tipologiýa

esasy

 

 

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň tipologiýasynyň öwrenilişi

 

MGM-niň ýenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekdäki ygtyýarlylygyna laýyklykda, pullary ýuwmagyň  we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň tipologiýasynyň öwrenilişi we şeýle jenaýatçylyklara garşy hereket etmek barada tejribe alyşmak esasy wezipeleriň biri hasaplanýar.

 

Tipologiýa diýlip, ylmy akyl ýetirmegiň usulýetine aýdylýar we onuň düýp esasynda obýektleriň ulgamyny böleklere bölmek  we olary umumylaşdyrylan nusganyň we tipiň kömegi bilen toparlamak aýatandyr. Maliýe razwedkasynyň bölümleriniň (MRB) işiniň tipologiýasyny öwrenmegiň maksady - pullary ýuwmagyň  we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň  ýollaryny ýüze çykarmagyň netijeleligini ýokarlandyrmakdyr.  Bu maksat iki sany kiçi bölege bölünýär:

 

- Girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň  belli bolan ýollaryny ýüze çykarmagyň   netijeleligini ýokarlandyrmak;

- Täze usullary ýüze çykarmagyň   netijeleligini ýokarlandyrmak.

 

Tipologiýalar MFB-niň geçirýän maliýe derňewleriniň materiallaryny, şeýle-de, jenaýat işleriniň materiallaryny seljermegiň esasynda kesgitlenýär. Tipologiýalara FATF-yň we FATF kysymly ähli sebitleýin gurluşlaryň, şol sanda,  ýenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekdäki Ýewraziýa toparynyň (ÝAT)  işinde uly üns berilýär. 

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygy maliýeleşdirilmegiň halkara häsiýetligini we  onuň halkara howpsuzlygyna global howp salmasynyň häzirki zaman möçberini göz öňünde tutup,  MGM tipologiýalary öwrenmekde  ÝAT, FATF we FATF  kysymly  sebitleýin toparlar bilen, şol sanda, tipologiýa boýunça bilelikdäki okuwlaryň çäginde özara hereket edýär.

 

ÝAT-nyň çäginde tipologiýa barada geçirilen okuwlar:

2005-nji ýylyň noýabrynda Moskwada (Russiýa);

2006-njy ýylda noýabrda Şanhaýda (Hytaý) FATF bilen bilelikde;

2007-nji ýylda Almaatada (Gazagystan);

2009-njy ýylda  Moskwada (Russiýa);

 

Tipologiki hasabatlar

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň tipologiýasynyň öwrenilişiniň netijelerini çap etmek, şol sanda, ýygynda görnüşinde, edil hukuk goraýjy  we gözegçilik edaralarynyň işgärleri ýaly, hususy bölegiň guramalarynyň işgärleriniň bu jenaýatçylyklary ýüze çykaryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 

Tipologiýanyň öwrenilişi  jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň  synanyşyklaryň  has netijeli üstüniň açylyşyna,  şeýle-de, bu jenaýatlaryň amala aşyrylmagynyň öňüni almaga we  bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesine esaslanyp, pullaryň ýuwulmagynapredikat (habarly bolmak) hasaplanýan kanuna garşy hereketleriň beýleki görnüşleriniň deliliniň soňuna çykmaga ýardam edýär.

 

 

 

ÝAT-yň tipologiýa hasabatlarynyň ýygyndysy

Nagt pul serişdelerini we onuň beýleki görnüşlerini ulanmak arkaly  jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmek (2012)

 

Jemgyýetçilik guramalarynyň üsti bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak (2012)

 

 

Guramaçylykly jenaýat toparlary ( şol sanda etniki prinsipler esasynda döredilen toparlar) nagt we nagt däl pul serişdeleri bilen amallar (geleşikler) etmegi (2011)

 

Býujet serişdelerini ogurlamak we döwlete degişli  paýy bolan guramalaryň ýolbaşçylarynyň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmagy netijesinde alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy (2009)

 

 

 

FATF-yň tipologiýa hasabatlarynyň ýygyndysy

 

 

 

esasy