|
|||||
![]() |
Maliýe gözegçiligi gullugyna amallar we geleşikler barada maglumat bermek
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ugrunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň talaby boýunça edara görnüşli we şahsy taraplaryň maglumatlary tabşyrmagynyň Tertibi.
1. Şu Tertipnama öz işini „Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda“ Türkmenistanyň kanunynda (mundan beýläk - Kanun) we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 29-njy aprelindäki 78 belgili Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministligiginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky“ kararynda göz öňünde tutulan zerur maglumatlaryň berlişini kadalaşdyrýar.
2. Maglumatlar pul serişdeleri ýa-da gaýry emläkler bilen geleşikleri we/ýa-da amallary geçirýän edara görnüşli we şahsy adamlar tarapyndan (mundan beýläk - maliýe gözegçiliginiň subýektleri) tabşyrylýar.
|
||||