Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçilik müdirligi

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçiligi müdirligi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde döredilen ygtyýarly döwlet edarasydyr.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek maksady bilen döredilen döwlet edarasy, Türkmenistan döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Gurmamasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Howpsyzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alynyp barylýanlygyna şaýatlyk edýär.

08.09.2013 Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 30-si hasaba alyndy. 

 

29.08.2013 Türkmenistanyň gurluşyk senagatyna bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat öz işini tamamlady

Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmengurluşyk--2013” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahat öz işini tamamlady.

Türkmenistanyň Rumyniýadyky ilçisi Jumaýew şol bir wagtda ýurduň Horwatiýadaky doly ygtyýarly ilçiligine bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen Türkmenistanyň Rumyniýadyky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly  ilçisi (Buharest şäheri) Höhrat Jumaýew  şol bir wagtda   Türkmenistanyň Horwatiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly  ilçiligine bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri I. Wany kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri  I. Wany  kabul etdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen Turkmenistan.ru.-nyň habarçysy maglumat berýär.

 

Belgorodda IV Türkmen-rus ykdysady forum

IV Türkmen-rus ykdysady forumy  şu ýylyň 7-9-njy awgusty aralagynda  Belgorodda geçiriler. Turkmenistan.ru,-nyň Aşgabatdaky habarçysynyň  maglumatyna görä bu mesele türkmen hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Kişinýewde türkmen-moldowan syýasy maslahatlary geçdi.

Kişinýewde Türkmenistanyň we Moldowa respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlar bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

“Türkmenistan-BMG“ Strategiki maslahat geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  „Türkmenistan-BMG“ Strategiki maslahat geňeşiniň  üçünji duşuşygy bolup geçdi, onuň barşynda bilelikdäki maliýeleşdirişiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Утвержден состав туркмено-румынской комиссии и туркмено-японского экономического комитета

Президент Гурбангулы Бердымухамедов утвердил составы туркмено-румынской рабочей комиссии по энергетическому сотрудничеству и туркмено-японского экономического комитета.


КАРТА ТУРКМЕНИСТАНА

Maglumatlar ýygyndysy TM

25.11.2017 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 21–23-nji noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde korrupsiýa garşy göreş we öňüni almak boýunça hukuk pudagynda hyzmatdaşlyk babatynda sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.

 

23.11.2017 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 21–22-nji noýabry aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde bikanun maliýe akymlara garşy hereket etmek boýunça Pariž Paktynyň bilermenleriniň iş toparynyň maslahatyna gatnaşdylar.

 

21.11.2017 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 13–17-nji noýabry aralygynda Täjikistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde serhetüsti bikanun pul akymlary boýunça "Bikanun harydyň gözegçilik astynda iberilmegi we bilelikdäki derňew toparlar boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy goldamak"” atly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

17.11.2017 2017-nji ýylyň 13-15-nji noýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary geçirildi.

 

26.06.2017 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 18–23-nji iýuny aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Walensiýa şäherinde geçiriljek Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

29.05.2017 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2017-nji ýylyň 22–26-njy maýy aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara gurama bolan Ýewraziýa Toparynyň (ÝAT) 26-njy umumy mejlisine gatnaşdylar.

 

28.02.2017 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 19–24-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

06.02.2017 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 29 ýanwary – 03-nji fewraly aralygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

 

14.10.2014 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2014-nji ýylyň 06–10-njy oktýabry aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde“Özara baha bermegiň ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin bilermenleri taýýarlamak” atly geçirilen ikinji amaly okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

29.09.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Larwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary geçirildi.

 

30.06.2014 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2014-nji ýylyň 22–27-nji iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzen toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

23.06.2014 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2014-nji ýylyň 16–20-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara gurama bolan Ýewraziýa Toparynyň (ÝAT) 20-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

 

26.05.2014 Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde Netijeli Döwlet Dolandyryşy boýunça Serişdeler Merkezi açyldy

 

01.03.2014 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2014-nji ýylyň 16–19-njy fewraly aralygynda Wengriýa Respublikasynyň Budapeşt şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

 

01.03.2014 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2014-nji ýylyň 9–14-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

18.11.2013 ÝAT-yň 19-njy umumy ýygnagy, Aşgabat, Türkmenistan 2013

Bildiriş TM

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

Senenama

 
Управление финансового мониторинга министерства финансов Туркменистана - 2012