09.04.2022 Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi

Подведены итоги экономического развития Туркменистана за первый квартал 2022 года

 

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Şu döwürde ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy.

Özara bähbitlilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde daşarky söwdanyň möçberi şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, eksportyň we importyň artdyrylmagynyň hasabyna 40,9 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde duran esasy wezipäniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de maliýe ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýylda garaşylýan netijeleriniň gysga wagtyň içinde düýpli seljermesini geçirmek tabşyryldy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz kiçi we orta kärhanalara karz bermegiň hereket edýän maksatnamasyny giňeltmegi, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz desgalary maliýeleşdirmegi gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmek barada görkezme berildi.

 

Esasy