halkara hyzmatdaşlygy

esasy

 

 

 

HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

Türkmenistan POD/FT ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýär.

 

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda Türkmenistan halkara terrorçylygy hakyndaky Ähliumumy Konwensiýanyň taslamasyny babatdaki işleri has-da  güýçlendirmegi we BMG-nyň çägindäki hyzmatdaşlygyň täze ölçeglerini döretmegi, şol sanda, dünýäniň dürli sebitlerinde BMG-nyň terrorçylyga garşy maglumatlary utgaşdyryş merkezini  döretmegiň mümkinçililigne seretmegi teklip etdi.

 

Türkmenistan 2011-nji ýylyň noýabrynda Hytaýda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen  Hytaýyň Milli bankynyň arasynda POD/FT-yň ulgamynda hyzmatdaşlyk  we maglumatlary alşyp-berişmek hakynda  ylalaşyga gol çekildi.

 

Türkmenistanyň MRB-niň bilermenleri FATF-yň we ÝAT-nyň dürli işçi toparlaryna  işjeň gatnaşýarlar.

 

Şulardan ugur alyp, Türkmenistan BMG-nyň, GDA-nyň, FATF-yň we ÝAT-nyň gurluşlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy POD/FT-yň  milli ulgamynda ileri tutulýan ugur hasaplaýar.  Şeýle-de, bu maksatlar üçin FATF-yň maslahatlaryna laýyklykda, Şweýsariýa Konfederasiýasy, ABŞ we GDA ýurtlary ýaly strategiki hyzmatdaş ýurtlaryň maliýe razwedka bölümleriniň toplan tejribesini ulanmagy  ileri tutulýan hasaplaýarys.  Olar bilen degişlilikde,  tehniki kömek taslamasynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk saklanýar we ýola goýulýar. MGM  halkara hyzmatdaşlygyndaky alyp barýan işiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlarynda, şeýle-de, MGM hakyndaky Düzgünnamada bellenendir.

 

HALKARA YLALAŞYKLAR

 

 

 

esasy