24.05.2014 Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň we durky täzelenen “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Munuň özi ertir bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan şanly wakalardyr. 



Şu gün agşamara türkmen paýtagtynyň merkezinde gurlan “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň öňündäki meýdançada uly dabara geçirildi. Ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň garşysyndaky meýdança türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandylar. Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary geldiler. Açylyş dabarasyna gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, “Türkmeniň halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisine we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIV mejlisine gatnaşyjylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri bar. 



Baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada döwletimiziň ýaşyl tuglary belentde pasyrdaýar. Adamlaryň ellerinde bahar güllerinden boglan çemenler, dürli baýdajyklar we howa şarlary bar. Meýdançanyň ähli künjeginde baýramçylyga mahsus ýagdaý duýulýar. Ähli watandaşlarymyzda ajaýyp paýtagtymyza bolan buýsanç duýgusyna hem-de watansöýüjilik ruhuna beslenen ajaýyp baýramçylygyň ak şäherimiziň hormatyna guralýandygy has-da bellärliklidir. Binanyň ýokarsynda “Ak şäherim Aşgabat” ýazgyly uly howa şary bar. 



Bu ýere ýygnananlar Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ýeňişlere beslenmegini üpjün eden giň möçberli oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy we ony ruhlandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. 



Milli baýramçylyk lybasyndaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Bu ýere özüniň agtyjagy bilen gelen hormatly Prezidentimizi egindeşleri garşyladylar. Olar hem bu ýere özleriniň çagalary we agtyklary bilen geldiler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň hersi bilen salamlaşyp, gürrüňdeş boldy. 



Şanly waka mynasybetli paýtagtymyzyň döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary taýýarlapdyrlar. Meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdymly-tansly dabaralar aşgabatlylaryň öz mermer şäherine bolan söýgüsiniň senasy bolup, türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň, milletimiziň şöhratly pederlerimiziň asylly däplerine bolan wepasynyň, bagtyýar geljege bolan uly ynamynyň baş nyşanyny alamatlandyrdy. Bu ýerde Aşgabat hakyndaky aýdym ýaňlandy. Tansçylar joşgunly çykyşlary bilen şäherimiziň we onuň ilatynyň arassa kalbyny, myhmansöýerligi beýan etdiler. 



Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Çykyşda bellenilşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň aladasy netijesinde Aşgabat gün dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyz işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň, ykdysady, medeni we ylmy merkezi bolup, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. 



Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen milli binagärlik ýörelgeleri häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykaryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzda bina edilen binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 



2013-nji ýylyň 25-nji maýy ähli halkymyz, aýratyn-da paýtagtymyzyň ilaty üçin ýatdan çykmajak taryhy seneleriň birine öwrüldi. Aşgabadyň ak mermere beslenen paýtagt hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň türkmen paýtagtynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterdi diýip, häkim sözüni dowam etdi. Bu gün açylan belent başly “Ak şäherim Aşgabat” binasy ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini has-da gözelleşdirer. 



Çykyşyň dowamynda paýtagtymyzyň ähli ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şäheri ösdürmek we aşgabatlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi. 



Milli Liderimiz binanyň açylyş dabarasyna ak pata berýär. Şol pursatda belent owaza beslenen sazyň astynda dürli reňkdäki howa şarlary binagärlik-seýilgäh toplumynyň üstünden asmana göterilýär. Onuň merkezinde oturdylan binanyň beýikligi 25 metre barabardyr. Onuň ýokarsynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary şekillenidirilipdir. Binanyň ikinji bölüminde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça alnyp barylýan syýasaty alamatlandyrýan üç sütün bar. Onuň üçünji bölümindäki üç sütün bolsa Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň we Bagtyýarlygyň nyşany bolup durýar. Binanyň indiki bölüminde Aşgabadyň aşyklar şäheri diýlip atlandyrylmagyndan gelip çykýan söýgüni alamatlandyrýan altyn çaýylan ýüregiň şekili ýerleşdirilipdir. Binanyň esasy sütüninde dikligine ýerleşdirilen göl şekilleriniň içinde altyn harplar bilen haşamlanan “Aşgabat” sözi ýazylypdyr. Binanyň altynjy bölüminde paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli şekillendirilen açylan kitabyň görnüşi ýerleşdirilipdir. 



Binanyň töweregi suw çüwdürimler toplumy bilen gurşalypdyr. Suwuň ýokarlygyna çüwdürilýän şekilleri sazlaşykly hereketiň, durmuş ösüşiniň nyşanyny özünde jemleýär. Onuň ýanaşyk ýerlerinde özboluşly gök zolaklar döredilipdir, dürli güllür ekilipdir, şeýle hem bu ýerde gezim edilýän ýodajyklar çekilipdir, gözel görnüşli yşyklandyryjylar toplumyň özüne çekijiligini artdyrýar. Şeýle hem bu ýerde dynç alýanlar üçin gelşikli oturgyçlar goýlupdyr. Binanyň agşamky görnüşi has-da gözeldir. Dürli yşyklandyryjylar we sütüniň uzaboýuna atylyp gidýän yşyklar bu künjegiň gözelligini has-da artdyrýar. 



... Bu ýere ýygnananlary Aşgabat şäheriniň güni bilen ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň hemmesini nobatdaky baýramçylyk çäresi bolan Magtymguly şaýolunda paýtagtymyzyň hormatyna gurlan binadan uzak bolmadyk künjekde ýerleşen we durky düýpli täzelenen “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. 



Milli Liderimiz Aşagbadyň ilaty we myhmanlary üçin özboluşly medeni-dynç alyş merkeziniň ýerleşýän ýerine tarap pyýadalap ugrady. 



Ýolugra hormatly Prezidentimizi paýtagtymyzyň köpsanly ilaty we myhmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gutlaýarlar. Aýdym-sazly çykyşlar, sahnalaşdyrylyn tomaşalar ýaýbaňlandyryldy. Aýdym-saz we tans toparlary ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirýärler. 



Döwlet Baştutanymyz özüniň agtyjagy bilen “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň merkezi girelgesine geldi. Bu ýerde hem baýramçylyga mahsus ýagdaý dowam edýär. Bu ýerde çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň hatarynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem belli bolan “Joşgun”, “Şatlyk”, “Güneş”, “Ruhubelent çagalar”, “Akpamyk” ýaly çagalar döredijilik toparlary bar. Körpe aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde Aşgabat hem-de Arkadagymyz hakyndaky aýdymlar ýaňlanýar. Tans toparlary bolsa bagtyýar çagalyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirýärler. 



Täsirli çykyşlar üçin körpe artistlere minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz şowhun-şagalaň, dabaranyň astynda toý bagyny kesýär we “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähini açýar. Şol pursat dürli öwüşginli howa şarlary asmana göterilýär. Bu ýere ýygnananlar paýtagtymyzyň ilkinji seýilgähleriniň biriniň durmuşynda täze eýýamyň başlanmagyny el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. 



Seýilgähiň çäginde milli Liderimizi dürli ýaşdaky körpeler özleriniň hoşallygyny, buýsanjyny we guwanjyny beýan etdiler. Ýaşajyk alyp baryjylar dürli dillerde belent hem-de goşgy setirlerini okadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki körpeler we dabaranyň myhmanlary bilen bilelikde durky täzelenen seýilgähde gezelenç edýär. 



Dogrudan-da, köpleriň söýgüli künjegi bolan bu seýilgäh düýbünden täze keşbe eýe bolupdyr. Muňa dabara gatnaşyjylar aýdyň göz ýetirdiler. Bu ýerde wagtyňy şatlykly geçirmek we höwesiňe görä güýmenje tapmak üçin zerur mümkinçilikler döredilen özboluşly şäherçe emele gelipdir. Seýilgähde çagalaryň uly höwes bilen dynç alýandygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi seýilgähiň gurluş aýratynlygynda aýdyň ýüze çykýar. 



Milli Liderimiz äpet sagadyň ýanynda saklandy. Ol seýilgähiň merkezi binasynyň bezegine öwrülipdir. Hut şu ýerden ertekiler we başdan geçirmeler dünýäsi başlanýar. 



Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň tutuş toplumyň içinden geçýän merkezi ýodasy bilen ýöräp, onuň iki tarapynda ýerleşdirilen oýun attraksionlaryny, özboluşly telärleri we beýleki ugurdaş düzümleri synlady. 



Dürli yşyklar bilen bezelen suw çüwdürimleri sazyň astynda ýokarlygyna atylyp gidýär. Seýilgähde şadyýan aýdym-sazlar, mähriban şäherimize bagyşlanan şahyrana setirler ýaňlanýar. Bu ýerde her ädimde çagalara we myhmanlara tagamly doňdurmalar, dürli içgiler hödürlendi. 



Seýilgähiň durkunyň düýpli täzelenmegi oňa mahsus ýagdaýa zyýan ýetirmezden berjaý edilipdir. Onda gurluşykçylar paýtagtymyzyň birnäçe nesillerine hyzmat eden seýilgähiň baý taryhyna aýawly çemeleşipdirler. Şunda merkeziň daşky görnüşi düýpli täzelendi. Onuň keşbinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň many-mazmuny öz beýanyny tapypdyr. Şeýle hem bu ýerde işjeň dynç alşyň dürli görnüşleri döredilipdir. 



Seýilgähiň çäginde guralan çakyşýan ulaglar bölüminde körpeler oýun ulaglarynda çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirýär we oňa tomaşa edýänlerde uly täsir galdyrýar. Çagalar we ýetginjekler üçin enjamlaşdyrylan künjekde zarply diň oturdylyp, onuň muşdaklarynyň sany has-da köp. Şeýle hem bu ýerde çagalar üçin dürli görnüşdäki hiňňillikler, gämi sallançagy, asma perwana we olarda öz ukybyňy synlamak çagalar üçin aňrybaş hezillikdir. 



Merkeziň giň meýdançasynda dürli sallançaklar, tomzak otly, böküş meýdançasy, uçuş meýdançasy körpeleriň hyzmatynda. Umuman aýdanyňda, bu ýerde çagalar üçin olaryň islegine görä ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow körpeleriň uly şowhun bilen oýnaýan meýdaçasyna bardy. Bu ýerde sirk artistleriniň, gözbagçylaryň we beýlekileriň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgün çaýýar. Şeýle hem bu ýerde sirk maýmynjyklarynyň çykyşlary has-da täsirli. Tomaşaçylaryň bu çykyşlara el çarpyşmalaranyň yzy üzülenok. Olaryň gapladynda bolsa öz aralarynda birek-birek bilen degişýän wäşi artistleriň çykyşlaryna tomaşa edýänleriň sany has-da köp.



Merkeziň hiňňillikleriniň ýanynda ýurdumyzyň Döwlet gurjak teatrynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ertekilerdäki gahrymanlaryň çykyşlary täsirli boldy. Ýeri gelende aýtsak, seýilgähiň ähli künjeginde teatrlaşdyrylan sahnalary, aýdym-sazly çykyşlary görmek bolýar. Akkordeonçylar, skripkaçylar, halk saz gurallary we deprekçiler toparlarynyň aýdym-sazly dabaralary hem şowhun bilen dowam edýär. Suw çüwdüriminiň ýanyndaky meýdançada ýaşlaryň tanslary ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, ýörite gurnalan bölümde küştçüleriň bäsleşiklerine uly orun berlipdir. Ägirt uly küşt tagtasynyň keşbi şekillendirilen meýdanda küşt oýunlary has-da gyzykly barýar. Bu aň-paýhas oýny bilen meşgullanýan körpeleriň birnäçesi özara bäsleşýärler. Umuman aýdanyňda, seýilgähiň açylan pursatyndan başlap, bu ýerde şatlyk-şowhuna beslenen oýunlara, dürli görnüşdäki bäsleşiklere badalga berildi. 



Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň aýlanýan atjagazlar bölüminiň ýanynda durup, bu ýerdäki körpeler bilen söhbetdeş boldy. Çagalar milli Liderimiz bilen merkez baradaky täsirlerini paýlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz olaryň oýunlaryna tomaşa etdi. 



Adamlar, esasan-da, ýaş nesiller baradaky alada, şäher gurşawynda döwrebap düzümi bolan zerur şertleriniň döredilmegi, oňaýly ýaşaýyş, öndürijilikli zähmet we doly derejeli dynç alyş üçin ähli zerur mümkinçilikleriň ýola goýulmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. “Aşgabat” medeni-dynç alyş merkeziniň durkunyň düýpli täzelenmegi milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan asylly ýörelgesiniň aýdyň netijesidir. 



Bu ýerde maşgala bolup dynç almak üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi toplumyň häsiýetli aýratynlygydyr. Munuň özi dürli oýunlara höwesli körpeleriň we ukybyny synap görmäge çalyşýan ýetginjekleriň gyzyklanmalary bilen dynç alşyň sazlaşygynyň ajaýyp mümkinçiligidir. Merkezde çagalaryň-da, ulularyň-da boş wagtlaryny netijeli we gyzykly geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. 



Bu ýerde oýun attraksionlaryndan başga-da, gyzykly başdan geçirmeleri bolan filmlerdäkä çalymdaş oýunlar, dinozawrlar jeňňeli, depejik, emeli buz meýdançasy, kiçi futbol meýdançasy ýaly ýörite meýdançalar enjamlaşdyrylypdyr. Ol ýerde guralan oýun bölümlerinde ýüpden edilen merduwan arkaly belentlige dyrmaşmak we deňagramlylygy saklamak ýaly çylşyrymly oýunlar bar. 



Tokaý jandarlarynyň şekilleri ýerleşdirilen “Dinozawrlar jeňňeli” seýilgähiň has täze böülmleriniň biridir. Bu ýerdäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy çagalar telegepleşigini alypbaryjy Aşyr daýy bilen bilelikde garşyladylar. 



... Täze seýilgähiň iş güni başlandy. Ähli ýerde çagalar gülküleri eşidildi. Bir bölümden beýleki bdüme körpeleriňşadyýan sesleri durman barýar. Olaryň köpüsine ýakymly sowgatlar gowşuryldy. Şol bir wagtda ýaşajyk wäşiler özleriniň degişme çykyşlary bilen tomaşaçylara hezil berdiler. 



Seýilgähiň medeniýet merkezindäki amfiteatrda nusgawy saz eserleri, halk we estrada aýdymlaryň konsertleri guralar. Şeýle hem toplumdaky oňaýly “Çatma” çaýhanasynda ýeňiljek tagamly iýmitlenmek mümkinçiligi bar. “Aşgabat” restorany bolsa dürli göjrnüşli tagamlar bilen bir hatarda şerbet suwlarynyň giň toplumlaryny hödürleýär. Bu ýerde birnäçe göçme söwda merkezleri bu ýere gelýänleriň hyzmatynda bolar. Olarda doňdurmalaryň, şerbet suwlarynyň söwdasy guralar. 



Bu ýerdäki depejikde ýörite telär gurlupdyr. Depejigiň içinde bolsa Aşgabadyň taryhy barada gürrüň berýän kiçiräk zal bar. Onuň diwarlarynda Aşgabadyň taryhyna we häzirki binagärlik keşbine degişli fotosuratlar goýlupdyr. 



Merkezde dürli görnüşli hyzmatlar hödürlenýär, baýramçylyk we medeni çäreleri, aň-bilim maslahatlaryny, bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny guramak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Sport we oýun meýdançalarynyň töwereginde tomaşaçylar üçin oturgyçsyz ýerler taýýarlanypdyr. Munuň özi olaryň bu ýerdäki köpçülikleýin çärelere we ýaryşlara erkin ýagdaýda tomaşa etmegini şertlendirýär. 



Bedenterbiýe-sagladyş çäreleri köpçülikleýin dyns alşy guramagyň möhüm ugry hasaplanylýar. Ösüp barýan ýaş nesilleri bedenterbiýe we sporta çekmek üçin ähli mümkinçiligi işjeň peýdalanmak wezipesini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli düzümleriň öňünde goýdy. Bu babatda häzirki zaman tehngiki enjamlary bolan we çaga aňynyň ösmegine mümkinçilik berýän köpsanly çylşyrymly oýun toplumlary işlenip taýýarlanyldy. 



Ýerii gelende aýtsak, bu merkez diňe bir birnäçe dynç alyş desgalaryny özünde jemlemek bilen çäklenmän, eýsem dynç alşyň we her meýdançanyň degişli aýratynlygy bolan seýilgäh zolagynyň bir bitewi ulgamyny emele getirýär. Tebigy aýratynlyklaryň göwnejaý peýdalanylmagy erkin gezelenç etmek we işjeň dynç almak üçin ýerleriň saýlanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle hem seýilgähiň girelgesinde merkeziň kartasy bolup, onda ähli oýun meýdançalarynyň we beýleki zolaklaryň çyzgysy ýerleşdirilipdir. Olar boýunça öz ugruňy kesgitlemek mümkinçiligi emele gelýär. 



Şu gün durky täzelenen seýilgäh ilkinji myhmanlaryny kabul edýär. Onuň şu pursatdan başlap çagalaryň we ululularyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigi, wagtyňy gyzykly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp künjegi öwrüljekdigi şübhesizdir. 



Hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde döredilen şertler bilen tanyşlygynyň dowamynda beýleki ugurdaş düzümleri hem synlady. Olar diňe bir sazandalaryň, aýdymçylaryň çykyşlary, türgenleriň görkezme bäsleşikleri üçin däl, eýsem, ýaşajyk suratkeşleriň döreden eserleriniň özboluşly sergisi üçin hem ähmiýetli merkeze öwrüldi. 



Gezelenji tamamlap we täze toplumyň bu ýere gelýänlerde oňyn täsir galdyrjakdagyna we adamlaryň wagtlaryny şadyýan geçirjekdiklerine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 



“Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda ýaňlanýan belent sazlaryň astynda guralan özboluşly tomaşa şu günki guralan şanly wakalaryň jemlemesine öwrüldi. Ol tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Belent başly bina düşýän dürli reňkdäki çyralaryň röwşen ýalkymy suw çüwdürimleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, biziň ýurdumyzda guralýan şanly wakalaryň belent ruhza beslenýändigini alamatldandyrdy. Aşgabadyň ilatywe paýtagtymyzyň myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilen şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilen bu dabaralary uzak wagtlap ýatlarynda saklasalar gerek.

 

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

24.05.2014

 

 

 

Esasy