Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri I. Wany kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri  I. Wany  kabul etdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen Turkmenistan.ru.-nyň habarçysy maglumat berýär.

 

Gepleşikleriň barşynda şu ýylyň güýzünde Aşgabatda bolup geçjek ýokarda derejeli türkmen-hytaý gepleşikleriniň  gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow we Wan  I. HHR-nyň başlygy Si Szinpiniň geljekdäki Türkmenistana saparynyň döwletara gatnaşyklaryny täze bir derejä galdyrmaga uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

 

Döwletiň baştutanyny we onuň myhmany şeýle-de, ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda hyzmatdaşlyk etmek   meseleleri aýratyn ara alyp maslahatlaşmagyň mowzugy boldy. 

 

 

 

Esasy