18.08.2014 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karbamid öndürýän zawodyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. 

 

Ozal habar berlişi ýaly, düýn "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bu uly möçberli taslama bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda ähli ugurlaryny gurşap alan uly möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädime öwrüler. Täze senagat desgasynyň –karbamid öndürýän nobatdaky zawodyň düýbüniň tutulmagy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň hatarynda durýan himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmakda nobatdaky tapgyrydyr. Şeýle hem şu wakanyň Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan has ösen döwletleriniň birine öwürmegiň ýolundaky möhüm ädim bolup durýandygyny bellemek gerek. 

 

Uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagy, uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlaryndan, bulardan gaýtadan işlenip çykarylýan, şol sanda nebithimiýa ulgamynda öndürilýän önümlerden netijeli peýdalanylmagy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilip, dünýäde durnuklylygyň gazanylmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degerli ýardam berýär. 

 

Türkmenistanda çig mallaryň baý gorlarynyň bolmagy oňa ýurdumyza ýod, brom we himiýa önümleriniň beýleki ençeme görnüşlerini öndürijileriň hataryna goşulmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, himiki komponentleriň täsin galdyrýan hem-de sulfat senagaty üçin örän uly gorlara eýe bolan Garabogazyň gurluşyk üçin saýlanyp alynmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň dogrudygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň biridir. 

 

Ýeri gelende, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy barada aýdanyňda, onuň esasy wezipeleriniň ýerli çig mallardan dolulygyna peýdalanmakdan, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň gündelik zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan, himiýa senagatynyyň eksport babatdaky kuwwatyny artdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň serişdeler babatdaky mümkinçilikleri mineral dökünleriniň ähli görnüşlerini ýurdumyzyň içerki zerurlyklaryny hem-de bularyň eksportyny dolulygyna üpjün edýär. 

 

Şu önümçiligiň barşynda tebigy gaz ilkibaşdaky çig mal bolup durýar, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Şu ýagdaý azot dökünlerini, hususan-da. kabamidi öndürmek boýunça täze kuwwatlyklaryň gurluşygynyň amatlydygyny görkezýär. Oba hojalygynyň has ýokary netijeli mineral dökünleri bilen üpjün edilmegi ösdürilip ýetişdirilýän hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, maldarçylyk we guşçulyk üçin ot-iýmlik binýadyny pugtalandyrmakda wajyp bolan ekinleriň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

 

Täze kärhananyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatlylyklaryny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer we munuň özi pudagyň eksport babatldaky kuwwatynyň giňeldilmegine getirer. Şu möhüm ähmiýetli taslamanyň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanda öndürilýän karbamidiň ýyllyk möçberi 2 million tonnadan geçer. Öndürilen önümiň agramly bölegini daşary ýurtly sarp edijilere ibermek göz öňünde tutulýar. Olar eýýäm häzirkii wagtda himiýa önümleriniň şu gönüşiniň satyn alynmagy babatda uly gyzyklanma bildirýär. 

 

Garabogaz şäheriniň karbamid zawodynyň gurluşygynyň taslamasy barada aýdanyňda, şu taslama işlenip taýýarlanylanda ekologiýanyň ýagdaýyna aýratyn üns berlendigi bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, täze önümçilik toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen, şu sebitdäki ilatyň işe ýerleşdirilmegine degişli meseleleriň çözüljekdigini bellemek gerek. 

 

... Irden döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän zawodyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin Garabogaz şäherine ugrady. 

 

Täze senagat desgasynyň gurluşyk meýdançasy baýramçylyga mahsus görnüşde bezelipdir. Daş-töwerekde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar, goýlan dürli diwarlyklarda we maketlerde geljekki zawodyň keşbi şekillendirilýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. 

 

Ine, sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetdi: Milli Liderimiziň dikuçary şu günki dabaranyň geçiriljek ýeriniň golaýynda ýerleşýän ýörite meýdançada gonýar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Asylly däbe görä, şu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny hormatly ýaşulular duz-çörek bilen garşylýarlar. 

 

Milli Liderimiz ýaşulular bilen söhbetdeşligiň barşynda olaryň jan saglygy, durmuşy, bu welaýatda işleriň barşy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň türkmenistanlylaryň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysynyň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň strategiki wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, millli Liderimiz welaýatda ilkinji nobatda ilatyň durmuş derejesiniň we hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy bilen gyzyklandy. 

 

Hormatly Prezidentimiz himiýa senagatynyň şu gün gurluşygyna badalga beriljek kuwwatly önümçilik desgasynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, şu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň türkmen halkynyň diňe bir häzirki däl-de, geljekki nesillerine-de diýseň peýdaly boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz täze zawodyň gurlup ulanmaga berilmeginiň ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we yzygiderli ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara derejesindäki özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigini aýtdy. 

 

Öz gezeginde, ýaşulular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyyň artdyrylmagyna, sebitdäki we dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösüdrilmegine gönükdirilen oňyn syýasaty ýöredýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýaşulalar Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ata Watanymyzyň bähbidi üçin köpugurly işinde täze ajýyp üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler. 

 

Ýaşulular türkmen döwletine mundan beýläk-de rowaçlyk, türkmenistanlylara bagtyýarlyk we abadançylyk dileg edip, şu günki dabara ak pata berdiler. 

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik toparlarynyň çykyş edýän ýerine bardy: aýdym-sazlar we täsirli çykyşlar şu dabaranyň şowhunyny has-da atdyrdy. Haly düşelen ýodanyň iki tarapynda elleri baýdakly, gülli we şarly ýigitler we gyzlar, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary milli Liderimizi mähirli gutlaýarlar. 

 

Täze önümçilik kärhanasynyň düýbüniň tutulýan ýeriniň golaýynda ak öýler dikilipdir, birnäçe asyr mundan ozal Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolundan kerwenler hut şu ýerleden-de gatnapdyr. Şolaryň aňry ýanyndaky belentlikde ahalteke bedewlerine atlananlar Türkmenistanyň Döwlet baýdaklaryny şemala pasyrdadyp, özboluşly ussatlyklaryny görkezýärler. Bularyň ählisi gadymy döwürlerden bäri milli däp-dessurlaryna ygrarly bolan Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýolundan bedew bady bilen ynamly gadam urup, sazlaşykly depginde ösýändigini görkezýän özboluşly nyşana öwrüldi. 

 

Ýörite taýýarlan meýdançada milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudak edaralaryň we kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, milli parlamentiň deputatlary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalaryň, daşary ýurt kompnaiýalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini wekilleri mähirli garşyladylar. 

 

Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzda işleýän diplomatlar bilen Türkmenistanyň nebithimiýa pudagyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz jemi içerki önümiň, daşarky söwda dolanyşygynyň durnukly ösüşiniň, Döwlet býujetiniň profisitiniň sazlaşykly ösýän türkmen ykdysadyýetiniň örän uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny görkezýändigini we munuň nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika boýunça we beýleki pudaklarda, şeýle hem durmuş ulgamynda giň gerimlm özgertmeleri we uly möçberdäki maýa goýumly taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi. 

 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýä energetiki strategiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendigini belläp, soňky ýyllarda nebitiň we gaz kondensatynyň işlenip çykarylýan möçberleriniň hem-de nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ösdürilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň şu ulgamyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň diwersifikasiýa edilmegine, nebitgaz çig malyny ulanmak bounça işleriň çaltlandyrylmagyna, sintetiki polimerleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna, şeýle hem himiýa önümleriniň ýokary tehnologik görnüşde işlenip çykarylmagynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. 

 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňde baryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary we kämil tehnologiýalary bilen üpjün ediljek karbamid öndürýän täze zawody gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. häzirki wagtda ýurdumyzyň himiýa senagaty uly özgerişlikleriň bosagasynda dur. Maryda we Garabogazda mineral dökünleri öndürýän täze kärhanalaryň ýene-de ikisiniň ulanmaga berilmegi bilen, tutuş ýurdumyzda himiýa önümleriniň bu wajyp görnüşleriniň ýylda öndürilýän möçberi 2 million tonnadan geçer. Munuň özi bu önümiň üçden bire golaý möçberini içerki bazara, galanyny bolsa daşary ýurtlara eksporta ugratmaga mümkinçilik berer. 

 

Öz gezeginde, daşary ýurtly diplomatlar ýurtda geçirilýän çärelere we dabaralara gatnaşmaga mümkinçilik döredilýändigi üçin hoşallyk bildirip, häzirki wagtda ykdysady taýdan batly depgin bilen ösýändigini görkezýän hem-de tutuş dünýäde döredijilikli syýasaty ýöredýändigi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary bilen tanalýan Türkmenistan babatda bildirilýän gyzyklanmanyň artýandygyny bellediler. 

 

Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýolbaşçylaryna dostlukly gatnaşyklaryň we özara arkalaşykly döwletara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw edip, gurluşyk meýdançasda ýörite gurnalan ýere barýar. 

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. 

 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary myhmansöýer türkmen topragynda Balkan welaýatynda ýene-de bir gezek mübärekledi hem-de biz şu gün ykdysadyýetimiz üçin ýene-de bir möhüm ähmiýetli desganyň –Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys diýip aýtdy. Mlli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda, himiýa senagatyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny hem-de geçirilýän bu işleriň özüniň oňyn netijelerini hem berýändigini belledi. 

 

Türkmenistanyň Prezidenti himiýa senagatynyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy önümçilik pudaklarynyň birine öwrülendigini aýtdy. Öz ýerli çig mallarymyzy rejeli we netijeli ulanmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmek üçin pudagyň ähli mümkinçilikleri bar. Şoňa görä-de, himiýa senagaty uly özgerişleri başdan geçirýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek netijesinde, mineral dökünleri öndürmek we pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Häzirki döwürde bu pudakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. 

 

Sözüni dowam edip, döwlet Baştutanymyz bilşiňiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti Ýaponiýada saparda boldy, bu saparyň çäklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň we Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň düzümine girýän «Gap Inşaat» kompaniýasynyň döreden konsorsiumynyň arasynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawody gurmak barada Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, biz şu gün täze zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys diýip aýtdy. 

 

Milli Liderimiz täze guruljak zawodyň esasy önümçiliginde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň kämil, döwrebap tehnologiýalarynyň ulanyljakdygyny aýdyp, kärhananyň ammiak önümçiliginde Daniýanyň «Haldor Topse AS» kompaniýasynyň tehnologiýalarynyň ornaşdyryljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze senagat toplumynyň kuwwatlyklary barada aýdyp, zawodda bir gije-gündiziň dowamynda 2.000 tonna, ýylda bolsa, 660 müň tonna ammiagyň öndüriljekdigini we çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanyljakdygyny aýtdy. 

 

Şeýle hem, zawodyň önümçiliginde Italiýanyň «Saýpem Espieý» kompaniýasynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna, ýylda bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamid döküniniň öndüriljekdigini hem-de bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünleriň dolulygyna daşary ýurtlara eksport ediljekdigini belledi. Milli Liderimiz bu zawodyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Garabogaz şäherinde gurulmagy öndürilýän önümi amatly şertlerde dünýä bazaryna çykarmaga mümkinçilik berer diýip aýtdy. Karbamid döküni zawodyň ammarlaryndan konweýerler arkaly daşalyp, deňiz portunda gämilere ýüklener. Soňra bolsa, Hazar deňzi bilen daşary ýurtlara iberiler. 

 

Sözüni dowam edip döwlet Baştutanymyz täze kärhanada öndüriljek karbamid dökünini eýýäm häzirden dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary satyn almaga gyzyklanma bildirýärler, olar döküni satyn almak bilen bagly öz tekliplerini berýärler diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bu kärhananyň gurlup, ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösmegine uly goşant boljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu zawodyň işe girizilmegi bilen, bir müňe golaý täze iş orunlary dörär, bu bolsa, welaýatyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer hem-de Balkan welaýatynyň ykdysadyýetiniň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirer diýip aýtdy. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň himiýa pudagynda başga-da birnäçe kärhanalaryň gurluşygynyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny belläp, muňa mysal hökmünde Mary şäherinde gurulýan, kuwwaty ýylda 640 müň tonna karbamid dökünini öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygyny görkezdi hem-de bu zawodyň ýakyn wagtlarda ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösmegine uly itergi berjekdigini aýtdy. Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2002-nji ýylda Tejen şäherinde kuwwatlylygy 350 müň tonna barabar bolan zawodyň, şeýle hem häzirki wagtda Mary şäherinde ýylda 640 müň tonna mineral dökünleriň öndürilmegi üçin niýetlenip gurulýan himiýa toplumynyň önümlerini göz öňünde tutup aýdanyňda, Türkmenistanda öndürilýän azot dökünleriniň ýyllyk möçberi 2 million tonnadan geçer. Döwlet Baştutanymyz bu önümiň üçden birine golaýynyň içerki bazara, galanynyň bolsa eksporta iberiljekdigini aýdyp, häzirki wagtda himiýa senagatynyň uly özgertmeleriň bosagasynda durandygyny belledi. 

 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda belarus hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde pudagyň ýene-de bir iri kärhanasynyň – Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar diýip aýtdy. 

 

Döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmeginiň pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrjakdygyny, himiýa senagatyny ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik döretjekdigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berjekdigini, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösmeginiň bolsa, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny hem-de mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini aýtdy. 

 

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny jemläp, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýokary hilli karbamid öndürýän täze, döwrebap zawodyň düýbüniň tutulmagy bilen ýygnananlaryň hemmesini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti bu zawodyň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirip, Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation», Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine bu taslamany durmuşa geçirmekde uly zähmet üstünliklerini arzuw etdi. 

 

Türkmenistanyň Baştutanyňy çykyşy dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini artdyryp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

 

Soňra milli Liderimiz «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, uly ýerine ýetiriji direktor Ken Kobaýaşa söz berdi. 

 

Ýaponiýaly işewür Türkmen döwletiniň baştutanyna Türkmenistana gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigi we türkmen topragyndaky mähirli myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Garabogaz şäherinde öňde baryjy tehnologiýalar bilen üpjün ediljek karbamid öndürýän täze zawodyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmegiň özi üçin uly mertebe bolup durýandygyny aýtdy. 

 

Ken Kobaýaşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen topragyndaky tebigy baýlyklaryň uly gorlaryndan netijeli peýdalanmagyň hasabyna, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilip, paýhasly we öňden görüjilikli syýasatyň ýöredilmegi netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanyň täze eýýamda – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ynamly gadam urýandygyny aýtdy. 

 

Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjy boýunça “açyk gapylar” syýasatynyň ýöredilmeginiň, şeýle hem ýurtda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilmeginiň özi ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasyny tutuş dünýä äşgär edýär. «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň ýylsaýyn giňelýändigini kanagatlanma bilen belläp, täze iş orunlary bilen üpjün edilmegine ýardam berýän senagata we ulag ulgamyna degişli kämil düzümiň döredilmeginiň, iri maýa goýumlarynyň çekilmeginiň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýtdy. 

 

Jenap Ken Kobaýaşi sözüni dowam edip, Ýaponiýanyň öňde baryjy kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk edýändigini we şunda ýokary tehnologiýaly innowasion taslamalaryň amala aşyrylýandygyny aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Munuň özi iki taraplaýyn ynama esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant bolar. Şol bir wagtyň özünde, medeni-gumanitar gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikler döreýär. «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy biziň hyzmatdaşlygymyzyň iki halkyň ýaşaýyş derejesiniň we maddy üpjünçiliginiň ýokalandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy. 

 

Işewür geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň üstünlikli geçmeginiň Türkmenistanyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini äşgär edendigini aýdyp, şol saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň özara peýdaly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredendigini belledi. 

 

Çykyşynyň ahyrynda ýaponiýaly işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ykdysadyýeti ösdürmegiň milli strategiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, ýakyn geljekde Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda täze uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirip, türkmen Liderine berk jan saglyk, şeýle hem türkmen halkynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köp ugurly döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Döwlet Baştutanymyz jenap Ken Kobaýaşa täsirli çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýsyryň ýolbaşçysy Ahmet Çalyga söz berdi. 

 

Türkiýeli işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýygnananlaryň äzlisi bilen salamlaşyp, türkmen Liderine Türkmenistanda mineral dökünleriň işlenip çykarylmagy üçin niýetlenen iri desgalaryň biriniň - Garabogaz şäherinde karbamid öndürmek boýunça zawodyň düýbüni tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ösüş strategiýasynyň amala aşyrylmagy esasynda, ýurduň ykdysady kuwwaty barha artdyrylýar, ähli welaýatlarda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýän täze desgalaryň gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýar. “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy sözüni dowam edip, degerli çäreleriň görülmegi netijesinde, türkmen döwletiniň nebit we gaz bilen birlikde, wajyp önümleri hem eksporta iberýändigini hem-de munuň üçin uglewodorod serişdeleriniň çig-mal bolup durýandygyny aýtdy. Taryhy ölçegler boýunça gysga möhletde Türkmenistan dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. 

 

Türkieli işewür täze zawody gurmak üçin natriniň sulfatynyň we beýleki minerallaryň gorlary boýunça dünýäde örän baý ýer diýlip hasaplanýan hem-de himiýa pudagy üçin egsilmez çig mal çeşmesi bolup durýan Garabogazyň saýlanyp alynmagynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty ýöredýändigini aýdyň görukezýän subutnamadygyny belledi. 

 

Türkiýeli işewür hyzmatdaşyk edýän Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we “Mitsubisi Heavy Industries” kompaniýalarynyň kärhananyň önümçilik bölümlerini has täze tehnika bilen üpjün etjekdigini belljp, “Gap Inşaat” kompaniýasynyň esasy inženerçilik hyzmatlary bilen birlikde, ähli gurluşyk işlerini, zerur materiallary, desgany we işe girizmek-sazlamak işlerini amala aşyrjakdygyny aýtdy. 

 

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiet berilýändigini belläp, täze desgany dolandyrjak we bu ýerde işlejek türkmen inženerleriniň we tehniki işgärleriň ýüzlerçesi üçin ýörite okuwlaryň guraljakdygyny aýtdy. 

 

Şeýle hem bu ýerde karbamid zawodynyň netijeli işlemegi üçin elektrik energiýasynyň we suwuň zerur möçberini öndürýän desgalar hem gurular. 

 

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Garabogazdaky karbamid öndürýän zawodda işlenip çyýarylan önümiň şu ýerden deňiz porty arkaly eksporta iberiljekdigini aýdyp, eksport babatda döreýän täze ýagdaýlaryň Türkmenistanyň mineral dökünleri dünýä bazarlaryna eksport edýän ýurtlaryň hataryna goşulmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. 

 

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Türkmenistanyň ykdyswadyýeti üçin möhüm ähmiete eýe bolan bu taslamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşmak babatda uly ynam bildirilendigine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny bu maýa goýumly taslamanyň has täze tehnologiýalar esasynda amala aşyryljakdygyna we döwrebap “nou-hau” bilen üpjün ediljekdigine ynandyrdy. 

 

Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisine täze toplum, häzirki taryhy eýýamda dürli pudaklarda, şol sanda himiýa senagatynda gazanylýan örän uly ykdysady üstünlikler barada jikme-jik gürrüň berýän film görkezildi. 

 

Soňra alypbaryjy türkmen döwletiniň Baştutanyndan zawodyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli, geljekki nesiller üçin ýadygärlik sene ýazgysyny galdyrmagy haýyş edýär. Milli lybasly mekdep okuwçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen mähirli görşüp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we köp ugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Olar milli Liderimize sene ýazgysynyň gutusyny gowşurýarlar. 

 

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpmagynda ýazga gol çeikp, haly düşelen ýoda bilen ýöräp, karbamid öndürýän zawodyň düýbüniň tutuljak ýerine barýar, bu ýerde täze gurluşyk barada söz açýan bannerler goýlupdyr. 

 

Dabaraly pursat gelip ýetýär - ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda, döwlet Baştutanymyz geljekki zawodyň binasynyň düýbüne ýadygärlik sene ýazgyly gutyny goýýar. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz täze uly senagat toplumynyň binýadyna beton atyp, gurluşyga badalga berýär, munuň özi dabara gatnaşanlar tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylandy. 

 

Şeýle hem dabaranyň barşynda himiýa senagatynyň has tapawutlanan işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Olar döwlet Baştutanymyza özleriniň zähmetine ýokary baha berlendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlygynyň artdyrylmagy ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. 

 

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz täze zawodyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaraly çärä gatnaşdy, şonda döredijilik topralary çykyş etdiler. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri bu şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

18.08.2014

 

 

Esasy