde nebitiň we tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde tanalýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny ýerlemekden gelip gowuşýan ähli girdejileri bolsa, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň iri ulgamlary bolan gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada durup geçip, şol pudaklaryň düzüminde senagat önümçilikleriniň we hyzmat edýän ulgamlaryň döredilýändigini, şeýle hem nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň gurulýandygyny aýtdy. 

 

Häzirki döwürde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça giň gerimli işler dowam edýär. Ýurdumyzda çykarylýan tebigy gazyň möçberlerini ýylda 30 milliard kub metre çenli ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri öz wagtynda tamamlamak, 2016-nji ýyla çenli «Gündogar – Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, 2015-nji ýylda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamagyň, Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň hem-de 2016-njy ýylda Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji (D) şahasynyň gurluşygyny tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini belledi. 

 

Bulardan başga-da, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça uzak möhlete niýetlenen meýilnamalary işläp taýýarlamak, gaýtadan işlenýän nebitiň mukdaryny artdyrmagyň hasabyna 2015-nji ýyldan başlap öndürilýän ýokary hilli benziniň möçberlerini köpeltmek göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

 

Beýleki döwletleriň iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna hem ýurdumyzda köp sanly gurluşyklar alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bu taslamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny göz öňünde tutup, pudak ýolbaşçylary bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi. Biz geljekde hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge gönükdirilen syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrmagy yzygiderli we ynamly dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geosyýasy taýdan amatly şertlerde ýerleşýän Garaşsyz döwletimizde senagat pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini nygtap, bu pudagy ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

 

Şu maksatlardan ugur alyp, deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan «Gündogar–Günbatar» we «Demirgazyk–Günorta» ulag ýollarynyň häzirki zaman ulgamyny döredýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

 

Döwlet Baştutanymyz iri halkara taslamasy bolan Demirgazyk–Günorta demir ýolunyň gurluşygynyň eýýäm tamamlanandygyny nygtap, dekabr aýynda bu ýoly Eýranyň demir ýol ulgamy bilen birikdirmegiň we dürli döwletlerden gelýän ýükleri üstaşyr geçirip başlamagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Aşgabat şäherindäki halkara howa menziliniň täze toplumynyň ikinji terminaly ulanmaga berildi. 

 

Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir halkara taslamasynyň – Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň hem güýçli depginler bilen alyp barylýandygyny aýdyp, ýakynda uzynlygy 564 kilometr bolan halkara derejeli Aşgabat–Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişilendigini belledi. 

 

Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenabat–Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki howa menzilleriniň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň gurluşygy hem giň gerim bilen alnyp barylýandygy nygtaldy. Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeň alyp barmak üçin uly mümkinçilikleri döreder. 

 

Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk serişdelerini ösdürmek boýunça görülýän giň möçberli çäreler barada aýdyp, ýakyn wagtda Türkmenistanyň öz milli emeli hemrasyny älem giňişligine çykarjakdygyny belledi. Munuň özi hemmetaraplaýyn ösýän ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap aragatnaşyk we dolandyryş ulgamyny döretmekde möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

 

Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, öň aragatnaşyk hyzmatlary elýeterli bolmadyk ilatly ýerlerde bu hyzmatlar talaba laýyk ýola goýlar. Hemra aragatnaşygynyň ýola goýulmagy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam berer, amaly ylymlar bilen bagly täze taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, hemra aragatnaşygy ýurdumyzda älem giňişligini öwrenmek bilen bagly alnyp barylýan işleri kämilleşdirmäge, netijede bolsa, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berer. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçilere öz ukyplaryny we başarnyklaryny giňden ulanmak üçin ähli şertler döredilýänligi hem kanagatlanmak bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde türkmen telekeçileri tarapyndan döredilen kärhanalar gurluşyk pudagynda, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde, dürli hyzmatlary etmekde ýokary hilli we netijeli işleri alyp barýarlar hem-de daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşýärler. 

 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz telekeçilerimiziň ylmyň gazananlaryny ulanmak bilen, ýurdumyzda häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan, düýbünden täze önümçilikleri we kärhanalary döredip, dürli görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürmekde hem gowy netijeleri gazanjakdyklaryna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz olara bu işleri amala aşyrmakda döwlet tarapyndan giňden goldaw beriljekdigini belledi. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artmagy diňe bir ýurdumyzyň dünýädäki syýasy ornuna ýa-da ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine bagly däldigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna mähriban halkymyzyň gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan baý medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda berkidilýär. 

 

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda medeni maksatly desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň dürdäne eserleri häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ýokary hilli çap edilýär. 

 

Ýurdumyzyň teatrlarynda täze operalar we drama eserleri yzygiderli sahnalaşdyrylýar. Türkmen telewideniýesiniň we radioýaýlymlaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Tele we radioýaýlymlaryň gepleşikleri iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinden alnyp görkezilýär. Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde muzeýleriň hem-de teatrlaryň täze binalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. 

 

Bellenilşi ýaly, neşirýat ulgamyny ösdürmek, çap edilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, neşirýat hyzmatlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Aşgabatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze Metbugat öýi gurulýar. Häzirki döwürde bu döwrebap toplumyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. 

 

Hormatly Prezidenitimiz şeýle hem merdana halkymyzyň ösen ruhy dünýäsini, baý medeni mirasyny açyp görkezýän, halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreleriň geriminiň ýyl-ýyldan giňelýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Milli Liderimiz daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri, biziň ýurdumyzda bolsa dürli döwletleriň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýändigini aýdyp, bu çäreleriň milli medeniýetimiz bilen goňşy döwletleriň we uzak ýurtlaryň halklaryny, şol döwletleriň medeniýeti bilen bolsa, biziň halkymyzy ýakyndan tanyşdyrmakda, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Biziň medeni mirasymyz, milli medeniýetimiz we medeni gymmatlyklarymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem bütin adamzadyň baýlygydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Türkmen topragy halkymyzyň gadymy medeniýetiniň maddy subutnamalary bolan taryhy-medeni ýadygärliklere örän baýdyr. Bu ýadygärlikleriň birnäçesi Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 

 

Milli Liderimiz häzir ýurdumyzda hasaba alnan taryhy-medeni ýadygärlikleriň sanynyň 1500-e golaýlaýandygyny belläp, olaryň onlarçasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenmäge doly mynasypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz özboluşly dessanlarymyzyň, ajaýyp haly göllerimiziň, küştdepdi ýaly joşgunly tanslarymyzyň maddy däl medeni miras hökmünde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

 

Milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda we bütin dünýäde nusgawy türkmen şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýändigini aýdyp, türkmen halkynyň akyldar şahyryň çuňňur filosofiki many-mazmuna eýe bolan pähim-paýhasyna we beýik şygryýetine uly hormat goýýandygyny belledi. 

 

Magtymguly Pyragynyň arzuw eden we häzirki döwürde hakykata öwrülen ajaýyp eýýamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, umuman, ähli döredijilik işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nusgalyk çeper edebiýaty, powest we roman ýaly kämil eserleri, täsirli makalalary, gyzykly tele we radiogepleşikleri, kinofilmleri, ajaýyp sahna eserlerini döretmek hormatynyň olaryň paýyna düşendigini belledi. 

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň tomsunda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini uly dabaralara beslenip geçirilendigini aýdyp, hepdeligiň ýurdumyzyň ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň, merdana halkymyzyň baý medeni mirasynyň bardygyny, dünýäniň dürli ýurtlary bilen medeni gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin oňat şertleriň döredilendigini aýdyň görkezendigini nygtady. 

 

Bu Hepdeligiň geçirilmegi berkarar Watanymyzyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň ussatlygyny has-da kämilleşdirmäge ýardam etdi. Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek üçin giň ýol açdy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şeýle çäreler ähli welaýatlarda yzygiderli geçiriler. 

 

Türkmenistan umumyadamzat medeni gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan döwletdir. Ýurdumyzyň her bir welaýatynyň özboluşly, baý medeniýeti bar. Nesip bolsa, biz 2015-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Lebap welaýatynyň göwnaçyk we zähmetsöýer ilatynyň bu çäräni ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görjekdigine, Medeniýet hepdeliginiň bolsa, hakyky ählihalk baýramyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan biziň kuwwatly Watanymyzda hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, halkara derejesindäki bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, şu maksatlardan ugur alyp, ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary, multimedia we interaktiw tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyny giň gerim bilen alnyp barylýandygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzda 2900-den gowrak döwrebap bilim-terbiýeçilik edaralary işleýär. 

 

Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm ähmiýetli üstünlikleriniň biri hem ylymdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň we ykdysadyýetde netijeli peýdalanmagyň, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. 

 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýäniň ösen döwletleri nanotehnologiýalara, biotehnologiýalara hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan täze ylmy-tehniki binýady döredýärler. Biomaglumatlara we biolukmançylyga, molekulýar biologiýa, gen inženeriýasyna we nanomateriallara esaslanýan mikroelektronika we nanoelektronika, maglumat tehnologiýalary, biotehnologiýa we nanotehnologiýa häzirki zaman ylmynyň täze ugurlarydyr. Ylmyň täze ugurlaryna häzirki döwrüň emeli aň-bilim ulgamlary, ählumumy maglumatlar ulgamy hem degişlidir. Milli Liderimiz bu täze tehnologiýalaryň häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň umumy ösüşiniň esasyny düzýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda zerur işler biziň ýurdumyzda hem alnyp barylýandygyny, täze tehnologiýalar bilen meşgullanjak ylmy edaralaryň döredilýändigini kanagatlanma bilen belläp, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagynyň ähmiýetini nygtady. Bu Merkez ýurdumyzda ylma esaslanýan çözgütleri kabul etmäge, ylmyň gazananlaryny bir ulgama birleşdirmäge hem-de önümçilige giňden ornaşdyrmaga ýardam berer. 

 

Şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasynyň garamagynda innowasion ugurlar boýunça bilim berjek inžener-tehnologik uniwersiteti döretmegiň göz öňünde tutulýandygy nygtaldy. 

 

Milli Liderimiz bu ulgamy ösdürmegiň geljegine ünsi çekip, ýurdumyzda ylmy ösdürmek, bäsleşige ukyply ylmy işläp taýýarlamalary alyp barmak we ylmy-barlaglary geçirmek, berkarar döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmek, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek biziň baş maksadymyzdyr diýip belledi. 

 

Soňra döwlet Baştutanymyz syýahatçylygy ösdürmek meselelerine degip geçdi. Hormatly Prezidentmiiziň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, eziz Diýarymyz gözelligi we özboluşly aýratynlygy, ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekipdir, olarda uly gyzyklanma döredipdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ekologiýa syýahatçylygyny, taryhy we ülkäni öwreniş syýahatçylygyny ösdürmek hem-de häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän syýahatçylyk ulgamyny döretmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hemişelik gözegçiliginde durýandygyny belledi. 

 

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi biziň bu ugurda alyp barýan işlerimize aýdyň şaýatlyk edýär. «Awazada» dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, öňdebaryjy binagärlik taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge geljekde hem uly üns beriler. Syýahatçylygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde zerur serişdeleri hemişe göz öňünde tutular. 

 

Saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we saglygy goraýyş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny nygtady. 

 

Lukmançylyk ylmyny ösdürmek we tejribe alyşmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy we yzygiderli ösdürilýär. Kabul eden «Saglyk» döwlet maksatnamamyza laýyklykda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek we düýpli özgertmek boýunça öňümizde durýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçirilen işleriň netijesinde, ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän hem-de döwletimiziň her bir raýatynyň saglygyny goramaga gönükdirilen Milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi. 

 

Nygtalşy ýaly, diňe şu ýylyň dowamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralarynyň birnäçesi ulanmaga berildi. 

 

Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, ýaramaz endiklere garşy göreşmäge, hususan-da, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň, hususan-da, ýaşlaryň 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna uly gyzyklanma bildirip, sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, bu iri halkara ýaryşyny geçirmegiň öňýanynda ýurdumyzda sporty ösdürmäge ýardam berýän giň gerimli işler alnyp barylýandygy bellenildi. 

 

Ýurdumyzda hereket edýän sport mekdepleriniň umumy sany bolsa, 170-den geçýär. Bu mekdeplerde sport bilen meşgullanýan çagalaryň sanynyň 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse köpelendigini bellemek isleýärin. Bu sport mekdeplerinde 101 müňden hem gowrak çaganyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

 

Häzirki döwürde ýurdumyzda döredilen sport binýady bize halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge mümkinçilik berýär. Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýelkenli sportuň windsörfing görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry geçirildi, noýabr aýynda bolsa, gözel paýtagtymyz Aşgabatda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

 

Türkmenistanda şeýle halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi berkarar Watanymyzda sporty ösdürmäge oňyn täsir edýär, Bitarap döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny barha ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, şeýle ýaryşlar 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge biziň nähili derejede taýýardygymyzy görkezer. Türkmenistan bu möhüm ähmiýetli, uly sport çäresini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzda sporty ösdürmäge, halkymyzyň saglygyny berkitmäge, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmaga gönükdirilen işleriň geljekde hem ýokary depginler bilen dowam etdiriljekdigini belledi. 

 

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumy bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geçirilýän işleriň netijesinde, edermen daýhanlarymyz döwletimiz tarapyndan berilýän goldawdan peýdalanyp, ýerden bol hasyl almakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. 

 

Şu ýylyň gurak gelendigine garamazdan, zähmetsöýer gallaçy daýhanlarymyz Watan ammaryna 1 million 200 müň tonnadan hem gowrak guşgursak ak bugdaýy tabşyrmagy başardylar. Bu bolsa, elbetde, gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan gowy netijesidir. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerine hormat goýmak, oba hojalyk önümçiligine häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, kuwwatly tehnikalary başarnykly ulanmak boýunça geçirilen işler bize şeýle gowy netijäni gazanmaga mümkinçilik berdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

 

Garaşsyz Türkmenistanyň gallany daşary ýurtlara iberýän döwletleriň hataryna goşulmagy biziň oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiziň öz oňat netijelerini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

Döwlet Baştutanymyz häzire çenli ýurdumyzda 860 müň gektar meýdana bugdaý ekilendigini kanagatlanma bilen belläp, 2015-nji ýylda edermen gallaçylarymyzyň öňünde 1 million 600 müň tonna ýokary hilli galla hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýygnamak wezipesiniň durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla ekilen meýdanlarda ähli çäreleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talaba laýyk geçirilmeginiň geljek ýylyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi. 

 

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl ussat pagtaçylarymyzyň hem tutanýerli zähmet çekip, pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini aýtdy. Häzir ýurdumyzyň «ak altynly» meýdanlarynda pagta ýygymy gyzgalaňly alnyp barylýar. Pagtaçylarymyz berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramyna çenli Watan harmanyna 1 million 50 müň tonna «ak altyn» tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

 

Bellenilşi ýaly, döwletimiz tarapyndan oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin daýhanlarymyza ähli şertler döredilýär. Daýhan birleşikleri ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli berkidilýär we ösdürilýär. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şu pudaga degişli desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde hem oba hojalygyny ösdürmäge, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ony ýokary öndürijilikli tehnikalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge uly üns beriljekdigini nygtap, oba hojalygyny we tutuş ykdysadyýetimizi ösdürmekde suw hojalyk pudagynyň ýokary netijeli işlemeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylygy özleşdirmek boýunça uly tejribe toplandy. Täze suw hojalyk desgalaryny we suw howdanlaryny gurmak işi dowam edýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, beýleki gidrotehniki we melioratiw desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. 

 

«Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» kabul etdik. Bu Maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda suw arassalaýjy zawodlar, suw süýjediji desgalar gurulýar. Bar bolan desgalar döwrebap ýagdaýa getirilýär, suw geçiriji ulgamlar täzelenýär. 

 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýer we suw serişdeleriniň örän möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellemek bilen, bu serişdeleri aýawly we tygşytly peýdalanmagyň usullaryny kesgitlejek täze, döwrebap maksatnama taýýarlansa, maksadalaýyk bolar diýip nygtady. 

 

Suwy tygşytlamak bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga goldaw bermek bilen birlikde, biz ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem gazanmalydyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ekerançylygy güýçli depginler bilen ösdürmek, şol sanda her gektar ýeri netijeli ulanyp, onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmak möhüm wezipe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli ýolbaşçylardan bu mesele boýunça anyk işlere we oňat netijeleri berjek tekliplere garaşýandygyny belledi. 

 

Milli Liderimiz geljegi uly ösüş maksatnamalary barada aýdyp, geljekde diňe pagta we galla öndürmek bilen çäklenmeli däldiris diýip nygtady. Gök we bakja önümlerini, dürli miweleri, şeýle hem beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagy hem öz öňümizde möhüm wezipe edip goýmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bazarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek maksady bilen, her bir daýhan birleşiginde gaýtadan işleýän kärhanalary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleri döretmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem, oba hojalyk önümlerini, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçiliklerini has giňden peýdalanmaly. Şu maksat bilen, milli Liderimiz bu ugurda zerur işleri geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. 

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň bütin taryhy onuň mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum çöli, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi we onuň ajaýyp kenary bilen aýrylmaz baglydyr. 

 

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly garamak we olary yzygiderli artdyrmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda tebigaty goramak, suw, ýer we biologiki serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Biz biologik köpdürlüligi we tebigy gurşawy goramaga, çölleşmäge we tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmäge, ilata ekologiýa terbiýesini bermäge uly üns berýäris. Şunuň bilen birlikde, tebigy ýadygärlikleri we aýratyn goralýan çäkleri, ýagny goraghanalary hem-de çäkli goraghanalary ösdürmäge biziň aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi, bu tebigy ýadygärlikleriň we goraghanalaryň ägirt uly ylmy, medeni we syýahatçylyk ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

 

Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, geçen ýyl Ahal welaýatynyň demirgazygynda «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilendigini ýatlatdy. Bu goraghananyň tebigy zolagy 62 müň gektara, umumy meýdany bolsa 87 müň 800 gektara barabardyr diýip belledi. 

 

Ýurdumyzdaky 10-a golaý goraghanada we 15 sany çäkli goraghanada, şeýle hem 17 sany tebigy ýadygärlikleriň çäklerinde tebigaty goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tebigat bilen iş salşylanda, biz bir hakykaty, ýagny özümiziň tebigat bilen bitewüdigimizi, onuň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandygymyzy hiç wagt unutmaly däldiris. Tebigaty söýmek, ene topragy söýmek – bu eziz Diýaryňy, mähriban Watanyňy söýmekdir. Watana bolan söýgi biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

 

Milli Liderimiz nobatdaky meselä geçip, häzirki döwürde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm, ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goramaga gönükdirilen ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir döwletinde ýokdur. Türkmen halky tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanýar. Ýurdumyzda ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy hyzmatlarynyň bahalary hem ujypsyzdyr. 

 

Döwlet Baştutanymyz un we çörek önümleriniň nyrhlarynyň hem ilatymyz üçin elýeterlidigini, ulag hyzmatlary üçin tölegleriň möçberiniň azdygyny belledi. Bulardan başga-da, ilatymyz beýleki durmuş ýeňilliklerinden hem yzygiderli peýdalanýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi we mähriban halkymyzy durmuş taýdan goramak boýunça alnyp barylýan syýasatyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady. 

 

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamdaky gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde nyrhlary emele getirmegiň usullaryny ulanyp, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýän hem-de hyzmatlary edýän kärhanalaryň we guramalaryň netijeli hem-de ýokary düşewüntli işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şoňa görä-de, biz bu edara-kärhanalaryň düşewüntli işlemegini gazanmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

 

Şu maksatlardan ugur alyp, nyrhlaryň emele getirilmegi bilen bagly meseleleri öwrenmeli we dogry çözgütleri tapmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu bolsa, kärhanalaryň we guramalaryň çykdajylarynyň öwezini dolmaga mümkinçilik berer. Olaryň öz işlerini ýokary derejede düşewüntli guramaklaryna ýardam eder. Milli Liderimiz bu ugurda geçiriljek işleri mähriban halkymyzyň goldajakdygyna ynam bildirdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz alyp barýan daşary syýasatynda dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary bilen, ýagny Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berýär. 

 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biz halkara gatnaşyklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny ykrar edýäris. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny we konwensiýalaryny ileri tutýarys. Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerinden ugur alyp, kabul eden halkara borçnamalarymyzy doly we takyk ýerine ýetirýäris. 

 

Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde 2014-nji ýyl Bitarap döwletimiz üçin iň bir netijeli ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş ösüşi boýunça geňeşiniň (EKOSOS-yň) mejlisinde 2014–2016-njy ýyllar üçin Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna, şeýle hem 2014–2017-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu bolsa, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, milletler bileleşiginiň biziň parahatçylyk söýüji syýasatymyzy ykrar edýändigine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanmak bilen aýtdy. 

 

Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bitarap döwletimiziň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulandygy bu aýdylanlary doly tassyklaýar diýip, milli Liderimiz belledi. 

 

Döwlet aştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy we aýgytlaýjy ugurlarynyň biri hem energetika howpsuzlygynyň bolup durýandygyny nygtady. 2008-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bu ugurda ädilen ilkinji ädim boldy. Bu Rezolýusiýanyň kabul edilen wagtyndan bäri geçen döwür biziň bu ugurda öňe süren başlangyçlarymyzyň örän möhümdigini doly tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň bolmagy, soňky ýyllarda nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar, Eýrana we Hytaýa täze gaz geçirijileriniň gurulmagy sebitimizi dünýäniň möhüm ähmiýetli energetiki merkezine öwürmäge ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde işlenip taýýarlanýan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem oňa gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetini ösdürmäge, tutuş sebitde syýasy durnuklylygy berkitmäge gönükdirilendir. 

 

Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem uly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we häzirki döwürde howpsuz halkara ulag-üpjünçilik ulgamyny döretmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň Ýewraziýa giňişliginiň ulag ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýa sebitini ösdürmekde möhüm ähmiýeti bardyr. 

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdik. Biziň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barmak baradaky ileri tutýan garaýyşlarymyz dünýä ykdysadyýetiniň meselelerine täzeçe çemeleşýändigimize şaýatlyk edýär. 

 

Ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine geçip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ulgamda hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen, bu abraýly halkara guramasynyň düzüm birlikleri bolan eneligi we çagalygy goramak, maýyplaryň we bosgunlaryň hukuklaryny goramak hem-de beýleki ugurlar boýunça degişli düzümleri bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar. 2011–2014-nji ýyllarda 5 müňe golaý adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ekologiýa howpsuzlygyny we daşky gurşawy goramak boýunça hem biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk edýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan Orta Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyndan ugur alýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde biz daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli usullaryny döretmäge girişmek baradaky teklip bilen çykyş etdik. Şeýle hem, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi döretmek baradaky teklibi öňe sürdük diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň bu möhüm ähmiýetli garaýyşlary dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekendigini kanagatlanma bilen belläp, biz geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen giň gerimli syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ösdüreris diýip aýtdy. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylyk söýüji başlangyçlary durmuşa geçirmäge, üçünji müňýyllykda döwletleriň we halklaryň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşini berkitmäge gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde dünýäniň syýasy giňişliginde Garaşsyz döwletimize täze sepgitlere ynam bilen ýetmäge ýardam berer diýip, milli Liderimiz nygtady. 

 

Häzirki döwürde bütin dünýäde berkarar döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidigini, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadydygyny nygtady. 

 

2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 20 ýyl dolýar. Nesip bolsa, biz bu şanly baýramy uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris. 

 

Döwlet Baştutanymyz bu hukuk derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy diýip belledi. Şoňa görä-de, bu şanly baýram mynasybetli geçiriljek çäreler taryh üçin uzak bolmadyk döwürde gazanan örän uly üstünliklerimizi, döwletimiziň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä aýdyň görkezmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we geljek 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmegi teklip etdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm ädimleriň ädilendigini aýdyp, geçen ýylyň dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary bu ugurda ýene-de bir möhüm waka öwrüldi. Bu saýlawlar ýurdumyzda demokratiýanyň ýokary ösüş derejesini görkezdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň düýbünden täze döwre gadam basandygyny äşgär etdi diýip nygtady. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary ýurdumyzda täsirli jemgyýetçilik-syýasy güýje öwrülen iki partiýanyň wekilleriniň bäsleşigi esasynda geçirildi. 

 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň bir bölegi ýene-de bir syýasy partiýany döretmäge isleg bildirdi. Şoňa görä-de, häzirki döwürde Türkmenistanyň Agrar partiýasy döredildi. Bu bolsa, raýatlarymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen öz syýasy hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ýurdumyzda ähli zerur şertleriň döredilendigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Berkarar döwletimizde demokratik gymmatlyklaryň ýokary tutulýandygyny aýdyň görkezýär. 

 

Täze partiýanyň wekilleri Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şu günki geçirilýän maslahatyna hem gatnaşýarlar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri we maksatnamalary giňden goldap, olary durmuşa geçirmäge uly goşant goşjakdygyna we oňyn syýasy güýç hökmünde çykyş etjekdigine ynam bildirdi. 

 

Milli Liderimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Garaşsyz döwletimiziň sarsmaz hukuk binýady bolup durýandygyny, emma durmuşyň özgerýändigini, ösýändigini, biziň öňümizde täze wezipeleri goýýandygyny nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda düýpli özgertmeler bolup geçdi. Bitarap Watanymyz öz ösüşiniň täze tapgyryna – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdy. Ýurdumyzda uly möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa, konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri döwletimiziň Baş Kanunynda beýan etmegi talap edýär. 

 

Şoňa görä-de, biz Konstitusiýamyza täze kadalary girizýäris. Bu kadalar diňe bir şu günki günüň ýagdaýyny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem ýakyn we uzak geljegi hem nazara alýar. Berkarar döwletimizi syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

 

 

 



Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertleri döretdik. Konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça ýörite topar döredildi. Bu topar häzirki wagtda netijeli işleri alyp barýar, gelip gowuşýan teklipleri öwrenýär we tertipleşdirýär. 

 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň iş topary hem döredildi. Bu toparyň düzümine belli alymlar, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri girýär. Bellenilşi ýaly, olar ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, Esasy Kanunymyzyň täze taslamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň her bir raýatynyň teklibi döwletimiziň Baş Kanunynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

 

Bitarap döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde biz iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerinden we halkara hukugynyň esas goýujy kadalaryndan ugur alýarys. 

 

Konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylýan häzirki döwründe ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigi bilen bagly meselelere seretmek we olary kämilleşdirmek hem maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Sebäbi, berkarar Watanymyz gün-günden ýokary depginler bilen ösýär. Obalarymyzyň we şäherlerimiziň çäkleri giňeýär. Käbir obadyr şäherleriň bolsa, çäkleri birleşip, olar bir uly, bitewi ilatly ýerlere öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz obalary we şäherleri dolandyrmak üçin amatly şertleri döretmek, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny tertipleşdirmek we bu meseleler bilen bagly kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisi welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde dolandyryş-çäk birlikleriniň gurluşyny üýtgetmek we täze geňeşlikleri döretmek boýunça degişli işleri geçirse, maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyza, Käbä deňeýän mähriban enelerimize ýüzlenmek bilen, ýurdumyzda uly sylag-hormatdan peýdalanýan abraýly adamlaryň bir ýere jemlenip, agzybirlik bilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr diýip belledi. Sebäbi, ata-babalarymyzyň «Iliň güýji – siliň güýji!» – diýen pähimi bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Gözbaşyny belent daglaryň başyndan alyp gaýdýan köp sanly çeşmeleriň bir hana birigip, möwç urýan joşgunly derýalara öwrülişi ýaly, ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň hem agzybirlik bilen, mäkäm jebisleşip, bir maksada hyzmat etmegi pähim-parasadyň synmaz güýjüne öwrülýär. Mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge berýän ak pataňyz we goldawyňyz bizi yhlas bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Milli Liderimiz berýän maslahatlary, goldawy we öwüt-ündewleri üçin, hormatly ýaşulularyň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli taryhy döwürlerinde bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ýurdumyzda ýaşuly nesliň sarpasynyň örän belentdigini nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunynda bellenişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

 

Bitarap Watanymyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek biziň esasy maksadymyzdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir türkmenistanlynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň girewidigini belledi. 

 

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

 

Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmegi teklip edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi. 

 

Ilkinji bolup çykyş eden Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Bally Narçyýew, ýurdumyzyň ýaşulularynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçiren oňyn içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem şu gün Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen ähli çözgütleri biragyzdan goldaýandyklaryny nygtady. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar, ilatymyza deňi-taýy bolmadyk ýeňillikler, şol sanda tebigy gaz, elektrik energiýasy we agyz suwy mugt berilýär, jemagat hyzmatlary üçin tölegler hem mugtyň bäri ýanydyr. Türkmenistanlylaryň abadançylygy hem yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary we kömek pullaryny on göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permany hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halky özi barada edýän çäksiz aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. 

 

Halk pähiminde bellenilişi ýaly, “Biçilen don gysga bolmaz”. Milli Liderimiz ähli işlerde we başlangyçlarynda hormatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp, türkmen halkynyň hakyky demokratiki däplerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýändigini belläp, çykyş eden şu maslahatda kabul edilen çözgütleriň, şeýle hem girizilen teklipleriň ýurdumyzyň ösüşine täze itergi berjekdigini nygtady. 

 

Çykyşynyň dowamynda B.Narçyýew häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has gowlanandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Häzirki wagtda islendik maşgalanyň kaşaň ýaşaýyş jaýyny edinmäge ýa-da ähli amatlyklary bolan jaýy gurmaga mümkinçiligi bardyr. Bir söz bilen aýdylanda, indi adamlar bolelin durmuşda ýaşaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edýän türkmenistanlylaryň berilýän ýeňilliklerden peýdalanmaga, şeýle hem ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli ulanmaga jogapkärli çemeleşmeginiň wajypdygyny nygtady. Bu berilýän ýeňillikleriň öwezini dolmak üçin döwletimiz ägirt uly býujet serişdelerini goýberýär. 

 

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, hojalygy ýöretmegiň netijeli ulgamyny döretmäge hem-de milli ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen giň möçberli ykdysady özgertmeleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi. 

 

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda Watan goragçylaryny, milli gahrymanlary hatyralamak boýunça gadymdan gelýän halk däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Olaryň arasynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew we 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen ildeşlerimiz bar. Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde golaýda açylan “Halk hakydasy” atly ýadygärlikler toplumy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

Çykyşda şeýle hem türkmen halkynyň döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmaga, ilatymyzy bedenterdiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ählisini tüýs ýürekden goldaýandygy bellenildi. Bu işde hormatly Prezidentimiziň özi ildeşlerimize görelde görkezýär. 

 

Çykyşynyň ahyrynda B.Narçyýew milli Liderimizi eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 23 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Soňra Bereket lokomotiw deposynyň tehnigi B.Tekegulyýewe söz berildi, ol öz çykyşynda ýurdumyzyň we halkara ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan uly möçberli taslamalara üns berdi. Olaryň hatarynda müňlerçe kilometre uzalyp gidýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demirýolunyň gurluşygy bar. 

 

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň maýynda bu polat ýoluň türkmen-gazak böleginiň açylyşy boldy, şol ýol bilen eýýäm ýükleri daşamak başlandy. Demirýoluň ugrunda zerur durmuş-önümçilik düzümleriniň ählisi döredildi, şonuň netijesinde täze iş orunlary peýda boldy. 

 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu demirýoluň gurluşygynyň barşyna hemişe üns berýändigi bellenip geçildi. Şu ýyl döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlanyp barýan ýoluň Eýranyň serhedine çenli bölegini çekmegiň işleri bilen tanyşdy, demirýolçular bilen duşuşdy, olaryň zähmet we durmuş şertleri bilen gyzyklandy, munuň özi pudagyň işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. 

 

“Demirgazyk-Günorta” transmilli polat ýoly Aziýa bilen Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň köprüsi boljak dostluk ýoludyr diýip B.Tekegulyýew nygtady. Bu ulag geçelgesi doly güýjünde işläp başlanda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkär, daşary ýurt döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylar, bu öz nobatynda halkymyzyň durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

 

Çykyş eden ýollary çekmegi we köprüleri gurmagy biziň ata-babalarymyzyň sogap iş hasaplandygyny belläp, “Demirgazyk-Günorta” demirýoly häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi bolup durýandygyny nygtady. Bu transmilli polat ýolunyň ähmiýeti sebitiň çäklerinden çykýar, şol ýoldan bir wagtlar gadymy Ýüpek ýolunyň ugry boýunça düýe kerwenleriniň geçişi ýaly otlularyň kerwenleri geçer. Biziň halkymyz öz mähriban watanyna we öz Gahryman Arkadagyna tüýs ýürekden buýsanýar we häzirki wagtda milli Liderimiziň töweregine jebisleşip öz ýagty geljegini üpjün etmek bilen parahatçylyk, dostluk we döredijilik ýoly bilen ynamly gadam urýar diýip B.Tekegulyýew nygtady. 

 

Çykyş edeniň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň demirýolçulary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem Ýaşulularyň maslahatynyň häzirki mejlisinde kabul edilen ähli çözgütleri tutuşlygyna goldaýarlar we makullaýarlar. 

 

B.Tekegulyýew öz çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyz we mähriban halkymyz hakyndaky alada ýugrulan asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Soňra Lebap welaýatynyň Sport baradaky komitetiniň 7-nji sport mekdebiniň (Türkmenabat şäheri), tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli sport ussady Şirin Kubaýewa çykyş etdi, ol türkmen türgenleriniň adyndan milli Liderimizi we maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy we Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynyň açylmagy bilen gutlady. 

 

Nygtalyp geçilişi ýaly, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň gazanan ähli üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň göni netijesidir. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen “Döwlet-adam üçindir!” diýen şygar halkymyzyň abadançylygynyň we bagtynyň kepili bolup çykyş edip, gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň sagdyn nesli kemala getirmäge, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işi türkmenistanlylary ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň sportuny ösdürmek meselelerine birsyhly üns bermegi hem-de bu ugurda milli Liderimiziň görýän çäreleri dünýäniň sport jemgyýetçiligini haýran galdyrýar. 

 

Bu babatda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň gurulýandygy hem-de ulanylmaga berilýändigi bellenip geçildi, munuň özi täze zehinleri ýüze çykarmaga, türkmen sportuny dünýä derejesine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan we her ýyl Türkmenistanda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän biraýlyk, köpçülikleýin sport çäreleri türkmenistanlylarda ägirt uly gyzyklanma döredýär. At çapyşyklary ýaly sportuň däp bolan milli görnüşi täze itergi aldy, şol at çapyşyklary üçin döwrebap atçylyk-sport toplumlary guryldy. Bularyň hemmesi Türkmenistanda sportuň hakykatdan hem ählihalk hereketine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. 

 

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabatda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi Watanymyzyň halkara abraýynyň, durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda sport ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmekdäki şahsy hyzmatlarynyň subutnamasy boldy. Aziada taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda Olimpiýa şäherçesi gurulýar, ol eýýäm özüniň ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Bu döwrebap toplumyň işe girizilmegi türkmen sportuny täze, görlüp-eşidilmedik belentlige çykarmaga mümkinçilik berer diýip Ş. Kubaýewa nygtady. 

 

 

 

 



Şu ýylyň noýabrynda ýurdumyzda guşakly göreş boýnça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi hem bellenip geçildi. Türkmen türgenleri bu ýaryşlarda mynasyp çykyş etmegi we ýurdumyzyň sport üstünliklerini täze ýeňişler bilen artdyrmagy berk ýüreklerine düwýärler. Ýurdumyzyň ähli türgenleri we tälimçileri geljekde-de dünýäniň sport meýdançalarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň buýsanç bilen parlamagy hem-de Watanymyzyň Döwlet senasynyň batly ýaňlanmagy üçin güýç-gaýratyny aýaman zähmet çekerler diýip Ş. Kubaýewa nygtady. 

 

Çykyş eden ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligiň adyndan milli Liderimize sporty höweslendirmek we ösdürmek hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ş.Kubaýewanyň aýdyşy ýaly, türkmen türgenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdebaryjy döwlet syýasatyny, Türkmenistanyň baştutanynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalaryny, şeýle hem Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen ähli möhüm çözgütleri tüýs ýürekden goldaýarlar. 

 

Soňra Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Durun geňeşliginiň arçyny Janmuhammet Janyýewe söz berildi. Ol täze taryhy eýýamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň özbaşdak döwletimiziň görlüp-eşidilmedik durmuş-ykdysady ösüşleri gazanandygyny nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrylýan iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz düýpli özgerýär, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. 

 

J.Janyýewiň belleýşi ýaly, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, degişli hukuk esaslary pugtalandyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde saklaýan meseleleri bolup durýar. Milli Liderimiziň goldawyndan ruhlanyp geňeşleriň arçynlary we agzalary "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" öňde goýlan wezipeleri çözmäge örän işjeň gatnaşýarlar. 

 

Bu toplumlaýyn maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu gün türkmen obasy şäherlerden az tapawutlanýar. Olar döwrebap keşbe eýe bolýar, bu obalary ýerlerde gurulýan durmuş-medeni ähmiýetli täze desgalar bezeýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nusgalyk obalary we şäherçeleri peýda bolýar. Muňa ýakynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda açylan Täze zaman obasy aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

Soňra çykyş eden milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmeginiň halkyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Ýurdumyzyň ilatyna berilýän durmuş ýeňillikleri, zähmet iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýer eýeleriniň zähmetine berilýän ýokary baha – bularyň hemmesi türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. J.Janyýewiň nygtaýşy ýaly, türkmen halky şu ajaýyp we bagtyýar durmuş üçin öz Gahryman Arkadagyna çäksiz hoşaldyr. 

 

Ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ýokary netijeleri gazanmak ugrunda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda yglan eden bäsleşigi oňat itergi bolup durýar. Bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, obalary we şäherleri abadanlaşdyrmak, döwrebap düzümi kemala getirmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça uly işler geçirilýär. Biziň öňümizde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, ilata ýokary hilli hyzmatlary guramak babatda kärhanalaryň sanyny artdyrmak boýunça möhüm we jogapkärli wezipeler durýar diýip, çykyş eden aýtdy. 

 

Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmak, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, tebigy gazdan, elektrik togundan, agyz suwundan rejeli peýdalanmagyň möhümdigi babatda ilat arasynda wagyz işlerini geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek üçin bilelikde işlemäge arçynlar, ýaşuly nesiliň wekilleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalary çekilýärler. 

 

J.Janyýew çykyşyny dowam edip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, arçynlaryň ýerlerde ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmäge gönükdirilen degişli işleri alnyp barýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýerlerde döredilen toparlara halkdan teklipler gelip gowuşýar. 

 

Milli Liderimiziň Ýaşulular maslahatyndaky çykyşynda ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigi bilen baglanyşykly meseleleriň gozgalandygyny belläp, çykyş eden ýakyn wagtda olary çözmek boýunça degişli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy. 

 

Döwlet Baştutanymyzyň bu günki taryhy çykyşynyň türkmen halkynyň bagtly geljeginiň kepili bolup durýandygyny nygtap, J.Janyýew arçynlaryň ählisiniň milli Liderimiziň ägirt uly başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny hem-de olary durmuşa geçirmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

 

Soňra maslahatyň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň guýylary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehiniň göteriji enjamynyň maşinisti Durdygylyç Meredowa söz berildi. Ol maslahata gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly halkyň bähbidine gönükdirilen çykyşyny ruhubelentlik bilen diňländiklerini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň döredijilikli içeri we daşary syýasatynyň, ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmeleriň, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy 2015-nji ýylda ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň doly goldanylýandygy beýan edildi. 

 

D. Meredowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen maksatnamalaýyn şygarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlar boýunça depginli ösüşini hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny şertlendirdi. Şunda milli Liderimiziň ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň ösdürilmegine berýän uly ünsi nygtaldy. Bu pudaga döwlet ägirt uly serişdeleri maýa goýýar. Pudagyň zähmetkeşleriniň ygtyýarynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden iň häzirki zaman tehnikalar we enjamlar bolup, olaryň zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 

 

Şu babatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça badalga berlen Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň häzirki wagtda ýokary depginler bilen alnyp barylýandygy bellenildi. Bu wajyp düzümleýin taslama türkmen hünärmenlerine ynanyldy. Munuň üçin Watanymyzyň gazçylary milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirýärler. 

 

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan “açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ykdysady ösüşiň haýran galdyryjy depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge, iri maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýän ýurtlaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň sany yzygiderli artýar. Bular barada aýtmak bilen, D.Meredow üstünlikli amala aşyrylan Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan-Eýran gaz geçirijileriniň gurluşygyny, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri aýdyň mysal hökmünde getirdi. Bularyň hemmesi Watanymyzyň halkara abraýyny görülip-eşidilmedik derejede ýokary galdyrdy. Muňa pudagyň zähmetkeşleri tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip, çykyş eden nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, bütin dünýä meşhur “Galkynyş” gaz ýatagynda senagat desgalarynyň toplumynyň gurluşygyna, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürjek dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumynyň bina edilmegine badalga berildi. Bu wakalaryň ählisi türkmen döwletiniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar diýip, D.Meredow aýtdy. 

 

Bulardan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gaz gysyjy desgalar we beýleki tehniki desgalar gurulýar we ulanyşa tabşyrylýar. Bellenilişi ýaly, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar, şeýle hem türkmen “mawy ýangyjyny”, şol sanda onuň gaýtadan işlenen görnüşini daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berer.

 

Çykyş eden sözüni dowam edip, ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmäge, daşky gurşawy goramaga degişli öňe süren halkara başlangyçlaryna aýratyn buýsanýandyklaryny nygtady. Şol başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Öz kärdeşleriniň adyndan D.Meredow gaz pudagynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin janlaryny aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

 

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” myhmanhanasynyň administratory Şemşat Atalyýewa öz çykyşynda Hazaryň türkmen kenarynda okgunly kemala gelýän halkara derejesindäki şypahanany ösdürmek meselesiniň üstünde durup geçdi. 

 

Bellenip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň maýynda bolan sammitinde "Awazany" döretmek hakyndaky başlangyjy ilkinji gezek beýan eden pursatyndan başlap bu ýerde ägirt uly özgertmeler bolup geçdi. Häzirki wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hakykatdan hem “Gündogaryň şypahana merjeni” diýlip atlandyrylýar. Bejeriş häsiýetindäki deňiz howasy, arassa deňiz, kaşaň myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň toplumy, seýilgäh zolaklary we özboluşly suw çüwdürimleri – bularyň hemmesi "Awazany" hakykatdan hem behişdi mekana öwürdi. 

 

 

 

 



Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde “Awaza” häzirki wagtda diňe bir şypahana hökmünde däl, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde hem bellidir diýlip nygtaldy. Bu ýerde dürli işewürlik maslahatlary, ylmy maslahatlar, festiwallar, konsertler we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Mysal üçin şu ýyl "Awaza" windserfing boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyryny ilkinji gezek kabul etdi. 

 

Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda Kongress—hollyň, şeýle hem akwaparklar bilen medeni dynç-alyş merkezleriniň, myhmanhanalaryň, sergi pawilonlarynyň, dünýä derejesindäki täze kaşaň myhmanhanalarynyň hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda üpjün edilen döwrebap sport desgalarynyň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Şunda taslamany durmuşa geçirmäge badalga berlen bary-ýogy birnäçe ýyldan soň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda türkmenistanlylaryň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi. 

 

Ş.Atalyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny, Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen çözgütleri, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin öňde goýlan wezipeleri doly goldaýandygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň uly möçberli döredijilikli işi beýik ata-babalarymyzyň, ýagny türkmen halkynyň görnükli taryhy şahsyýetleriniň alyp baran işleriniň dowamy bolup durýar diýip nygtady. 

 

Ş.Atalyýewa häzirki wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynda hem, onuň myhmanlarynda hem uly gyzyklanma döredýändigini belläp, öz çykyşyny Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hoşallyk sözleri we joşgunly setirler bilen tamamlady. 

 

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary Hanmämmet Begzadaýew bu gullugyň ähli işgärleriniň adyndan pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine yzygiderli berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi. 

 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan iň täze ýokary tehnoldogiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, täze gurulýan Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň sebitde kemala getirilýän kuwwatly port ulgamynyň möhüm düzüm bölegine öwrüljekdigi bellenildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde deňiz söwda floty we porty üçin dürli görnüşli gämiler we kuwwatly tehnikalar satyn alynýar. Häzirki wagtda nebit we nebit önümlerini daşaýan, gury ýükleri daşaýan milli gämilerimiz mawy tolkunlaryň arasynda halkara ýüzüşleri amala aşyrýarlar. Ýakyn wagtda ýük awtoulaglaryny we ýolagçylary gatnatmak üçin niýetlenen RO-PAX kysymly döwrebap gämileriň ikisiniň getirilmegi bilen milli deňiz flotumyzyň tehnikalarynyň üsti ýetiriler. 

 

Şunuň bilen birlikde, H.Begzadaýew hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak meselelerine, hususan-da, Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmäge degişli meselelere aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, şeýle hem Braziliýada geçirilen “Rio+20” sammitde beýan eden hem-de möhüm ekologiýa wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilen netijeli teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Şu babatda, Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV Sammitinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan teklip edilip, gol çekilen “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” hem-de “Hazar deňzinde suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda” Ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. 

 

Pudagyň zähmetkeşleriniň döwlet Baştutanymyzyň ösüşlere beslenen içeri we daşary syýasatyny, Ýaşulular maslahatynda kabul edilen hemme çözgütleri doly goldaýandyklaryny nygtap, çykyş eden milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň gumanitar taýýarlygy bölüminiň ofiseri Muhammet Babaýewe söz berildi, ol Watan goragçylarynyň ählisiniň adyndan şu Ýaşulular maslahatynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda täze asylly başlangyçlara hem-de düýpli özgertmelere badalga beriljekdigine ynam bildirdi. 

 

M.Babaýew mukaddes harby borç we Watana bolan söýgi hakynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini mysal getirip, gadymdan bäri türkmen halkynyň Watan diýen düşünjä mukaddeslik hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen esgerleriniň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, mähriban topragymyzda parahatçylygyň hem-de asudalygyň goragynda eserdeň durjakdyklaryna hem-de Watanymyza, halkymyza we Türkmenistanyň Prezidentine, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna beren kasamlaryna wepala boljakdyklaryna ynandyrdy. 

 

Bellenip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda milli harby işgärleriň täze nesli kemala gelýär, olar türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran gahryman ata-babalarymyzyň, ýagny Oguz hanyň, Çagry begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň iň oňat nusgalarynda terbiýelenýärler. Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady iň döwrebap harby tehnikasynyň hem-de ýaraglarynyň hasabyna pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hünär ussatlygy ýokarlanýar, watan goragçylarynyň we olaryň maşgalalarynyň gulluk hem-de durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Türkmen harby gullukçylary hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler, şol alada olar üçin ägirt uly hormat bolup durýar. 

 

Nygtalyp geçilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda döwlet Baştutanymyzyň watançylyk çagyryşlary bilen ruhlanan edermen esgerler gulluk edýärler, hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi olaryň her biri üçin edermenligiň hem-de watana bolan çäksiz söýgüniň ajaýyp mekdebi bolup durýar. 

 

M.Babaýew sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy watan goragçylarynyň geljekde hem öz mukaddes harby borçlaryny ak ýürek bilen ýerine ýetirjekdigine, özbaşdak Watanymyzda parahatçylygyň hem-de rahatlygyň, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşynyň goragynda eserdeň durjakdygyna ynandyrdy. 

 

Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Jemal Akyýewa söz berildi. Ýaş nesliň wekili ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy we bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän şanly sene bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem bu umumymilli maslahata gatnaşmaga we onuň belent münberinden çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildrdi. 

 

Nygtalyp geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda öz röwşen geljegine ynamly gadam urýan öz ygtyýarly Watanymyzyň binýady beýik işlerden hem-de taryhy ýeňişlerden tutulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kuwwatly önümçilik toplumlary, iri ulag-aragatnaşyk ulgamlary, medeni-durmuş, saglygy goraýyş, bilim-terbiýeçilik, sport maksatly desgalar gurulýar hem-de ulanylmaga berilýär. Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň aýdyň tassyklamasy, milli agzybirligimiziň äşgär nyşanlary bolup durýar. 

 

Şunda mähriban Watanymyz we onuň dünýäde ýokary abraýy üçin buýsanç duýgusyna beslenen türkmen ýaşlarynyň asylly başlangyçlaryň öň hatarynda durýandygy bellenip geçildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda geçirilýän toplumlaýyn bilim özgertmeleri hem-de ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylara döwrebap bilim almak, ylymlara eýe bolmak, gözýetimiňi giňeltmek, seçilip alnan hünäre eýe bolmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanda orta hünärment we ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar, her ýyl talyplaryň sany köpelýär. Mysal üçin şu okuw ýylynyň birinji güni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dabaraly ýagdaýda açyldy, şol uniwersitetde iňlis dilinde okadylýar. 

 

J.Akyýewanyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bilim almak, ylym bilen meşgullanmak üçin döredilen deňsiz-taýsyz şertler, häzirki we geljekki nesilleriň bagtynyň bähbidine Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli asylly işleri hem-de başlangyçlary ýaş türkmenistanlylary ruhlandyrýar. Döwlet Başutanymyz tarapyndan ýaşlaryň öňünde goýlan belent wezipeler bizi täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar diýip türkmen talyplarynyň wekili nygtady. 

 

J.Akyýewa öz çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň özlerine bildirilen ýokary ynamyny ödejekdigine we öz öňlerinde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ähli güýçlerini sarp etjekdiklerine ynandyrdy. 

 

Hormatly Prezidentimiz meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň netijelerini jemläp, umumymilli maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyş edenleriň hemmesine minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gün orta atylan teklipleriň ählisiniň hökman nazara alynjakdygyny belledi. 

 

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň garamagyna hödürlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzylygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakyndaky» Perman hem-de «Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakyndaky» Perman bar. 

 

Soňra umumymilli maslahat Türkmenistanyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak çäresi bilen dowam etdi. 

 

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanlary okaýar. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda eziz Watanymyzyň garaşsyzlygyny berkitmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, däp-dessurlarymyzy goramaga, ýaşlarymyza mynasyp bilim we terbiýe bermäge uly şahsy goşant goşup, döwletimiziň hem-de halkymyzyň öňünde aýratyn hyzmatlary bitiren, köp ýyllaryň dowamynda halal we yhlasly zähmet çeken ýurdumyzyň raýatlaryna, şeýle hem “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşululara sylaglary gowşurýar. 

 

Watandaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň elinden döwlet sylaglaryny kabul etmek bilen, milli Liderimize öz çeken zähmetlerine berlen ýokary baha, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

 

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiniň başlygy Ö.Mämmetnurowa söz berilýär. Ol dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýragyny gowşurmak hakynda komitetiň Kararyny okaýar. 

 

Maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza bu hormatly baýragy gowşurýar. Milli Liderimiz bu baýraga milletiň baý taryhy-medeni we ruhy mirasyny gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak we dünýäde giňden wagz etmek, belent ynsanperwerlik pikirlerini durmuşa geçirmek işinde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy. Beýik şahyrymyz we akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz işine berlen ýokary baha üçin, beýik akyldarymyz we nusgawy şahyrymyz, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyny baýlaşdyrmaga ägirt uly goşant goşan Magtymgulynyň adyny göterýän halkara baýragynyň gowşurylmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy ýörelgesinde, onuň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmen halky bu görnükli akyldaryň joşgunly setirlerine uly hormat bilen garaýar. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, il sylagly ýaşulularyň ýygnanan maslahatynda Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň gowşurylmagyny milli Liderimiz mähriban halkymyzyň özüne bildirýän ýokary ynamynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, täze belent maksatlary gazanmagyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli, ähmiýetli işleri ykrar etmegiň nyşany hökmünde kabul edýär. 

 

Beýik şahyryň: “Berkarar döwlet islärin!” diýen çuňňur parasada ýugrulan mukaddes setirleri siziň her biriňize bellidir. Garaşsyzlyga eýe bolmagymyz bilen beýik akyldaryň özbaşdak döwlet, agzybir halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşy baradaky arzuwy hakykata öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam edip. 

 

Beýik Magtymguly Pyragynyň garaşsyz türkmen döwletini gurmak baradaky pikirleri, onuň syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwer we ahlak garaýyşlary türkmen jemgyýetiniň berk binýadyna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ady türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy, hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenen, bagyýar geljegi baradaky arzuwlarynyň amala aşmagynyň özboluşly mukamy bolup ýaňlanýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

 

Beýik şahyryň adyna döredilen baýragyň gowşurylmagy döredijilik işe ruhlandyrýar, mähriban halkymyzyň, geljekki nesilleriň abadançylygynyň, özbaşdak Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagynyň bähbidine güýjüňi gaýgyrman, ýadawsyz we gaýratly zähmet çekmäge borçly edýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu halkara baýragyny ol diňe bir hususy sylag hökmünde däl, eýsem, türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde kabul edýär. 

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prezidiumdaky öz ornuna geçdi we maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanyň okalmagynyň dowam etjekdigini habar berdi. 

 

Türkmenstanyň Mejlisiniň Başlygy Permany okamagyny dowam edýär. 

 

Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda bu hormatly döwlet sylagyna eýe bolan ýolbaşçylara “Magtymguly Pyragy” medallaryny gowşurýar. 

 

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz umumymilli maslahata gatnaşyjylara 2015-nji ýylda Ýaşulular maslahatyny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda geçirmek teklibi bilen ýüzlendi. Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz degişli Permaga gol çekip, nobatdaky Ýaşulular maslahatyny geçirmegiň anyk möhletiniň soň habar beriljekdigini aýtdy.. 

 

Soňra döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynyň başlygynyň orunbasaryny saýlamak meselesine geçdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Düzgünnamasyna laýyklykda Balkan welaýatynyň ýaşululary bu wezipä hormatly ýaşulularyň biri bolan Serdar etrabynyň ýaşaýjysy Amanmuhammet Täşliýewi saýlamak baradaky teklip bilen çykyş etdiler. 

 

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, A.Täşliýewi bu hormatly wezipä saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Milli Liderimiz geçen ýyl Daşoguzda geçirilen Ýaşulular maslahatynda bu wezipä Lebap welaýatyndan Ýaraşgeldi Myradowyň saýlanandygyny ýatlatdy. Ol bu döwrüň bütin dowamynda Ýaşulular maslahatynyň edarasynda abraý bilen zähmet çekdi. Döwlet Baştutanymyz çeken yhlasly zähmeti, alyp baran wagyz-nesihat işleri üçin Ýaraşgeldi aga tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

 

Soňra milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly sene bilen baglanyşykly bir meseläni şu gün ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini belledi. Indiki ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” Rezolýusiýany kabul edenine 20 ýyl dolýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjymyzyň nyşany hökmünde 2015-nji ýyly Bitaraplygyk we parahatçylygyk ýyly diýip yglan etmegi teklip etdi. Halkyň arzuw-islegini nazarda tutup, maslahata gatnaşyjylaryň agzybirlikli el çarpyşmasy astynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň degişli Kararyna gol çekdi. 

 

Soňra şu günki umumymilli maslahatda döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylaryň türkmen halkyna Ýüzlenmesiniň taslamasyny bu ýere ýygnananlaryň garamagyna hödürledi. Ol gelip gowşan ähli teklipler nazarda tutulyp taýýarlandy. 

 

Bu resminama biragyzdan kabul edildi. 

 

Soňra milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda milli demokratiýanyň ýörelgeleri esasynda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerimize baha berdik, şeýle hem, amala aşyrylýan Prezident Maksatnamasyna laýyklykda öňümizde durýan wezipeleri kesgitledik diýip belledi. 

 

Ýaşulular maslahatynyň gün tertibine girizilen ähli meselelere seredilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandyklary üçin, maslahata gatnaşanlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gün Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýollary anyk kesgitlendi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini güýçli depginler bilen ösdürmek arkaly ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak boýunça öz öňümizde beýik maksatlary goýduk. Häzirki döwürde biziň üstünlikli amala aşyrýan işlerimiziň ählisi şu maksatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi. 

 

Biziň esasy wezipämiz mähriban halkymyzyň hal - ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Kabul eden giň gerimli maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, biz entek köp işleri etmeli. Mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde, öňümizde goýan beýik maksatlarymyzy biz üstünlikli amala aşyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

 

Men ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, milli medeniýetimizi ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrýan giň gerimli işlerimize mundan beýläk-de ruhubelentlik bilen gatnaşjakdygyna hem-de öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi. 

 

Geljek ýyl ýurdumyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde – gojaman Hazaryň şypaly kenarynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda bina edilýän Kongresler köşgüniň gurluşygy tamamlanar. Bu Köşkde döwlet derejesinde hem, halkara derejesinde hem kongresleri, maslahatlary, festiwallary we beýleki çäreleri geçirmek üçin ähli şertler dörediler diýip, bellemek bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň indiki maslahatyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän bu ajaýyp Köşkde geçirmegi teklip etdi. 

 

Türkmen topragynyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki döwürde dünýä derejesindäki sagaldyş-dynç alyş we şypahanalar toplumyna, halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi. «Awazada» dürli medeni çäreler, ykdysady forumlar, halkara maslahatlary, festiwallar, sergiler, telekeçilik we işewürlik duşuşyklary ýokary derejede geçirilýär. Nesip bolsa, biz geljek ýyl «Awazada» parasatly ýaşulularymyz bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem, kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

 

Milli Liderimiz Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmäge gatnaşan işgärleriň ählisine, şeýle hem welaýatyň zähmetsöýer, agzybir ilatyna myhmansöýerligi we maslahaty geçirmäge oňat şertleri döredendigi üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, geljek ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem Ýaşulularyň maslahatynyň şeýle ýokary derejede we guramaçylykly geçiriljekdigine berk ynam bildirdi. 

 

Ýaşulularyň indiki maslahatynyň gün tertibine girizmäge ýa-da seredilmäge degişli meseleler boýunça teklipler bilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasyna islendik wagt ýüz tutup bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

 

Eziz Watanymyz Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şu maslahatyny şanly senäniň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirdik diýip belledi. Ýene-de birnäçe günden biz Baş baýramymyzy giňden we dabaraly belläp geçeris. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda dürli çäreler geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary uly dabaralara beslenip geçiriljek baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri türkmen halkynyň beýik baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, maslahata gatnaşyjylara we myhmanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Şunuň bilen döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularyň maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi. 

 

Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent owazy ýaňlanýar. 

 

Ýaşulularyň maslahaty tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy maslahatyň işiniň üstünlikli tamamlanmagy hem-de ýetip gelýän şöhratly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri we egsilmez güýç-kuwwat arzuw edip, bu ýere ýygnananlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. 

 

Soňra Garaşsyz Watanymyzyň 23 ýyllygynyň şanyna geçirilen sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmagy bilen dowam etdi. Olar bu sylaglara Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldular. 

 

Hukuk goraýjy we harby edaralaryň ýolbaşçylary döwlet sylaglaryny milli Liderimiziň hut özünden kabul edip almak bilen, geljekde hem halkymyza we Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, Kanunyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, türkmenistanlylaryň asuda we abadan durmuşynyň goragynda eserdeň durjakdyklaryna ynandyrdylar. 

 

Şu gün agşam, Ruhyýet köşgünde baýramçylyk konserti tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäheriniň howa menziline baryp, bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

 

 

Esasy