24.08.2014 Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň käbir pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Maslahatyň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz sebitleri toplumlaýyn ösdürmek ýaly, şol sanda dürli ähmiýetli gurluşyklaryň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet wezipeleriniň ugurlaryny kesgitledi. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşýanlaryň hasabatlaryny diňledi. 

 

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň geljegi uly meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada habar berdi. 

 

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň ileri tutulýan döwlet derejesindäki ugurlary giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns merkezinde durýan şol taslamalaryň amala aşyrylyşynyň depgini ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edip, oba ýerleriniň keşbini gözüň alnynda özgerdýär. 

 

Binalar gurlanda döwrebap tehnologiýalaryň we materiallaryň oýlanyşykly peýdalanylmagy, desgalaryň halkara ülňüleriniň derejesinde enjamlaşdyrylmagy, adamlaryň oňaýly dynç almaşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilmegi esasy talap bolup durýar. 

 

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň baş maksadynyň halkyň durmuşy üçin iň oňat şertleriň, her bir raýatyň öz ukyplaryny amala aşyrmagy üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary netijeleri gazanmagyň, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň bähbidine iş alyp barýan düzümleriň has ysnyşykly hereket etmeginiň zerurdygyny nygtady. 

 

Milli Liderimiz bu işlere ýolbaşçylaryň örän çynlakaý çemeleşmeklerinde şahsy jogapkärçilik çekýändiklerine ünsi çekip, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hiliniň hem-de öz wagtynda ulanyşa berilmeginiň üpjün edilmeginiň olaryň hemişe gözegçiliginde bolmalydygyny nygtady. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly möçberde ýerine ýetirendigi barada hasabat berdi. Demir ýol Eýranyň serhedine çenli ýetirildi we ulanyşa bermäge doly taýýar edildi. Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümi döredildi. Ýoluň ugrunda demir ýol beketleri, demir ýol menzilleri, demir ýol köprüleri guruldy, hyzmat edýän işgärler we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaý toplumlary we ş.m. bina edildi. 

 

Bu demir ýol diňe Balkan welaýatynyň ösmegine badalga bermän, eýsem, döwletimiziň ähli milli maksatnamalarynyň has netijeli durmuşa geçirilmegine itergi berer. Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň işläp başlamagy Balkan sebitiniň baý tebigy serişdelerini özleşdirmäge ýardam berer. Köp sanly iş orunlaryny döreder, halk hojalyk ýükleriniň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, yklym derejesinde tiz daşalyşyny üpjün eder. Munuň özi ahyrky netijede türkmen halkynyň abadançylygynyň derejesiniň ýokarlanmagyna hem-de giň sebitara hyzmatdaşlygynyň has işjeň ösdürilmegine täsir eder. 

 

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak, bu ugra dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we ösen tehnologiýalaryny giňden çekmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak we olaryň durmuşa geçirilişiniň häzirki tapgyrynyň ýokary depginleri boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama hem-de onuň berjaý edilişi barada habar berdi. 

 

Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrüň talabyna laýyk derejede ulag ulgamyny ösdürmek, ýolagçylara medeniýetli hyzmat etmegi ýokarlandyrmak we oba ilatyny telefon aragatnaşygy bilen üpjün etmek, olara giň görnüşde we ýokary hilde ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy. Munuň özi obany özgertmek boýunça milli maksatnamanyň esasy wezipeleri bolup durýar. 

 

Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak we olaryň degişli düzümini döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, wise-premýer Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli ulag ýolunyň taslamasyny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi. Onuň gurulmagy ýurdumyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini ösdürmekde möhüm orun tutmagyna hyzmat eder. 

 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, bar bolan ýollary döwrüň talabyna laýyk derejede ulanmak, täze ulag ýollary gurlanda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça goşmaça tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz sebit hem-de halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň iri taslamalaryny işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi aýratyn üns merkezinde saklamagy talap etdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yklymyň esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň logistika ulgamyny kämilleşdirmek, pudagy döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek boýunça ilkinji derejeli çäreleri kesgitläp, häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň täze şertlerde dikeldilýän möhüm bölegi hökmünde ýaýbaňlandyrylan ulag ulgamynyň döredilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny nygtady. Şu babatda Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, “Demirgazyk-Günorta” halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň, Hazaryň türkmen kenarynda täze portuň we howa menzilleriniň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de biziň ýurdumyzyň çäklerinden ýükleri daşamagyň multimodal ulgamyny döretmek boýunça ulaglar ulgamynyň ähli görnüşleriniň özara hereket etmeginiň iň oňaýly çyzgysy babatda oýlanmagy tabşyrdy. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary M.Artykow häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginleri we möçberleri, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatlarda döwrebap obalary döretmegiň barşy barada durup geçdi. 

 

Soňra wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny, ilaty, şol sanda oba ilatyny elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmek, täze elektrik beketlerini gurmak, önümçilige öňdebaryjy tejribäni hem-de iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

 

Gurluşyk ulgamy milli ykdysadyýetimiziň has depginli ösýän pudaklarynyň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu pudagyň üstünliklerinde we gazananlarynda diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, onuň durmuş we senagat strategiýasynyň ugurlarynyň şöhlelenýändigini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalarda işleriň hiline, häzirki zaman inženerçilik we binagärlik çemeleşmeleriň, bu pudakda iň täze önümçilik tehnologiýalarynyň ýokary depginli özleşdirilmegine, ýerli çig mal esasynda isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň çykarylmagynyň artdyrylmagyna gözegçilik etmek boýunça görkezmeler berdi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli ähmiýetli desgalaryň bina edilişi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz oba adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary ülňülerini döretmäge gönükdirilen sebit syýasaty hökmünde onuň derejesini nygtady. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynda ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, halkara ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän, döwrebap, ýokary öndürijilikli elektrik beketleriniň gurulmagynyň ýurdumyzyň sebitleriniň barha artýan sarp edijiligini kanagatlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew bank-maliýe ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, dürli maksatly binalary gurmak we olary ýeňillikli bank karzynyň hasabyna maliýeleşdirmek üçin işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimize “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” we Oba milli maksatnamasynyň indiki tapgyrynyň çäklerinde bellenen çäreleriň meýilnamalary barada habar berdi. Wise-premýer bu maksatnamanyň çäklerinde gurulýan desgalary maliýeleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri talaba laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

 

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Myradow bank ulgamynyň düzümleýin edaralarynyň häzirki işleri we olaryň işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda iri senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, döwrebap obalaryň gurluşyklarynyň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň amala aşyrylmagynda bank-maliýe düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini nygtap, maliýeleşdirmegiň dürli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maýa goýumlarynyň özleşdirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

 

Milli Liderimiz umuman, durmuş-ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bank ulgamynyň orny barada aýdyp, bu pudaga öňdebaryjy usullary we iň täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy tabşyrmak bilen, karz bermegiň, şol sanda hususy kärhanalaryna maliýe serişdelerini, şeýle hem oba ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýeňillikli karz bermek boýunça netijeli usuly işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. 

 

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow öz gezeginde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak we ösdürmek, ony döwrüň talaplaryna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol kabul edilen milli maksatnamalary, degişli maslahatlary bermegi hukuk taýdan goldamaklygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek işinde kanunçylyk üpjünçiligine möhüm orun berilýändigini belledi. Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, gurluşyk pudagynda hem döwreň talaplaryna laýyk gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu çäreler Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge ýardam eder. 

 

Häzirki wagtda ýurdumyzda badalga alan, sebit we halkara ähmiýetli durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti bolup durýar diýip, milli Lilderimiz belledi. Milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň toplumlaýyn ösüşini, onuň eksport kuwwatynyň ösdürilmegini hem-de halkymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny şertlendirer. 

 

Iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garaldy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara olaryň mundan beýläkki işleriniň anyk ugurlaryny kesgitläp, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

 

 

24.08.2014

 

 

 

Esasy