20.10.2014 Türkmen mugallymlary okatmagyň täze tehnologiýalaryny we usullaryny özleşdirýärler

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Halkara hyzmatdaşlygy boýunca German jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda “Merkezi Aziýada bilim ulgamynyň özgertmeleri” üç fazaly bilim maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde işler işjeň alnyp barylýar. 2014-2016-njy ýyllar döwrüni öz içine alýan jemleýji tapgyrda “Okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny ýaýratmak boýunça tory döretmek” atly taslama badalga berildi. 

 

Maksatnamanyň bu bölegi boýunça ýurduň ähli sebitlerinde golaýda ýerli bilim guramalarynyň hünärmenleri, utgaşdyryjylar we usulýetçiler, tejribeli mugallymlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Ýokarda agzalan taslamanyň çäklerinde okatmagyň barşynda innowasion tehnologiýalary ulanmak boýunça eýýäm taýýarlyk işlerini geçdiler. 

 

 

 



Orta okuw mekdepleriniň müdirleri, şol sanda GIZ taslamasyny amala aşyrmaga öňden gatnaşýan “pilotnylar” hem maslahatyň işine işjeş gatnaşdylar. Olaryň binýadynda mundan öňki tapgyrlarda okatmagyň tejribesine gönüden-göni innowasion çemeleri ornaşdyrmak geçirildi. 

 

Sebitleriň toparlarynyň ählisiniň işleriniň barşynda bilim ulgamynda innowasiýalary ýaýratmak üçin toruň umumymilli usulyny döretmek boýunça “teklipler banky” söredildi. 

 

Sebitleýin bilim müdürlikleriniň ýanynda mekdebe çenli ýaşly edaralaryň terbiýeüileri we umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallaymlary üçin döredilen hünär kämilleşdiriş merkezleri onuň möhüm bölegi bolup durýar. 

 

Mugallymçylyk innowasiýalary ýaýratmak boýunça toruň milli usulyny taýýarlamakda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň meşhur mugallymlarynyň, mekdepler üçin okuw maksatnamalaryny we okuw kitaplaryny işläp taýýarlaýjylaryň halypaçylyk etmeklerinde hünär kämilleşdiriş ulgamy hem uly göwrümli işleri ýerine ýetirýär.

 

 

 

Wiktoriýa NOWIKOWA

 

 

Esasy