20.05.2014 «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda V Halkara gaz kongresi öz işine başlady

Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda V Halkara gaz kongresi we oňa gabatlanylan pudaklaýyn sergi açyldy. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guradylar. Bu forum energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ýardam etmelidir. 



Türkmenistanyň energetika strategiýasynda nebitgaz toplumyny ösdürmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de ähli eksport ugurlary boýunça “mawy ýangyjyň” uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda alternatiw ugurlaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine islegleriň yzygiderli artýan häzirki şertlerinde hut energiýa akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, eksport ugurlara täze ýurtlaryň hem-de sebitleriň goşulmagy ählumumy ykdysadyýete, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyna zerur bolan durnuklylygy bermäge ukyplydyr. 



Milli Liderimiziň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna şeýle garaýşynyň örän dogrudygy ýurdumyzda eýýäm bäşinji gezek geçirilýän bu Halkara kongresine gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi bilen hem tassyklanylýar. Foruma dünýäniň 39 ýurdundan 500-e golaý wekil – ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, abraýly halkara guramalarynyň baştutanlary, alymlar we bilermenler, Amerika, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan esasy nebitgaz kompaniýalarynyň 150-siniň wekilleri, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedigi halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. Tebigy gaz bolsa, beýleki ýangyç serişdelerinden tapawutlylykda, ekologiýa taýdan arassa ýangyçdyr, şeýle hem organiki sintezi üçin ajaýyp çig maldyr. Dünýä bazarlarynda tebigy gaza bolan isleg ýylsaýyn artýar. 



Şu günüň birinji ýarymynda “Seýrana” myhmanhanasynda Türkmenistanyň V Halkara gaz kongresiniň resmi açylyşynyň öňüsyrasynda halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de ýurdumyzyň pudak kärhanalarynyň we birleşikleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar. 


 

 

 
 



Sergi daşary ýurly myhmanlary Türkmenistanyň çig mal serişdeleri, ýangyç-energetika toplumynyň ýangyjy çykarýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklary hem-de olary ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdyrdy. Serginiň çäklerinde daşary ýurtly gatnaşyjylara şeýle hem özleriniň energetika ulgamlarynda gazanan netijeleri bilen tanyşdyryş çärelerini geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Bu tanyşdyryş çäreleri özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen hünärmenleri bilen tejribe alyşmaklary üçin oňat meýdança öwrüldi. 



Ýurdumyzyň konsernleri we nebitgaz senagatynyň iri kärhanalary sergide önümçilik, maýa goýum, täjirçilik ugurlary hem-de öz işiniň durmuş-ykdysady meseleleri boýunça dürli ugurly ekspozisiýalaryny hödürlediler. 



Sergide türkmen gatnaşyjylary bilen birlikde Hytaýdan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, BAE-den, Germaniýadan, Italiýadan, Awstriýadan, Polşadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan bütin dünýäde meşhur kompaniýalaryň wekilleri özleriniň eksponatlaryny ýerleşdirdiler. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde köpden bäri işläp gelýän hyzmatdaşlardyr, daşary ýurt kompaniýalarynyň käbiri bolsa ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga çalşyp, özleriniň gazananlaryny ilkinji gezek görkezýärler. 



Serginiň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleriniň ünsi köpugurly “Berkarar” dynç alyş merkezine gönükdi. Şol ýere Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Russiýadan,ABŞ-dan, HHR-den, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, BAE-den, Owganystandan, Pakistandan, Hindistandan, Eýrandan we beýleki döwletlerden wekiliýetler bar. Türkmen tarapyndan foruma Hökümetiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, pudaklaýyn döwlet konsernleriniň we institutlaryň, beýleki ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 



Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kongrese we sergä gatnaşyjylara Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginleri ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan serginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi. 



“Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Gaz pudagyny ösdürmek, şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa önümçiligini doly ýola goýmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä derejesindäki halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek – bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmäge, dünýäde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat edýär” diýip, milli Liderimiz foruma iberen Gutlagynda nygtady. 



Gaz kongresiniň işiniň birinji gününde daşary ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň we institutlarynyň hünärmenleriniň çykyşlary hem uly gyzyklanma döretdi. Olarda ýurdumyzyň gaz çykarýan we gaýtadan işleýän senagatynyň kuwwaty açylyp görkezildi. 



Forumyň birinji gününiň esasy meseleleri Türkmenistanyň dünýäniň gaz senagatyndaky strategiki ýagdaýy we orny, gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa we marketing meseleleri bilen baglanyşykly boldy. 



Forumyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy, göni daşary ýurt maýa goýumlary, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak üçin dünýä tejribesini we tehnologiýalary ulanmak, ulgewodorod gorlaryny rejeli işläp taýýarlamak ýaly möhüm meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 



Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň anyk maksady bardyr. Bu maksat bolsa türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmakdan, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Munuň özi häzirki döwrüň giň möçberli wezipesiniň – ählumumy energetika howpsuzlygy wezipesiniň üstünlikli çözülmegini üpjün eder. Bu energiýa serişdelerini ibermek ulgamynda ýurdumyzyň hereketini hem-de hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň ýörelgesini kesgitleýän ýagdaýdyr. Mälim bolşy ýaly, turbageçirijiler arkaly energiýa serişdeleriniň iberilmegi –bu iri halkara işewürliginiň görnüşleriniň biridir. Şunda, kada bolşy ýaly, isleg hemişe tekliplerden ýokarydyr. Munuň özi inkär edip bolmajak hakykatdyr: ählumumy ykdysadyýet energiýa çig malynyň, ilkinji nobatda bolsa, uglewodorod serişdeleriniň uly möçberlerine mätäçlik çeker. Uglewodorod serişdeleri ýakyn geljekde dünýä senagatynyň esasy “ýangyjy” bolmagynda galar. Şu şertlerde uglewodorod çig malyny köp möçberde öndürýän ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň özüniň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ýangyç serişdelerini üstaşyr geçirmegiň we alyjylara eltmegiň köp şahaly, döwrebap we netijeli işleýän düzümini döretmäge çalyşmagy hem öz-özünden düşnüklidir. 



Bar bolan serişdeler binýadyna, özleriniň geografiki taýdan ýerleşişiniň aýratynlyklaryna baglylykda ýangyç serişdelerini öndürýän ýurtlar önümlerini ýerlemegiň täze bazarlarynyň we degişlilikde, olara barýan gysga we amatly ýollary işjeň gözleýärler. Munuň özi çig mal öndürýän, özleriniň milli bähbitlerini goraýan we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň ýardam berýän islendik döwlet üçin ähli babatda kadaly ýagdaýdyr. Türkmenistan hut şeýle döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyz özüniň iň täze taryhynyň dowamynda hiç mahal we hiç kime bu babatda ikirjeňlemäge esas bermedi. 


 

 

 
 



Energetika howpsuzlygy ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada öwran-öwran nygtaýar. Energiýa serişdelerini ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýa-da başgaça aýdylanda, alternatiw ugurlaryň amala aşyrylmagy häzirki wagtda adaty bir täjirçilik taslamasynda has ähmiýetlidir. Häzirki şertlerde hut energetika akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryna täze ýurtlaryň we sebitleriň goşulmagy ählumumy ykdysadyýetiň durnukly bolmagyna ýardam etmäge, sagdyn bäsleşik esasynda halkara energiýa bazaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmäge ukyplydyr. 



Dünýä ykdysadyýetiniň bu ugrundaky monopoliýalar döwrüniň taryhyň gatlaryna siňendigi hemmämize mälimdir. Dünýäniň dürli sebitlerinde, ilkinji nobatda çalt depginler bilen ösýän döwletlerde energiýa çig malyna islegleriň has artmagy, dünýäniň syýasy ýagdaýynyň, ählumumy howplaryň hem-de wehimleriň häsiýetiniň we mazmunynyň düýpli üýtgemegi, energiýa serişdelerini ibermegiň alternatiw ugurlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze usullaryň we nusgalaryň gözlegini höweslendirýän şertler bolup durýar. Şol ugurlaryň haýsy birini seçip almak bolsa ol ýa-da beýleki bir anyk taslama gatnaşyjynyň özygtyýarly hukugy bolmagynda galýar. 



Türkmenistan bu meselede döwlet strategiýasynyň anyk beýan edilen ýörelgeleriniň, özüniň serişdeler binýadyna hem-de geljekde ony ulanmagyň mümkinçiliklerine anyk baha bermegiň esasynda dünýäniň täze geljegi uly ugurlaryna çykmagyň hasabyna energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny giňeltmek we artdyrmak ýoluny seçip aldy. 



Türkmenistanyň uglewodorod çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň baý energetika döwleti hökmündäki derejesi indi hemmelere mälimdir. Ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan taslamalaryň biridir. Onuň “mawy ýangyjynyň” gorlary 26 trillion kub metrden hem geçýär. 



“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy. 



Şu ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýatagy özleşdirmegiň ikinji tapgyryna badalga berdi. Şol tapgyrda bolsa gazy arassalaýan desgalaryň täze toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde hem ýylda 30 milliard kub metr möçberde ýokary hilli harytlyk gaz öndüriler. Mundan başga-da, toplumyň tehnologiki desgalary her ýyl 2 million tonna kükürt, 235 müň tonna kondensat işläp çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bu kände arassalanan tebigy gazyň umumy möçberi 60 milliard kub metre barabar bolar. 



Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyna işjeň taýýarlyk görmegiň tamamlaýjy tapgyrda bolmagy hem bu käni özleşdirmek boýunça uly işleri amala aşyrmagyň ähmiýetini has-da artdyrýar. “Galkynyş” gaz käni şol gaz geçirijisiniň esasy çig mal çeşmesi bolar. 



Ozal hem ençeme gezek nygtalyşy ýaly, bu transmilli gaz geçirijisiniň çekilmegi ykdysady wezipelerden başga-da, taslama gatnaşýan ýurtlara möhüm durmuş hem-de ynsanperwer meseleleriň birnäçesiniň, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijisiniň ugrunda ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümini kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Iň esasysy bolsa, ol tutuş sebitde syýasy we durmuş durnuklylygyny saklamaga hem-de pugtalandyrmaga ýardam eder. 



Ýokarda agzalyp geçilen, gazyň gorlaryna baý bolan “Galkynyş” käni, Hazar deňziniň türkmen böleginiň entek işlenip geçilmedik ýataklary hem-de geljegi uly nebit we gaz meýdançalary, Amyderýanyň sag kenaryndaky, Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginiň baý ýataklary we beýlekiler Türkmenistanyň ýerasty baýlyklarynyň ummasyzdygyny tassyklaýar. Halkara bilermenleriniň Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň möçberi babatda baha bermegine görä, munuň özi 71 milliard tonna şertli ýangyçdan gowrakdyr. Ýangyjyň şu möçberi ýakyn geljekde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň isleglerini aňryýany bilen kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. 



Tebigy gazyň düzümindäki zatlary, ýagny, etany we beýlekileri himiki taýdan gaýtadan işlemek çykyşlaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologiki ulgamynyň döredilmegi ägirt uly netije berýär – gazyň himiki taýdan gaýtadan işlemegiň barha çuňlaşdyrylmagy alynýan himiýa önümleriniň bahasynyň okgunly artmagyny şertlendirýär. 



Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazy himiki taýdan düýpli gaýtadan işlemek boýunça işler şu ugurlar boýunça güýçli depginde alnyp barylýar. Birinji ugur tebigy gazdan propan, etan we beýleki maddalary bölüp almak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly polietilen, polipropilen, poliwininilhlorid we beýleki önümleri almak bilen baglanyşyklydyr. Ikinji ugur bolsa metanol almak arkaly metany himiki taýdan gaýtadan işlemekden we suwuk ýangyjy, ýagny, benzini, dizel ýangyjyny we beýlekileri almak üçin metanoly gaýtadan işlemekden ybaratdyr. 



Şu ýylyň aprel aýynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda polietilen we polipropilen öndürýän iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna badalga berlendigini bellemelidiris. Mundan başga-da, meşhur halkara kompaniýalarynyň birnäçesi bilen bu ugurdaky täze taslamalar barada gepleşikler alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň netijeleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmek boýunça ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekildi. 



Tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemegiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän gazhimiýa pudagyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirýändigi hem uly ähmiýete eýedir. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, tebigy gaz we gazhimiýa XXI asyrda dünýäniň ykdysadyýetinde we energetikasynda, nebitiň we nebithimiýanyň geçen asyrda eýelän orny ýaly möhüm orun eýelär. 



Çykyşlaryň käbirleri täze tehnikalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we gaz ulgamynda dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýokary netijeli, doly awtomatlaşdyrylan tehnologiki enjamlary giňden ulanmaga bagyşlandy. 



Umuman, kongresiň işiniň birinji gününiň çäklerinde dünýäniň ählumumy energetika bazarynda, hususan-da, Aziýa sebitinde Türkmenistanyň ornunyň artýandygy bellenildi. Foruma gatnaşyjylar häzir Hytaý, Eýran, Russiýa ugry boýunça hereket edýän gaz geçirijileriniň halkara ähmiýetini, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan we geljegi uly Hazarüsti energiýa köprüsini gurmagyň wajypdygyny nygtadylar. 



Ertir Türkmenistanyň V halkara gaz kongresi we bu çärä bagyşlanan halkara sergisi öz işini dowam eder.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

20.05.2014

 

 

 

Esasy