Belgorodda IV Türkmen-rus ykdysady forum

IV Türkmen-rus ykdysady forumy  şu ýylyň 7-9-njy awgusty aralagynda  Belgorodda geçiriler. Turkmenistan.ru,-nyň Aşgabatdaky habarçysynyň  maglumatyna görä bu mesele türkmen hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

GDA gatnaşyjy döwletleriň SSE-nyň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilýän forumyň işine Türkmenistanyň we Belgorod oblastynyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylary we wekiller, şeýle-de telekeçiler gatnaşarlar.

 

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde bu forumyň maksadynyň  Russiýanyň sebitleri bilen Türkmenistanyň  söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmekden, täze bazarlary özleşdirmekden,  iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky geljekde uly ösüşlere eýe  boljak  ugurlary kesgitlemekden ybaratdygy bellenip geçildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti şunuň bilen baglanyşykly,  daşary söwda dolanyşygynda iň öňdäki orny eýelemek bilen Russiýanyň Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Döwlet baştutany hökümetiň degişli agzalaryna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini jikme-jik seljermegi we anyk teklipleriň esasynda öňde duran duşuşugyň gün tertibini düzmegi tabşyrdy. 

 

 

 

 

Esasy