|
|||||
![]() |
Belgorodda IV Türkmen-rus ykdysady forumIV Türkmen-rus ykdysady forumy şu ýylyň 7-9-njy awgusty aralagynda Belgorodda geçiriler. Turkmenistan.ru,-nyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä bu mesele türkmen hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
GDA gatnaşyjy döwletleriň SSE-nyň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilýän forumyň işine Türkmenistanyň we Belgorod oblastynyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylary we wekiller, şeýle-de telekeçiler gatnaşarlar.
Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde bu forumyň maksadynyň Russiýanyň sebitleri bilen Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmekden, täze bazarlary özleşdirmekden, iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky geljekde uly ösüşlere eýe boljak ugurlary kesgitlemekden ybaratdygy bellenip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti şunuň bilen baglanyşykly, daşary söwda dolanyşygynda iň öňdäki orny eýelemek bilen Russiýanyň Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Döwlet baştutany hökümetiň degişli agzalaryna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini jikme-jik seljermegi we anyk teklipleriň esasynda öňde duran duşuşugyň gün tertibini düzmegi tabşyrdy.
|
||||