29.08.2013 Türkmenistanyň gurluşyk senagatyna bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat öz işini tamamlady

Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmengurluşyk--2013” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahat öz işini tamamlady. Bu forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi we Türkmenistanyň Senagat ministrligi, şeýle hem Söwda-senagat edarasy we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni bilelikde guradylar we geçirdiler.

 

“Türkmengurluşyk--2013” atly sergi Türkmenistanyň gurluşyk pudagyndaky iň iri we ähmiýetli wakalaryň biridir. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň gazananlaryny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki meýilnamalaryny görkezen giň möçberli sergi müňlerçe adamyň ünsüni çekdi. Olar serginiň ýokary derejede guralandygyny, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň artandygyny, gözden geçirilişiniň işjeň häsiýete eýe bolandygyny we innowasiýalara gönükdirilendigini bellediler. Indi bäşinji gezek geçirilýän “Türkmengurluşyk--2013” atly sergi gurluşyk ulgamynda işleýän hünärmenleriň uly gyzyklanmasyny döredip, gurluşyk we garyşyk pudaklaryň wekilleri üçin netijeli işjeň meýdança öwrüldi. 

 

Şu ýyl pudaklaýyn gözden geçiriliş özüniň çäklerini hem-de oňa gatnaşyjylaryň düzümini ep-esli giňeltdi. Sergä gatnaşyjylaryň sany 190-a golaý bolup, olaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, döwlet kärhanalary, ýurdumyzyň hususy işewürleriniň wekilleri, dünýäniň 19 döwletinden iri daşary ýurt kompaniýalary bar. Olar Aşgabatda geçirilen gurluşyk sergisinde pudagy sazlaşykly ösdürmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we türkmenistanlylaryň abadançylygyna, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin özleriniň mümkinçiliklerini we tekliplerini hödürlediler. Serginiň halkara “bölegini” Hytaýdan, Germaniýadan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Belgiýadan, Fransiýadan, Eýrandan, Şweýsariýadan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Gresiýadan, Italiýadan, Makedoniýadan, Polşadan, Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan gelen kompaniýalar düzdüler. 

 

Şu gezekki gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşanlaryň sanynyň artmagy onuň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Kompaniýalaryň 150-sinden 78-si sergä ilkinji gezek gatnaşdy. Olar gurluşyk pudagyny ösdürmegiň dürli ugurlarynda iň täze tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary hödürlediler. Munuň özi daşary ýurt kompaniýalarynyň biziň ýurdumyzyň geljegi uly gurluşyk bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge çalyşýandyklaryna şaýatlyk edýär. 

 

“Türkmengurluşyk--2013” atly halkara sergini strategiki durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge gönükdirilen ýurdumyzyň gurluşyk pudagyndaky ýagdaýlaryň görkezijisi diýip atlandyrmak bolar. Ykdysadyýetiň bu ulgamyny ösdürmegiň meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Munuň özi gurluşyk ulgamyna ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulýandygyny, dünýäniň esasy gurluşyk kompaniýalaryny, materiallary, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürýän öndürijileri ýurdumyza çekmäge ýardam edýän amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilýändigini aňladýar. Gurluşyk senagatyny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňe süren konsepsiýasynyň netijelliligi hem-de wajyplygy ykdysadyýetiň okgunly ösmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamyň, senagat we ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynyň giňelmegini şertlendirdi. Bu ulgamda hususy işewürligi goldamaga uly üns berilýär. Ýeri gelende aýtsak, şu gurluşyk gözden geçirilişine olaryň örän köp sanlysy gatnaşdy. 

 

Giň möçberli sergi pudagyň gazananlaryny, onuň ýokarlanan görkezijilerini aýdyň beýan etdi. Sergä gelenler taslama işinde, gurluşykda hem-de häzirki zaman gurluşyk, bezeg we timarlaýyş materiallaryny öndürmekde ulanylýan innowasion tehnologiýalar, suw tehnologiýalarynyň enjamlary we ulgamlary, howany dolandyrmak ulgamlary, ýörite tehnikalar we gurallar bilen tanyşdylar. 

 

Durmuşa geçirilýän we geljekde amala aşyryljak binagärlik taslamalary bilen birlikde, sergide halkara ülňülerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa şäher hojalyk ulgamyny döretmegiň taslamalary, landşaft binagärligi, energiýany we suwy tygşytlaýan tehnologiýalar, seýilgähleri, baglary we beýleki ýerleri talabalaýyk saklamak üçin niýetlenen tehnikalar görkezildi. Sergä gatnaşyjylar özleriniň sergi diwarlyklaryny oňat bezemek bilen, bu gözden geçirilişiniň gyzykly bolmagyny üpjün etdiler. 

 

Aşgabat forumynyň işiniň barşynda “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahat, şeýle hem ylmy-tehniki maglumatlary alyşmak, gatnaşyklary pugtalandyrmak we pudagara derejesinde hem-de tutuş halkara hyzmatdaşlygy babatda täze işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri döreden işewür duşuşyklary geçirildi. 

Maslahatda edilen çykyşlarda we habarlarda möhüm meseleleriň ençemesine garaldy. Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň innowasion ösüşiniň strategiýasy, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin mümkinçilikleriň giňelmegi ýaly örän wajyp meseleler maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. 

 

Şeýle hem türkmen paýtagtyny ösdürmek maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek meseleleri, ýurdumyzyň şäherlerini, obalaryny we şäherçelerini gurmakda täze binagärlik pikirleri, gurluşyk hem-de timarlaýyş materiallaryny öndürmekde iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Çykyşlaryň käbiri Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmäge, Aşgabadyň şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde onuň ähmiýetine bagyşlandy. Daşary ýurtly myhmanlar özleriniň serginiň işine gatnaşmagynyň täze gatnaşyklary ýola goýmaga we öňden gelýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edendigini belläp, Aşgabatda geçirilýän şeýle ýöriteleşdirilen sergilere yzygiderli gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, şu forum kompaniýalara Türkmenistanyň gurluşyk bazarynyň ösüşiniň ýagdaýy bilen tanyşmaga hem-de geljek üçin meýilnamalary bellemäge mümkinçilik berdi. 

 

Şu gün, halkara forumynyň işiniň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylaryň ählisine degişli sertifikatlar we diplomlar gowşuryldy. Çäreleriň ahyrynda “Türkmengurluşyk--2013” atly halkara sergini hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahaty guraýjylar we olara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, bu ulgamda netijeli hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegine goldaw berendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

29.08.2013 

 

 

Esasy