26.07.2022 Önümçiligiň möçberi artýar

Возрастут объёмы производства

 

 

Ýurdumyzyň demirgazygynda kösükli ekinleriň ekişi öz wagtynda tamamlandy. Şu ýyl olary ekmäge berlen ýeriň çägi has artdy. Mäş geçen ýyldakydan iki esse köp meýdana ekildi, noýba we künji ýüzlerçe gektar ýere ekildi. Bu ekinleriň gysga möhletde ýetişmegi agzalan ekinleri galladan soň ekmäge mümkinçilik berýär. Mäşi sebitde iň köp ýetişdirýänler S. Türkmenbaşy etrabynyň ekerançylarydyr.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem oba hojalygy ylmy esasda we sebitiň agroekologiýa ýagdaýyna laýykda ösdürilýär. Bu ýerde kösükli ekinlere topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrýan, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakda uly ähmiýetli we milli ykdysadyýetiň azyk pudagyny ösdürmekde ähmiýetli ekin hökmünde garalýar. Olar ýerli howa-klimat şertlerine laýyk hem-de ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň demirgazygynda mäş, noýba we künji dowamly ýetişdirilip gelinýär. Döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň gazananlarynyň we tejribäniň sazlaşykly utgaşmagy daýhanlara her ýyl ýokary hasyl almaga hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksatnamasyna saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65086

Esasy