ÝAT we FATF bilen özara hereket

esasy

 

 

 

ÝAT we FATF bilen özara hereket

 

Türkmenistan ÝAT jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek baradaky Ýewrazia toparynyň düzümine 12-nji Plenar mejlisiniň karary bilen girdi. ÝAT-nyň işi FATF-yň standartlaryna laýyk gelýän  POD/FT-yň  talabalaýyk hukuklaryny we institusial esalaryny döretmekde sebitiň döwletlerine goldaw bermekdir.

 

ÝAT-na agza bolmak, Türkmenistanyň öňünde  FATF-yň işine işeňňir gatnaşmak we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmekde beýleki ýurtlar we halkara guramlary bilen hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açdy.

 

Türkmenistanyň Hökümeti 12-nji Plenar mejlisiniň  kabul eden POD/FT boýunça milli ulgamyň halkara standartlaryna, hususan-da FATF-yň 40+ 9 maslahatyna laýyklygyna  özara baha bermek baradaky kararyny goldady. 2010-njy ýylyň noýabrynda ÝAT-nyň baha beriji bilermenleriniň Türkmenistana sapary guraldy, aprel aýynda bolsa, Moskwa şäherinde baha beriji bilermenler bilen „ýüzbe-ýüz“ duşuşyk geçirildi. ÝAT-nyň bu 14-nji mejlisinde Türkmenistan boýunça özara  baha bermegiň hasabaty tassyklandy we onuň netijesi FATf-y- esasy teklipleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi hakynda aýtmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, bu mejlisde Türkmenistan boýunça öňe gidişiligiň bardygy hakynda hasabat tassyklandy we ol FATF-yň strategiki  tekliplerini ýerine ýetirmek baradaky reýtingiň ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi.Türkmenistan şeýle-de bu plenar mejlisde ÝAT baradaky ylalaşyga gol çekdi. Halkara hyzmatdaşlygy babatda mejlisiň barşynda Türkmenistanyň PFR-i bilen Rosinmonitoriň we Belarus respublikasynyň PFR-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi. Şeýle-de,  Türkmenistanyň PFR-i bilen Egmont toparynyň we Bütindünýä bankynyň arasynda işeňňir gatnaşyk bellenip geçildi. 2011-nji ýylyň iýunynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk bolmazdan, Türkmenistanyň PFR-i  Beýik Britaniýanyň, Lihşteýn knýazlygynyň, BAE, Hytaýyň we Serbiýanyň PFR-leri bilene ýakyn gatnapşygy ýola goýdy. Häzirki wagtda,  jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmekde halkara bilelişigini ösdürmek maksady bilen Türkmenistan  -Gyrgyzystan Respublikasy, Hytaý, Latwiýa we Täjigistan bilen  maglumatlary alşyp-berişmek hakyndaky ylalaşyklaryň taslamasynyň üstünde işleýär hem-de Şweýsariýa Konfedereasiýasynyň, Türküýäniň, Serbiýanyň we BAE PFR-leri bilen şeýle ylalaşyklary baglaşmak barada teklipleri iberdi.

 

Türkmenistan FATF-yň Plenar mejlislerine we işçi toparlaryň duşuşuklaryna işeňňir gatnaşýar. FATF-yň  we EAT-nyň  ýygnaklarynyň çäklerinde  şeýle-de, FATF-yň  we EAT-nyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirilýär we POD/FT-yň milli ulgamynyň halkara standartlaryna laýyk gelmegini kämilleşdirmek baradaky hereketlerine ýokary baha berildi, şeýle-de, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmekde kabul edilýän çäreleri güýçlendirmäge gönükdirilen işleri dowat etmegiň zerurlygy bellenip geçildi.

 

 

 

esasy