maglumat-tehnologiki üpjünçiligi

esasy

 

 

 

Türkmenistanyň MRB-niň işiniň Maglumat-Tehnologiki Üpjünçiligi

 

Türkmenistanyň MRB-i enjamlary üpjün etmek we gurnamak we maliýe gözegçiligi subýektlerinden  maglumatlary almak we alynýan  maglumatlaryň binýadyny saklamagyň programma üpjünçiligini ýöredýär. Şeýle-de, MRB-niň IT-ulgamynyň işi boýunça birnäçe beýleki çäreler durmuşa geçirildi:

 

- hasabat bermäge degişli edaralardan  her aýda alynýan maglumatlardan hem-de daşarky maglumatlardan bitewi maglumatlar binýady döredildi;

 

- Müdirligiň ähli işgärleri şahsy kompýuterler bilen üpjün edildi;

 

- Müdirligiň ähli şahsy kompýuterleri elýeterlilik hukugy we ulgama girmegiň gözegçiligi bolan bitewi ulgama birleşdirilendir. Aýrtanlykda duran  kompýuteriň üsti bilen  halkara Internet ulgamyna girmek mümkindir.

 

- Müdirligiň halkara Internet ulgamynda WEB-serwerini ulanmak we saklamak dowam etdirilýär – www. turkmenfmd.gov.tm Saýtda beýan edilýän materiallar we onuň salgylanylýan maglumatlary yzygiderli täzelenip durulýar;

 

- Müdirligiň  elýeterlilik hukugy  çäklendirilen we enjamyň işiniň hatardan çykan halatynda  maglumatlary gorap saklamagyň ýokary derjesindäki bitewi Faýl serweri ulanyşa girizildi.

 

 

MGM-niň garamagyndaky Döwlet maglumatlar ulgamy

 

atlary:

„Ef-Em-Si Info“ - MGM-niň içerki peýdalanyşy üçin programma ulgamydyr we ol MGM-niň maglumatlar binýadyna hasabatlary girizmegi we olaryň awtomatlaşdyrylan deňeşdirilişini we seljerişini üpjün edýär.

„Si-Bi-Ti-Net“- Türkmenistanyň  Merkezi bankynyň MGM-i  bilen we maliýe guramalarynyň arasynda maglumat alşyp-berişmek üçin ulanylýan   bankara domen ulgamy.

Maglumatlar ulgamyna pudaklaýyn girilýär.

 

 

esasy