Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi gullygy

 

 

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasydyr. Gulluk 2018-nji ýylyň 05-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi.Şeýlelik bilen, Gullugyň döredilmegi, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

 


Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri I. Wany kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri  I. Wany  kabul etdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen Turkmenistan.ru.-nyň habarçysy maglumat berýär.

 

Belgorodda IV Türkmen-rus ykdysady forum

IV Türkmen-rus ykdysady forumy  şu ýylyň 7-9-njy awgusty aralagynda  Belgorodda geçiriler. Turkmenistan.ru,-nyň Aşgabatdaky habarçysynyň  maglumatyna görä bu mesele türkmen hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Kişinýewde türkmen-moldowan syýasy maslahatlary geçdi.

Kişinýewde Türkmenistanyň we Moldowa respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlar bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

“Türkmenistan-BMG“ Strategiki maslahat geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  „Türkmenistan-BMG“ Strategiki maslahat geňeşiniň  üçünji duşuşygy bolup geçdi, onuň barşynda bilelikdäki maliýeleşdirişiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 


TÜRKMENISTANYŇ KARTASY

Senenama

Maglumatlar ýygyndysy TM

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-5-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde  «Pul we gymmatlyklar geçirimleri hyzmatynyň bikanun ulanylyşy» atly sebitara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

08.07.2019 2019-njy ýylyň 1-4-nji iýuly aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde «Egmont» toparynyň umumy mejlisi we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 20-21-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatynda maglumat tehnologiýalaryna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

24.06.2019 2019-njy ýylyň 16-21-nji iýuny aralygynda ABŞ-nyň Orlando şäherinde geçirilen Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän (FATF) toparyň umumy mejlisine we onuň işçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

12.06.2019 2019-njy ýylyň ýylyň 10-11-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýyl üçin ylalaşylan iş meýilnamasynyň çäklerinde «Bellenen maliýe däl edaralar we kärhanalar pudagynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça öňdebaryjy tejribeler» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň we ýurdumyzyň hususy böleginiň wekilleri gatnaşdylar.

 

26.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 17–22-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

04.02.2019 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2019-njy ýylyň 29–31-nji ýanwary aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

Bildiriş TM

 

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

 
Copyright 2010-2019 Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Malyýe gözegçiligi gullygy