pudagara iştopary

esasy

 

 

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň

maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça

utgaşdyryjy Pudagara iş topary 

 

( utgaşdyryjy Pudagara iştopary hakynda düzgünnama № 11536 25.02.2011 ý. )

 

Pudagara iş topary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça döwlet edaralaryň, maliýe guramalaryň, harby we hukuk edaralarynyň,  hem-de maliýe däl guramalaryň we hususy sektorynyň bu ugurda alyp barýan işini utgaşdyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen hereket edýär.

 

Pudagara iş topary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalary, şeýle hem öz Düzgünnamasyna goldanýar.

 

Pudagara iş toparynyň maksatlary:

 

- «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynawe terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny şahsy we edara görnüşli taraplaryň doly ýerine ýetirmegini üpjün etmek;

 

- maliýe gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň, hukuk goraýjy we harby edaralaryň hem-de maglumat berýän taraplaryň bu ugurda alypbarýan işlerini utgaşdyrmak, şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynawe terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň bitewi ulgamyny döretmek;

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň halkara standartlarynyň hem-de onuň bilen bagly FATF toparyň taýýarlan maslahatlarynyň, gollanmalarynyň we çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly baş ýörelgäni işläp taýýarlamak;

 

- dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça öz üstüne alan borçnamanalaryny ýerine ýetirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda işi alyp barmak.

 

 

Pudagara iş toparynyň wezipeleri:

 

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň halkara kadalaryna laýyk getirilmegi bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň taýýarlanmagyny guramak we olaryň kabul edilmegini esaslandyrmak;

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça maliýe gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň, hukuk goraýjy we harby edaralaryň, şeýle hem maglumat berýän taraplaryň özara hereketlerini utgaşdyrmak we maglumat ulgamyny döretmek;

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça teklipleri taýýarlamak;

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça maliýe gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň hem-de hukuk goraýjy we harby edaralaryň, şeýle hem maglumat berýän taraplaryň hasabatlaryna garamak;

 

- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça maliýe gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň, hukuk goraýjy we harby edaralaryň, şeýle hem maglumat berýän taraplaryň işine baha bermek hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak bolup durýar.

 

 

esasy