ÝAT-nyň 19-njy Umumy mejlisiniň jemleri boýunça köpçülikleýin beýannama

2013-nji ýylyň 12–15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde (Türkmenistan) ÝAT-nyň 19-njy Umumy mejlisi we iş toparlarynyň mejlisleri geçirildi.

 

Umumy mejlis Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine mähirli myhmansöýerlik we ÝAT-nyň 19-njy mejlisiniň we iş toparlarynyň mejlisleriniň ýokary derejede guralandygy üçinsagbolsun aýtdylar. Umumy mejlisiň Aşgabat şäherinde birinji gezek geçirilmegi Türkmenistanyň Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyndaky syýasatynyň uly üstünliginiň aýdyň şaýady bolup durýar.

 

Çärelere ÝAT-nyň agza döwletleriniň ählisiniň wekilleri we ondan gowrak ýurtdan we halkara guramalaryndan synçylar, şeýle hem FATF-nyň Prezidenti W.Neçaýew gatnaşdy.

 

Umumy mejlis ÝAT-nyň başlygy wezipesine Hindistanyň wekilýetiniň baştutany doktor P.K.Krişnany saýlady, ÝAT-nyň başlygynyň orunbasary wezipesini Gazagystanyň wekili saýlandy.

 

ÝAT-nyň düzgünlerine laýyklykda olar tarapyndan ozal FATF berlen, Hindistanyň we Russiýanyň bu ugurdaky üstünlikleri barada hasabatlar makullanyldy. Umumy mejlis Hindistan, Hytaý Halk Respublikasyndanwe RussiýaFederasiýasyndanÝAT-nyň gözegçilik düzgünini aýyrmak barada çözgüt kabul etdi.

 

19-njyUmumy mejlisiň tabşyryklaryna laýyklykda Gazagystan Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamyny kämilleşdirmek baradaky aralyk maglumaty hödürledi. Umumy mejlis Gazagystanyň üstünligi baradaky birinji hasabatda görkezilen kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň Gazagystan Respublikasy tarapyndan kabul edilmändigi bilen bagly ynjalyksyzlanma bildirdi. Umumy mejlis ÝAT-nyň 20-nji Umumy mejlisiniň barşynda Gazagystan Respublikasynda üstünlik barada nobatdan daşary hasabatyny diňlemegiň jemleri boýunça ÝAT-nyň özara baha bermeleri geçirmek düzgünlerine laýyklykda çäreleri ulanmak meselesine seretmegi mümkin hasap edýär.

 

Umumy mejlisÝAT-nyň iş Tehniki ýardam, Özara baha bermek we hukuk meseleleri, Neşe söwdasy, jenaýatçylygyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş, Gözegçilik we Tipologiýalar boýunça işçi toprlarynyň hasabatlary tassyklady, şeýle hem ÝAT-nyň agza döwletleriň döwlet edaralarynyň Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda iň gowy özara hereket etmek boýunça birinji bäsleşigiň ýeňijisini (Gyrgyzystan Respublikasy) we baýraga mynasyp bolanlary (Gazagystan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy) kesgitledi.

 

Wekilýetler Gözegçilik boýunça iş toparynyň täze düzüminiň mandatyny uzaltmagy karar etdiler.

 

Mejlise gatnaşanlar tarapyndan ÝAT-nyň özara baha bermeleriniň1-nji tapgyrynyň jemleri boýunça gözegçilik düzgünleriniň resmi taýdan tamamlanandygy we 2-nji tapgyryna taýýarlyk barada habarlar, şeýle hem ÝAT/ATT-nyň Tipologiýalar we potensialy pugtalandyrmak boýunça bolup geçen seminarlary barada we BMG-nyň HG-niň 1373 (2001) rezolýusiýasynyň talaplaryna laýyklykda boýunça sebitleýin seminaryň netijeleri baradaky habarlary diňlediler.

 

ÝAT-nyň 2014-nji ýylyň 1-nji ýarymy üçin çäreleriniň tertibi tassyklandy.

 

ÝAT-nyň Sekretariatynyň 2013-nji ýylyň 10 aýyndaedilen işi baradaky hasabat makullanyldy.

 

 

ÝAT-nyň agza döwletleriniň Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamlaryny ösdürmekdäki üstünliklerine baha bermek:

 

Täjigistan Respublikasy

Umumy mejlis FATF-nyň 1,5,13 we II-III ýörite maslahatlary boýunça düýpli üstünligi belleýär.

Täjigistana Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamyny kämilleşdirmek we laýyk gelmezlik (LG) we bölekleýin laýyk gelmek (BL) reýtingleri bilen, esasy we binýatlyk maslahatlar boýunça düýpli ýetmezçilikleri aradan aýyrmak boýunça işleri dowam etdirmek maslahat berildi.

Täjigistan Respublikasy gözegçiligi aýyrmak düzgüniniň çäklerinde 20-nji Umumy mejlisde üstünlik barada nobatdaky hasabaty bermelidir.

 

Gyrgyzystan Respublikasy

Umumy mejlis FATF-nyň 1,35we II ýörite maslahatlar boýunça Gyrgyzystan Respukblikasynyň düýpli üstünligini belleýär we Gyrgyzystan tarapyndan halkara standartlarynyň 5-nji ýörite maslahatwe  21,39,15,16,17,25, 27,30,35maslahatlaryňdegişli talaplaryny implementasiýa etmek boýunça degerli çäreler görlüpdir diýip hasap edýär.

Gyrgyzystana Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamyny kämilleşdirmek we laýyk gelmezlik (LG) we bölekleýin laýyk gelmek (BL) reýtingleri bilen, esasy we binýatlyk maslahatlar boýunça düýpli ýetmezçilikleri aradan aýyrmak boýunça işleri dowam etdirmek maslahat berildi.

2014-nji ýylyň iýunynda ýurdy gözegçiligi aýyrmak düzgüniniň çäklerinde Gyrgyzystanda üstünlik barada jikme-jik hasabaty ara alyp maslahatlaşmagyň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, Umumy mejlis Gyrgyzystan Respublikasynyň gözegçiligi aýyrmak düzgüniniň çäklerinde 20-nji Umumy mejlise Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamyndaky üstünlik barada onunjy hasabaty bermegi haýyş edýär.  

 

 

 

Esasy