Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Siziň bilşiňiz ýaly, ýurdumyzda ýakynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Bu çäre belli bir derejede şu ýylyň alty aýynda alyp baran işlerimiziň jemlerini jemledi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny, medeniýetimiziň ýeten derejesini we ösüşini, biziň uly mümkinçiliklerimiziň bardygyny görkezdi. 



Häzirki döwürde mähriban halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna we erk-islegine daýanyp, ynamly öňe barýan eziz Diýarymyz güýçli depginler bilen ösýän döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda örän giň möçberli maksatnamalar we deňi-taýy bolmadyk taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulmagy, dünýäniň köp ýurtlary bilen ykdysady we gumanitar gatnaşyklarymyzyň giňelmegi, şeýle hem döwletimizde iri halkara maslahatlarynyň, sergileriň, festiwallaryň geçirilmegi ýurdumyza çekilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagyna uly itergi berdi. 



Biz häzirki döwürde ýurdumyzda 1865 sany desganyň gurluşygyny alyp barýarys we 41 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlaryny özleşdirýäris. Esasy zat bolsa, biz gysga wagtyň içinde ökde gurluşykçy hünärmenleri taýýarlamagy başardyk. Ykdysadyýetimize gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 13 milliard amerikan dollaryny biziň öz milli gurluşyk kärhanalarymyz özleşdirýär. 



Biz iri halkara taslamalaryna hem, ýurdumyzyň içinde durmuşa geçirilýän taslamalara hem uly möçberde maýa goýumlaryny goýýarys we bu taslamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Şu ýylyň birinji ýarymynda biz kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň birinji tapgyryny ulanmaga berdik. Şeýle hem, ýene-de bir halkara demir ýolunyň – «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygyna girişdik. 



Şonuň ýaly-da, «Türkmenistan–Owganystan– Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisini gurmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň içinden geçýän, uzynlygy bir müň kilometre barabar bolan «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisini öz güýjümiz bilen gurýarys. Ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklary açyldy we özleşdirilýär. Häzirki döwürde birbada iri howa menzilleriniň üçüsiniň gurluşygy, şeýle hem ähli üpjünçilik ulgamlary bolan kaliý dökünlerini öndürýän iri kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Biz ýokary tizlikli, häzirki zamanyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän «Türkmenabat–Aşgabat–Türkmenbaşy» awtomobil ýoluny gurmagy hem göz öňünde tutarys. 



Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň we gurluşyk senagatynyň öndürýän önümleriniň görnüşleri barha köpelýär, elektrik energetikasy pudagynyň kuwwaty hem barha artýar. Häzirki döwürde dag-magdan we metallurgiýa pudagynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin bütinleý täze bolan beýleki pudaklaryň esaslary döredildi. 



Ak mermere beslenen paýtagtymyza öňküsi ýaly uly üns berýändigimizi bellemek isleýärin. Ýaňy-ýakynda biz Aşgabat şäheriniň çäklerini ep-esli giňeldip, täze etraplary döretdik. Şeýle hem, Aşgabadyň işewürlik merkezini gurmagyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa, geljekde ýurdumyzyň paýtagtynyň görküni has-da artdyrmaga ýardam berer. 



Döwletimiziň durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda maliýe ulgamyna örän möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde bu ulgam çalt depginler bilen ösýär. Alyp barýan býujet we pul-karz syýasatymyzyň çäklerinde amala aşyrýan özgertmelerimiz durnukly ösüşi üpjün etmäge, döwlet edara-kärhanalarynyň gurluşyny kämilleşdirmäge we ýaşaýyş-durmuş wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa goýulýan maýa goýumlarynyň netijesiniň has ýokary bolmagyna we durnukly ykdysady ösüşi goldamaga oňyn şertleri döredýär. 



Hökümetimiziň oýlanyşykly alyp barýan maýa goýum syýasatynyň, daşary ýurt düýpli maýa goýumlarynyň ýurdumyza ýokary derejede çekilmeginiň, ähli dolandyryş edaralarynyň sazlaşykly işlemeginiň netijesinde, jemi içerki önümiň hakyky ösüşi 9,4 göterime barabar boldy. Şu döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösdi. Senagatyň ösüş depgini 6,6 göterime, gurluşykda ösüş 17,7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 11,3 göterime barabar boldy. Oba hojalygynda 7 göterim ösüş gazanyldy. Häzirki güne çenli ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna galla hasyly ýygnaldy. Döwlet býujetiniň girdejili bölegi artygy bilen ýerine ýetirildi. 



Kiçi işewürlik we hususy telekeçilik pudagy hem yzygiderli ösmegini dowam edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegi netijesinde, geçen döwür bilen deňeşdirilende zähmet haklarynyň möçberi 11 göterime golaý ýokarlandy we ilatyň girdejileri has-da artdy. 



Ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek Prezidentiň we ýurdumyzyň Hökümetiniň üns merkezinde bolmagynda galýar. 



Ýurdumyzyň ähli etraplarynda iri möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, jemi 2 milliard 552 million 600 müň manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Biz oba ýerlerinde 271 müň inedördil metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 24 sany umumybilim berýän we sport mekdebini, 4 sany hassahanany, 21 sany çagalar bagyny gurup, ulanmaga berdik. Şeýle hem, awtomobil ýollaryny, gaz we suw geçirijilerini, elektrik üpjünçilik ulgamlaryny we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary gurup, ulanmaga berdik. 



Geçen ýarym ýylyň dowamynda ähli ýolbaşçylaryň, aýratyn hem, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň aýry-aýry meseleleri çözmekde netijeli işleri alyp barandyklaryny bellemek isleýärin. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ägirt uly kuwwatynyň, entek doly ulanylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyň görkezýär. 



Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 




Şu ýylyň ikinji ýarymynda biziň öňümizde örän uly wezipeler durýar. Biz bu wezipeleri hökman ýerine ýetirmelidiris.Ýaňy-ýakynda Halkara pul gaznasynyň wekilleri ýurdumyzyň ösüşine baha berdiler. Olar ykdysadyýetimiziň şu ýyl hem, geljek ýyl hem yzygiderli ösjekdigini belleýärler. Ýöne, bu ösüşi gazanmak üçin biz yhlas bilen, has köp işlemelidiris. 



A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisi milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Mundan 10–15 ýyl ozal kabul edilen kanunlaryň köpüsi häzirki döwürde eýýäm köneldi. Bu kanunlaryň üstünde işlemek zerur bolup durýar. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, giň möçberli bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmeli. Bu meseläni çözmek üçin bolsa, «Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky», «Eýeçilik hakyndaky», «Býujet ulgamy hakyndaky» kanunlar toplumynyň üstünde işlemeli we olary täzelemeli. Şeýle hem, bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän beýleki kanunçylyk namalaryny kabul etmeli. Bu wezipe ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna we durmuş meselelerine täsir edýän hem-de netijeli işlemegi talap edýän, örän çylşyrymly wezipedir. Biz şu ýylyň ahyryna çenli ýene-de bir örän möhüm çäräni – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmelidiris. 



A.Nurberdiýewa, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýew, siz bu çärä ýokary jogapkärçilik bilen, düýpli taýýarlyk görmeli. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryny bäsleşik esasynda geçirmeli. Mejlisiň täze çagyrylyş boýunça deputatlygyna il içinde uly hormata eýe bolan, abraýly, başarjaň, biziň amala aşyrýan özgertmelerimizi netijeli dowam edip biljek adamlaryň saýlanmagyny gazanmaly. Ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramyna çenli biz Ýaşulular maslahatyny hem geçirmeli. Şol maslahatda 2014-nji ýylda öňümizde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. 



A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, häkimler, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünde häzirden işläp başlamaly. Geljek ýylyň Döwlet býujeti mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ilatyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga, ýokary derejede durmuş maksatlaryna gönükdirilen bolmalydyr. 



R.Meredow, ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň möçberli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen köpugurly, çeýe hem-de özara bähbitlere esaslanýan strategiýany amala aşyrmagy dowam etmelidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, biz geljekde hem «açyk gapylar» syýasatyny alyp bararys, dürli döwletler bilen, aýratyn hem, goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn, dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi, halkara giňişliginde ýurdumyzyň tutýan ornuny pugtalandyrmagy dowam ederis. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi berkitmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydyr we bu ugurda alnyp barylýan işlerde möhüm orny eýelemegini dowam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl energetika howpsuzlygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmek meselesine seretmeli. 



S.Toýlyýew, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilow, amala aşyrýan özgertmelerimizi çaltlandyrmak maksady bilen, döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaly we ylmyň mümkinçiliklerini ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirmeli. Döwletimiziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatyny ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, ylymda we tehnikada hususy ideýalary ösdürmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirmeli. 



S.Toýlyýew, Bilim ministri G.Mämmedowa, ýakyn wagtlarda siziň öňüňizde örän möhüm çäräni geçirmek wezipesi durýar. Bu wezipe talyplary ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek bilen baglydyr. Bu çäräniň ýokary derejede, aç-açanlyk ýagdaýynda, hiç bir ýaramaz hadysalara ýol bermän geçirilmelidigini bu işe dahylly ýolbaşçylaryň ählisine ýene-de bir gezek berk duýdurýaryn! Biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar okuwa kabul edilmelidir hem-de okamalydyr. 



A.Ýazmyradow, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary, siz maldarçylygy, tohumçylygy ösdürmek, zaýalanan sürümli ýerleri dikeltmek boýunça ähli zerur işleri geçirmelisiňiz. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda oňat pagta hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Güýzde bol hasyl almak üçin, häzir agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýygym möwsümine doly taýýar etmek boýunça zerur çäreleri görmeli. «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmaly. 



A.Goçyýew, ykdysady toplumynyň ýolbaşçylary, siz ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň salgyt-býujet syýasatyny durmuşa geçirmegiň maksatnamasyna seretmeli. Bu maksatnamanyň geljek üç ýyl üçin esasy ugurlaryny kesgitlemeli. Netijeli karz-pul syýasatyny alyp barmak we maliýe ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilýän işleri has-da kämilleşdirmeli. Şeýle hem, işewürligi dolandyrmagy kämilleşdirmek, işewürlik üçin şertleri gowulandyrmak, hususy pudagyň ykdysadyýetdäki ornuny has-da ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet haklarynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmaly. Maliýe ulgamynda döwletiň we hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, döwlet maliýe ulgamynda düýpli özgertmeleri geçirmeli. 



Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow, bank ulgamynyň ýolbaşçylary, banklarda kämil dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaly, bank gözegçiligini gowulandyrmaly. Maliýe ulgamyndaky töwekgelçilikleri dolandyrmagyň tejribesini kämilleşdirmeli, uzak geljegi göz öňünde tutup, milli puluň daşary ýurt puluna bolan alyş-çalyş hümmetiniň ýokary derejede çeýe bolmagyny üpjün etmeli. 



B.Italmazow, gözegçilik edýän ministrlikleriňiziň we pudak edaralaryňyzyň ýolbaşçylary, meniň öň hem belläp geçişim ýaly, siz döwletimiziň senagaty ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmäge, innowasiýalaryň binýadynda we goldawy esasynda senagat pudagyny berkitmäge we giňeltmäge, bar bolan senagat kärhanalaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge aýratyn üns bermeli. Şeýle hem, täze senagat kärhanalaryny döretmeli, hususy senagat kärhanalaryny goldamaly, eksporta iberilýän senagat önümleriniň möçberlerini artdyrmaly. Bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly. Şu maksat bilen, maýadarlar üçin goşmaça ýeňillikleri göz öňünde tutmaly. Siziň wezipäňiz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň ýakyn ýyllar üçin niýetlenen anyk maksatnamasyny ýylyň ahyryna çenli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary bilen bilelikde taýýarlamakdan ybaratdyr. 



Ş.Durdylyýew, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, siz gurluşyk kärhanalarynyň binýadyny pugtalandyrmaga we olaryň kuwwatyny artdyrmaga aýratyn üns bermeli. Şu wezipelerden ugur alyp, desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamak maksady bilen, gurluşyk işine milli kompaniýalary, şol sanda hususy gurluşyk firmalaryny çekmeli. Bu aýratyn hem Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyklara degişlidir. Täze okuw ýylyna çenli, şeýle hem baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk baýramyna çenli ulanmaga bermek göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygy hökman bellenen möhletlerde tamamlanmalydyr. 



B.Nurmyradowa, Medeniýet ministrliginiň, gazet-žurnallaryň we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylary, siz öz işiňizi has kämil guramalysyňyz. Siz döredijilik işgärlerini taýýarlamaga, taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmäge, teleradioýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlamaga, teatrlarda täze oýunlary goýmaga aýratyn üns bermelisiňiz. Şeýle hem, halkymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän ajaýyp eserleri, şol sanda kämil sahna eserlerini we aýdymlary döretmeli. Şonuň ýaly-da, hususy gazetleri we žurnallary döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu neşirleri döretmek üçin zerur şertleri göz öňünde tutmaly. 



B.Hojamuhammedow, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, nebitgaz pudagyny ösdürmek öňküsi ýaly döwletimiziň üns merkezinde bolmagynda galýar. Biziň uly möçberdäki uglewodorod serişdelerimizi dolandyrmagyň esaslaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmeli. Gaz we nebit geçirijileriň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze nebitgaz geçirijilerini gurmak, täze ýataklary açmak, olary abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işläp, senagat önümlerini öndürýän kärhanalary gurmaga aýratyn üns bermeli. Daşary işler ministrligi bilen bilelikde energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýokary derejedäki maslahaty guramaçylykly geçirmeli. 



A.Ýegeleýew, Aragatnaşyk ministrliginiň we ulag pudagynyň ýolbaşçylary, siziň wezipäňiz ýurdumyzda aragatnaşyk serişdelerini we ulag hyzmatlaryny ösdürmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze tehnologiýalary we Internet ulgamyny ornaşdyrmagy dowam etmeli. Ýurdumyzyň her bir ilatly ýeriniň doly derejede aragatnaşyk, Internet ulgamy, şeýle hem awtobus gatnawlary bilen üpjün edilmegini gazanmaly. Topluma degişli ähli ministrliklerde we pudak edaralarynda, aýratyn hem, demir ýol we howa ulaglarynda müşderilere we ýolagçylara hyzmat edilişiniň hilini ýokarlandyrmaly. 



H.Muhammedow, söwda toplumynyň ýolbaşçylary, siz ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Ýurdumyzyň telekeçilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça alyp barýan syýasatymyzy dowam etmeli. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alyp, hususy pudagy çalt depginler bilen ösdürmek üçin işewürlik ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmeli. Işewürlik üçin şertleri gowulandyrmak we ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. 



Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, siz ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny, aýratyn hem, arbitraž kazyýet önümçiligi ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şonuň bilen birlikde, Bitaraplar kazyýetleri hakyndaky halkara konwensiýalaryny ulanmak bilen bagly meselä seretmek zerur bolup durýar. Biz ýurdumyzyň kanunçylygynda neşekeşlige garşy göreşmek boýunça has berk düzgünleri göz öňünde tutmalydyrys. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmeli. Bu meselede halkara guramalary, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmeli. 



Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 




Ähli ýolbaşçylar ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyny, ykdysadyýetde bolup geçýän ýagdaýlary anyk bilmelidirler. Siziň wezipäňiz içerki bazary zerur harytlar bilen doly üpjün etmek üçin öz wagtynda ähli çäreleri görmekden, bu ugurda bar bolan kemçilikleri haýal etmän düzetmekden ybaratdyr. Biz oňat hak tölenýän, ussat hünärmenleri talap edýän iş orunlarynyň sanyny artdyrmalydyrys. 



Ýurdumyzy ösdürmek boýunça uzak möhlete niýetlenen toplumlaýyn maksatnamalary we özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek şu ýylyň ikinji ýarymynda biziň öňümizde durýan örän möhüm we ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Şonuň bilen birlikde, biz mähriban halkymyzyň taryhy we demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem dowam etmelidiris. 



Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 




Umuman, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzda oňat netijeleriň gazanylandygyny bellemek isleýärin. Gazanylan gowy netijeleri göz öňünde tutup, men ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem şu mejlise gatnaşýan beýleki ýolbaşçylara 21–31-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berýärin. 



Eger-de, ýolbaşçylar isleseler, Awazada, Arçmanda, Ýylysuwda, Mollagarada ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler. Nesip bolsa, biz 21-nji iýulda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris. Degişli ýolbaşçylaryň bu baýram mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmalydygyny ýatladýaryn. 



Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 




Häzirki döwürde ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça oňat netijeler gazanylýar, şol sanda oba hojalyk pudagynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Bu bolsa saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir, halkymyzyň baýlygydyr. Türkmenistan indi gallany dünýä bazarlaryna çykarýan döwletleriň hataryna goşuldy. 



Sözümiň ahyrynda sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryny, ähli oba hojalyk işgärlerini we mähriban halkymy giňden we dabaraly bellenip geçilýän Galla baýramy hem-de galla tabşyrmak baradaky borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

 

 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

 

 

 

Esasy