Terrorçylaryň we ekstrmistleriň sanawy

esasy

 

 

 

Terrorçylygy we ekstremizmi

maliýeleşdirilmegine garşy hereket

 

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Maliýe gözegçiligi Müdirligi tarapyndan alnyp barylýan işleriň esasy we hökmany ugurlarynyň biri jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmekdir. Türkmenistanyň „Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek hakyndaky kanunyny ýerine ýetirmek üçin Müdirlik öz işine başlan gününden bäri Türkmenistanyň içinde we onuň çäginiň daşynda terrorçylygy we ekstremizmi maliýeleşdirýän şahsy adamlara we guramalara gatnaşygy mümkin bolan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen geçirilen amallar (geleşikler) barada gelip gowuşýan maglumatlary seljerýär we olary gaýtadan işleýär. Zerur ýagdaýlarda ýokarda görkezilen serişdeleri togtatmak barada degişli çäreleri görýär.

 

Türkmenistanyň MRB işgärleri „Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmegiň Milli ulgamyny“ kämilleşdirmek  boýunça işçi toparlaryň işine aktiw gatnaşýarlar. Bu işçi toparlaryň işleriniň netijesinde düzgünnama işlenip düzüldi we Türkmenistanyň Maliýe ministri tarapyndan tassyklandy.

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmekde kanunçylygy  düzgünleşdirmek we  kämilleşdirmek, şeýle-de, ekstremizmi maliýeleşdirmek bilen bagly işleri ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we derňemek boýunça MRW-niň  işi üçin hukuk esaslaryny döretmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken käbir hukuk kadalaşdyryjy ykrarnamalaryna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda  birnäçe kanunçylyk taslamalary işlenip düzüldi.

 

MRB-niň resmi saýtynda „Al –Kaýda“ halkara terrorçylyk   guramasy we onuň liderleri bilen bagly adamlaryň we guramalaryň ýörite Sanawy  ýerleşdirildi. maglumatlaryň gelip gowşuşyna görä Sanaw täzelenýär.

 

 

BMG tarapyndan düzülen 1267 (1999) we 1989 (2011) rezolýusiýalara laýyklykda Al-kaýda bilen bagly adamlaryň, toparlaryň, kärhanalaryň we beýleki guramalaryň sanawy

 

BMG tarapyndan düzülen 1988(2011) rezolýusiýanyň 1-nji paragrafy bilen girizilen çärelere degişli adamlaryň sanawy

 

BMG-niň Howpsuzlyk Gullugynyň jemleýji çäklendirmeleriniň sanawy

 

ABŞ-nyň Departamenti tarapyndan düzülen daşary ýurt terrorçylyk guramalaryň sanawy

 

OFAC-nyň tarapyndan düzülen terrorçylyga dahyly bolan şahsyýetleriň sanawy

 

AttachmentSize
Ekstrimizm hereketlerine we terrorçylyga dahyly bolanlygy barada subutnamasy bar bolan şahsyýetleriň we guramalaryň Russiýa Federasyýasynyň Maliýe gözegçilik müdirligi tarapyndan goýulan sanawy 11-07-2013.doc1.08 MB