08.09.2013 Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 30-si hasaba alyndy. 

 

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan we Germaniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki ýoduny satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna mata we nah ýüplügi, agardylan pagta süýümi, dokma bölekleri, nah matanyň galyndylary hem-de garyşyk galyndylar ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Beýik Britaniýa, Hytaý, Türkiýe, Belgiýa, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 629 müň dollaryndan gowrak boldy.

 

Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, ABŞ-nyň, BAE-nyň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Slowakiýanyň, Moldowanyň işewür toparlarynyň wekilleri matany we nah ýüplügi, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni, agardylan pagta süýümini, biz matany, pagta şrotyny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 5 million 142 müň manatdan gowrak boldy. 

 

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri azyklyk bugdaýy, şeýle hem iki we üç gat çadyrlary satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 958 müň manatdan gowrak boldy.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

08.09.2013

 

 

Esasy